Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

15:40
Akwarium / hekaýa
AKWARIUM

El galdyryşlaryna pitiwa etmän, deňinden batly geçýän adamlarym ýaly ýolda galdym. Şolary almandygyma ökündirjek bolup ýagyş ýagýar. Üstesine şemally sowuk.
Paltoly bolsamam sowugy duýýan. Köçe imi-sala. Käwagt bir maşyn görünäýmese adamam geçenok. Arasynda uludan demimi alýan.( Bug çykanok. Içimiň sowugam daşaryça bar bolmaly) Ýagyş güýjedi. Elimiň hereketi ýygjamlaşdy. Saçym heniz öl bolmanka damjalaryň sowugyny duýýardym. Ezilemsoň her biri kellämçe bar ýaly bolup dur. Ýagyş- saçymyň sensoryna ters proporsional.
Edil üç günjük öňem ýagşyň ýagmagyny diläp otyrdym. Öýde bolan bolsam kakao içip, ýyljajyk ýerde däne-däne jümleleri kagyza ýagdyrardym. Damjasyny ýer togalagyna, halkalaryny planetalaryň ýoluna meňzedip, Rezerfordyň “Planetar modeli” bilen baglanyşdyrardym. Ýa bolmasa...
─ Agam, şäheremi?
─ Waleýkim, inim, ýör!
─ Salam üçin aýyplaşma, agam.
─ Köp durupsyň öýdýän? Paltoň-a zyňaýmaly bolupdyr.
─ Peji işleýäm-aý?
─ Hä, howwa.
Düşünjeli adam eken, sorag berenok (düşünjeliligini ýolda goýmanlygyna baglasam men düşünjesiz boljak).
Talyp wagtymyz mugallymymyz: “Ylmy dilde ýylylygyň kesgitlemesi ýok” diýipdi. Özem dosent. O wagt barymyz ýyly ýerde otyrdyk.
Ýolda galan, men sebäpli ýolundan galan adamlar göz öňümde janlanjak bolupdy. Meni tragiki sazlaryň içine salyp, puşman etdirjekdiler. Herne şofýor ýetişdi. Maşynyň başga yslar bilen garyşan benzintik ysam keýp berýär. Dogrud-a, nädip her öňýeten bilen ýoluňy dowam etjek?! Sözümi, edil şuwagt, oturan ýerimi suw-sil edip barşymam tassyklaýar.
Ýetginjekkäm bir ýere gitjek bolamda ejemiň : “Üşärsiň geý, ajygarsyň iýip git, yssy bolar ýukalt egniňdäkileri, gerek bolar alyp git ýanyňa 5-3 manat” diýen sözlerine ilkibadalar “munçada bir aýtmak bormy?!” diýsemem, soň beýle ýalňyşy gaýtalamadym. Hemmesi dogry çykýar. Palça ynanamok, ýöne ejeme ynanýan. Aý, onsoňam...
─ Beh, rezin ýanýan ýaly ys bamy, jigim?! Bu tüsse näm-aý?...
─ Gör, hany, agam.
Gyra geçip durduk.
─ Haý, do...ýin... Yzky diskasy ot bolupdur-a. Ussa diýip do... ýinlere... Eddil şu günjük kolotkasyny çalyşdyrdym-ow . Abat dakmadyk bolaýmasa, blät.
─ Bäh, indi nätmeli bor, agam?
─ Ussaň özüni çagyrmaly bor. Özüm oňaraýyn diýsem damkratam ýog-a, ejj..ýin. Sürsem diskasy gyzar, oňa-da suw barsa, ahyr doňar tigiri. Opasnyý.
─Bäh, şeý diýsene, agam...

​ ​ ​ ​ ​ ​ ​ ​ ​ ​ ​ ​ ​ ​ ​ ​ ​ ​ ​ ​ ​ ​ ​ ***
Degre-daşy dagynyk.
Ýigrenýän aýdymy düşýär ýadyna,
(asyl ýatdan çykanok) bulanýar ruhy.
Gaýtarsa hemme zat düzeljek weli...
Özünde däl, emr berýän özüne

Açylsa-da tikin tutmaz ýarasy,
Dillense-de serederler diline.
Agysy ýok!
Algysy ýok dünýeden,
Arzuwy bar: demi bolmak ýer şaryň.

Göreninden, görjeginden göwni hoş,
Deňdir oňa -- günler geçsin, geçmesin.
Şükürli ol “Şükürleriň” ýanynda,
Bir unutdy kime etjegni seždesin.

Şuny dagy kitaba salyp... Beýle goşgulary başyndan tutup ýere ýazmaly, ýagyş-gar ýuwar ýaly. Onsoň ýadyna düşer “kime sežde etjegi”.
Ýagyşyň guýaýşyny... Beýle ýagjagyny bilen bolsam üç gün öň azrak dilärdim. Ýöne şu kakaoň lezzeti başga, hasam, öýde penjiräň gabadynda.
Kelläňe üýtgeşik pikirler gelmänem duranok. Belki Rezerfordam “ Planetar modelini” damjalaryň ýasan halkasyna seredip tapandyr. Ýöne özüňde belli bir maksat bolmasa, damjalar ýaly pikirleriňem döwüm-döwüm bolýar. Nämede bolsa, ýagyş oý ýerleri doldurýar, a seň pikirleň...
Şeýle günde syýahata çykýaň. Saňa juda belli bolan ýerlere.”Ýyl kartaňy” açýaňda ondaky gyzyl bilen bellik edilen nokatlara ýola düşýäň ýa-da damjalar äkidýär.
Zähmet rugsadymyň ikinji gününi ýagyş bilen belledigim bolaýdy öýdýän. Lukman bolmadyk bolsam ýazyjy bolardym. Herne, lukman bolmakdan-a kyn däldir. Onda-da...
—Alo
—Alo, Kemal Ýagşyýewiç, salam, bu men newropotolog Ýolaman.
—Hää, Ýolaman Esenowiç, gowumy taplar, işleýäňizmi sag-aman?
— Hawa, ýagşy, bi neme... sizem rugsatda ekeniňiz-ow. Ýaňyrak bir hassa getirdiler. Ýolda, maşyn saklajak bolup, aşagyna düşäýipdir. Ýaşyrak oglan kellesine gowja zeper ýetipdir.
—Hä, onsoň?!
—Degişli görkezmeleri berip, operasiýa rugsat berdim weli, şony sen almasaň boljak däl, Kemal Ýagşyýewiç!
— Ahh, Ýolaman Esenowiç, hirurglar bar ahyry. Men...
—Kemal Ýagşyýewiç, bimaza edenimi bilýän. Sizem möhüm bolmasa jaň etmejegimi bilýäňiz-ä!
—Bilýän.
—Onda garaşýan gyssanaweriň.
Rugsat bolaýşyny ***ýin, kär bolaýşyny... Haýsy bir ýolda galan üçin rahatlygyňdan galmaly-da indi.

2.2019

© Gurbanmyrat MEREDOW
Bölümler: Hekaýalar | Görülen: 100 | Mowzugy paýlaşan: garagar | Teg: Gurbanmyrat Meredow | Рейтинг: 5.0/3
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 3
avatar
0
1 Küle • 19:44, 17.01.2024
2019da-da halapdym, ýene haladym.
avatar
0
2 Мango • 21:39, 17.01.2024
birinji bölegi ýagyşda galan, soňam maşynyň aşagyna düşen ýaş oglan barada dämi?
ikinji bölegem lukman kemal ýagşyýewiç barada dämi?
ýöne iki bölümdede Rezerfordyň “Planetar modeli” agzalyp geçilýär.
hekaýaň adam akwarium...
onnoda göwwördüm.
avatar
0
3 sussupessimist • 09:59, 18.01.2024
Rezerfordyň planetar modeli goşmaça pikirlenmäge iterjek bolýan gyzykly detal, iň bolmanda, wikipedia girip, nämedigini bilip galdym.

...Bütin dünýä akwarium. daş-töwerek suw. ulagyň içinde oturanlaram akwariuma giren ýaly. Penjiräň gabadynda kakao süzüp oturan Kemal Ýagşyýewiçem öz akwariumunyň içinde.
Birinji bölekdäki gahryman (oňa şahyr diýeli) ikinji bölekdäki (neýrohirurg?) ýaly ýagşa seredip, kakao içip, ýyljajyk ýerde däne-däne jümleleri kagyza ýagdyrmagyň arzuwynda. Megerem, çäreden-bir ýerden gaýdyp gelýändir :)
Ikinjidäki neýrohirurg bolsa, goşgy okap (belki ýaňky şahyryň ýazany), şeýle gün gezelenje çykmagy arzuw edip otyr...
Ikisem ýagşyň damjalarynyň urlup, pytrap gidişine seredip, Rezerfordyň planetar modeli hakda oýlanýar. Ikisem bahym gospitalda duşuşmaly, ýöne ikisem bir-biriniň bu pikirlerinden bihabar galar. Sebäbi her kimem öz akwariumynyň suwunda ýüzüp ýör...
avatar

Старая форма входа
Total users: 202