02:11 Hat | |
HAT “Salam, dostum, ýagdaýlaryň nähili, Ejeň, kakaň, maşgalaňyz gowumy? Şowhun bilen sowduňyzmy, sag-aman, Aradaky iniňiziň toýuny? Aý, meniňkem näsaglaryň haly-da, Bir görseň-ä gowy, bir görseň erbet, Men-ä, walla, dermandanam ýadadym. (Şoňa baglydygmam çekdirýär ezýet) Aramyzyň uzaklygna garaman, Gaýta-gaýta gelýäň bilmäge halym... Men bolsa diýipdim, birmahal saňa: “Men sensizem öz başymy çararyn!” “Unut geçenleri men-ä unutdym!” Diýseňem geçmişi undup bilmedim, Ah, dostum, bir pursat lezzet berse-de, Sütem berýär halym sorap gelmegiň... Geleňde, bir pursat giňeýär dünýäm, Gubarly ýüregim barkaň gysanok. Ýöne saňa edenlerimden ýaňa, “Sag bol!” diýmäge-de bognum ysanok. Eden dönükligmi bagyşlap bilmän, Näletden gursagym baglady gemre Maňa düşünýänsiň, (öňem düşerdiň...) Haýyş edýän, dostum, yzymdan gelme!” Şeý diýdi-de, sojap-sojap dem aldy, Gözýaşlary çykdy dertleň kastyna, Soňam hassa ýüzün berip aglady Keselhanaň ysy siňen ýassyga. © Gurbanmyrat MEREDOW | |
|
Ähli teswirler: 4 | |
| |