14:11 Düýş | |
Men saňa şulary aýdaýyn, gowsy, Ertiriň özünde öljek ýaly men. Şunda pidakärlik görmedim, ýogsa, Birmahal bererdim saňa jany men. Sussumdan başga-da pes ýerlerim kän. Ýene-de "ýok!" – diýip, üstüni örtme. Özümi öňüňde bergili duýýan, Ýöne borjum üçin söýýändir öýtme. Laýyk bolmak üçin edýänlerimiň, Ondan biri ýerne gowuşsa kaýyl. Ýazykly bolmaga öwrenşipdirin, Bagyşla diýmäge hemişe taýyn. Ýylgyrşyňdan agramymy ölçeýän, Beý diýsem özüňe guwanyp ýörme. Haýyşym, "barybir duýanok" – diýip, Hatam ýarag edip ulanyp ýörme! © Gurbanmyrat MEREDOW | |
|
Ähli teswirler: 0 | |