Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

01:24
Mugallym

MUGALLYM

Baýramçylyk. Bazar güni. Mähelle.
Söwda gyzýar hem gyzdyrýar howany;
A meň bolsa, sende gözüm eglendi —
Geçip barýaň, bolup ýyllaň dowamy.

Ençe ýyly şeýdip ýöräp geçirdiň —
Sorasam, ädimin aýdarsyň ýollaň.
Çagakam bolşuňa galsam-da haýran,​
Indi hereketleň adaty, mollum!​

Gürlemän ýörüşiň üýtgeşiklik däl,​
Jöwzada paltoly, sowukda çyplaň
Gezip ýörşüň...
Bitaý geýýän şypbygyň,​
Gözgyny däl uly bolýan galoşyň...

Pul çöpläp baryşyň hiç bir adamyň
Ünjä ýer galmadyk kalbyn dilenok.
Ýok,​ sen sazanda däl,​
Ýalňyzam däl sen
(Ýalňyzlygyň nämedigni bileňok).

Sen gussanyň nämedigni bileňok,​
Duýmaýan zatlaryň ezýet bermeýär.
Durmuş senden gyrkyp aýranlaryny
Başgalaryň ykbalyna ýelmeýär.

Kesip barýaň adamlaryň ýoluny,​
Sebäp kän bolsa-da, egeňok başyň.
Geçip barýaň aýdym-sazyň içinden
Teňňä çalşyp adamlaryň durmuşyn.

Gurbanmyrat MEREDOW
Bölümler: Goşgular | Görülen: 110 | Mowzugy paýlaşan: Awtor | Teg: Gurbanmyrat Meredow | Рейтинг: 4.0/2
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 7
avatar
0
1 Kyyas • 07:16, 18.12.2023
Teññä çalşyp adamlaryñ durmuşyn, hamana adamlara durmuş satýan ýaly, üstesine-de bazarda gören soñ.
(Adamlara ylym bilim berýar, olam ujypsyz aýlyk däl. Şu wagt mugallymlar gowy alýa. Adamlara durmuş berip bilenok)
avatar
0
2 Анонимно • 07:44, 18.12.2023
Belki ol diplomly mugallym däldir? Bilimi berýän däl-de, göreldesi bilen sapak berýän mugallymdyr? Onuň klasy — köçeler, bazar, ýanýodalar, duralgalar. Onuň okuw predmeti — özi. Ol muny şeýdeýin diýibem edenok. Ýöne bolup ýörşi — düşünene sapak. Bu sapagyna durmuş mekdebiniň diňe ökde okuwçylary düşünip bilýär.
Bolup bilmezmi?
avatar
0
3 Kyyas • 08:21, 18.12.2023
Durmuş mekdebiniñ ökde okywçylary :)) jedel edesim gelenok. Durmuşda ýaşaýşy gowy gurply adamlar ökde bolýar. Ol adamlaryñ 90% halal gazançdan uzakda, beýlegörnüşli adamlary goşgudaky ýaly geñ görenoklar, käwag ýürek bulanjy señrigini ýygyrýar. Kömek edýär. Olam göz üçin. Elbetde goşgyny täzeden okamaga mejbur boldum. Ilki adyndan bir güzeranyny zordan görýän sada geýnüwli pukara mugallym janlandy.
Teswirden soñ okanymda bolsa, sal sal öýsüz öwzarsyz adam gözöñüme geldi.
Ýalñyş pikir däl.
avatar
1
4 Awtor • 13:17, 18.12.2023
Edebiýatçylaram özboluşly döredijilik adamlary. Olar eserleri analiz edip, awtoryň hatda kellesine-de gelmedik zatlary orta çykaryp bilýär diýýärdi Aman Şyhnepesow. Şu goşgyny okamda, her gezek şol ýadyma düşýär.
Bärde awtoryň nämäni göz öňünde tutanlygam gyzykly welin, okyjylaryň görýän zatlary has gyzykly.
avatar
0
5 Kyyas • 16:12, 18.12.2023
Hakyky, her kim bir garaýyş, üstesine awtor üçin dürli idealary hödür edilen ýaly...
avatar
0
6 Arzuw_Umydow • 17:20, 18.12.2023
"Durmuş senden gyrkyp aýranlaryny
Başgalaryň ykbalyna ýelmeýär" şu setiri goşgynyñ drožasy ýaly bolupdyr.
avatar
0
7 Arzuw_Umydow • 17:22, 18.12.2023
Eger şeýle bolsa goşgynyñ adyny başga bir at bilen çalyşsa gowy boljak ýaly
avatar

Старая форма входа
Total users: 202