06:58 Uýamyň maňa ugratmadyk haty | |
Körpesidiň, läligidiň maşgalaň, Doglan günüm gül bererdiň gülgüne. Şu wagtam gapydan elleriň gülli “Uýam” diýip girjek ýaly göwnüme. Aramyza düşen kinäň düwüni Barýar ýyllar bilen ulalyp barha. Ýykdy, eziz dogan, diri aýralyk Entek söýenmäge mejalym barka. Geň görmerin, diýse bizi görenler: “Bir eneden dogmadyk deý, hamala” Aýlanyp geçenden duşmazlyk üçin, Iň bolmanda, geläýmel-ä salama! Ejem janyň ysy siňen tamyna Arzuwa öwrüldi aýak sekmegem. Ölenleň yzasam ýetik ahyry, Haýry näme munça hasrat çekmegiň?! Körpesidiň, läligidiň maşgalaň, Doglan günüm gül bererdiň gülgüne. Häzirem gapydan elleriň gülli, “Uýam” diýip girjek ýaly göwnüme. ©Gurbanmyrat MEREDOW | |
|
Ähli teswirler: 8 | |
| |