21:27 «Senden soňra şeýle bir kän ýalňyşdym...» | |
«SENDEN SOŇRA ŞEÝLE BIR KÄN ÝALŇYŞDYM...» Senden soňra şeýle bir kän ýalňyşdym, Käbirini düzetjegem bolmadym... Ýöredim belli bir menzili tutman, Seýilgähde çaga bilen oýnadym. Sen barkaňam, senden öňem ýekedim, Goşuljak bolsaňam bilmändim goşup, Bilmedim, nämäni azaldyp gitdiň? Özüm özi bilen bilenok oňşup. *** Belki-de, bir zatlar goýansyň diýip, Dörüp çykdym otagymyň içini. Sowady seň bilen içilmedik çaý, Gyzyl dörjük edip ähli geçeni. Seň bilen tapanym sende galypdyr, Meň ýanymda bolsa eden gözlegmiz. Bizi ýitgilere taýýar edipdir, Bir ýoldakak bir-birege dözmegmiz. *** Senden soňra şeýle bir kän ýalňyşdym, Dostum gülki boldy, duşmanym aýna. Köpçülik ýerinde kitap küýsedim, Kitaply günlerim ýekeje adam. Ýoklugyň pajyga boýun almasam-da, Hem şol meni ýaşaýyşdan üzmeýän. Töwerek ýas ýeri, Barlyk manysyz Ýöne gidişiňden many gözleýän. © Gurbanmyrat MEREDOW | |
|
Ähli teswirler: 1 | |
| |