Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

10:17
Alma iýip otyryn...
ALMA IÝIP OTYRYN..

Agşamara penjiräniň öňünde
Alma iýip otyryn, ýok asla kemim.
«Men – kim?» diýen bolýan özüm-özüme,
Men – alma iýip oturan bir gelin!

Joşup ösýär kalp dagynyň ýelleri,
Akyl-aňym sygman barýar serime.
Pyşyrdaýar badyhowaň dilleri:
«Nämüçin başga däl seniň ýeriňe?»

Gözlerimi süzüşimiň taýy ýok,
Gaşymam täp-täsin çytyp bilýärin.
(Bu bir pursat,  geçer gider, aýby ýok,
Men öz bedenimden çykyp bilýärin).

Ýöne häzir hiç kim maňa söz diýmän,
Iň esasam, salmasady salany.
...Sen girdiň gapydan,
gözüňde – «söýýän»,
Diliň bilen berip süýji  salamy.

Ýerlikli söz gatdyň, jogap islediň.
Men dymdym,
dymmagmy görseň-de agyr.
Ah, sen onuň sebäbini bilsediň,
Näçe gerek bolsa ederdiň sabyr.

Dilim «diýsem-diýsem» diýýär, diýemok,
Diýsem, diýen sözüm telek bolaýjak.
Wah, men  başgaça-da bolup bilemok.
Tüýs, zenan men, tüýs, zenan men, ylaýjak.

Hyruç alyp, meň bujagaz bolşumdan.
Şelaýynlyk içde atyp dur owsun.
Ahyry almany iýip boldum-da,
Penjiräň öňünden ýüzümi sowdum.

Bir sözümden tändi köňül ýapragy,
Gaharyň mähirden, gör, daşlygyny?!
Bakýaň: «Muňa näme jogap tapmaly?»
Aňşyraňok dünýäň ýaz-gyşlygyny.
...Ezizim, men alma iýdim ýap-ýaňy,
Gaýtalap , How enäň owalda-soňda
Bagyşlap bolmajak ýalňyşlygyny...

© Aýgül BAÝADOWA.
Bölümler: Goşgular | Görülen: 125 | Mowzugy paýlaşan: Aygul | Teg: Aýgül Garaýewa | Рейтинг: 5.0/6
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 9
avatar
1
1 Medicall • 14:06, 06.12.2022
How Enemiziñ edenni gaýtalaman bilmeris, çünki biz onuñ wepaly gyz çagalary ahyryn, olaram baýam bir diñlãrler-a bizi, näme olaryñ Adam Atadan nämesi üýtgeşikmiş diñlemezçe (diýip zenanlar bolup özümizñkiñ añryýany bilen dogrydygyny tassykladyk )) ))
avatar
0
2 Pero • 14:43, 06.12.2022
smile
avatar
1
3 Pero • 14:58, 06.12.2022
Özüñe adaja buýsanç duýgusy,garagollyk etmekden lezzet almak: Joşup ösýär kalp dagynyň ýelleri,
Akyl-aňym sygman barýar serime.
Pyşyrdaýar badyhowaň dilleri:
«Nämüçin başga däl seniň ýeriňe?»

Gözlerimi süzüşimiň taýy ýok,
Gaşymam täp-täsin çytyp bilýärin.
(Bu bir pursat, geçer gider, aýby ýok,
Men öz bedenimden çykyp bilýärin).
avatar
-1
4 Pero • 15:05, 06.12.2022
Özem ýokarky aýdanlarym,ýagny buýsanç,garagollyk edesi gelmek duýgysy bular garaşmadyk adamyñdan göwniñ galmakdan gelip çykýandyr dp pikir edýän:"Ýerlikli söz gatdyň, jogap islediň.
Men dymdym,
dymmagmy görseň-de agyr.
Ah, sen onuň sebäbini bilsediň,
Näçe gerek bolsa ederdiň sabyr.

Dilim «diýsem-diýsem» diýýär, diýemok,
Diýsem, diýen sözüm telek bolaýjak.
Wah, men başgaça-da bolup bilemok.
Tüýs, zenan men, tüýs, zenan men, ylaýjak
avatar
0
5 Aygul • 15:18, 06.12.2022
Pero,ýalňyşaýşyňy wink
avatar
0
6 Pero • 15:34, 06.12.2022
Bolup biler Aýgül,teswiri Agaýunus ýaly dyrnagyma seredip ýazmadym. smile :) Ýöne bir mende oýaran duýga göra ýazdym
avatar
0
7 Мango • 12:44, 07.12.2022
Alma.
dişlenen, dadylan, iýilen alma.
ol alma - diýenetmezligiň, ýalňyşlygyň (günä diýip bolmaz), bilesigelijiligiň… garaz garagollygyň, özbaşdak eden-etdiligiň… simwoly ýaly.
Aýgül Baýadowa (Garaýewa) hanymyň gahrymanynyň almaň üstünden bir zatlar diýişi garagoldan-gyzykly…
berekella.
avatar
0
8 Kyyas • 22:31, 08.12.2022
Täsin, pikirlendiriji, berekella
avatar
2
9 Балканов • 15:25, 22.04.2023
Zenanlaryň syrly ruhy dünýåsiniň kitabyna men diýen psihologlaram o diýen düşünip baranok. Şahyryň gişgysynda türkmen zenanlarynyň "gyz ädimi--bir daban", "gyz gülküsi--ýedi ädim" aýtgylary duýulýar. Bu goşga kim teswir ýazsa-da krosswordy doly çözüp bilmezmikä öýdýän. Örän geň we gyzykly goşgy. Minnetdar.
avatar

Старая форма входа
Total users: 203