02:01 Watan | |
WATAN Çatryk, sägindim. Ýeketäk toprak, Aladasam ýetik. Ýuwdunýan käte. Başymyň çäresi azajyk köpräk, Gözlem açyk ýaly. Hemem ýüregim -den tapmankam men bir alaç derde, Mydam gapdalymda ýüzüme bakyp, Hem sen, eý, Watanym, syrly günlerde, Daglaňy synlatdyň, uzak derýaňy. Başga-başga ýurda gulak gabardyp, aňymda aýlamda, göýä, sen ýaly näbileýin, mähir berer öýdýärdim. Daglaryň ardynda ýatan belent dag -lar kimin, çöller kimin giňedim. Doguldym, öldüm soň, ýene ýaşadym. Seni sessiz gijelerde diňledim, Eýsem, Watan saňa düşündimmikäm? Ýadawlyk, argynlyk, güýç berdi maňa Dogumly ýöredim, seretdim mäkäm Ýaşyl baýyrlarda gyzyl gülälek örtse bir gün asman kimin ýüzümi, aýaman geçerin özüm serimden. Senden alanlarym köp boldumy ýa, saňa berenlerimden? 2014 © Seýran OTUZOW | |
|
Ähli teswirler: 1 | |
| |