10:07 ... we | |
...WE I Beýleki adamlaryň arasynda Beýleki adamlaryň arasynda Biz ikimiz ýaşardyk. Nähili ýaşamalam bolsa. Günleriň gamçysyndan bal damardy, Lenji çykmazdy sagatlaryň, Duýgularymyzy rendelärdik. Çala ýaşalan günler üçin Çatmamyzy berk dikerdik. Sübse etmegem gerekmezdi saçyňy Eliňem kesewi däl, öz eliň. Bäşi kakyp begenişerdik käteler. Ýüpek bolmasa-da geýýänimiz, Ýag iýmesek-de, Elimizi uzadardyk ýetýän ýerine. Gözlerimizden şypa tapyşardyk. Saýa salardy ynsabymyz. Biz ýene-de ýaşardyk. Näme etsegem, ekenimizi orup, Ekilmedik ýerde gögermezdik. Perwana bolmaly bolsak Biz biri-birimize ýeterdik. Käte gyýa garasaň-da Biz bile ýaşardyk. Beýleki adamlaryň arasynda. II Biz biri-birimizi görüp bilýärkäk Ýagyş ýagar ikimiziň üstüne Begeneris, iki ýana ylgarys Sen maňa seredip Ýylgyrarsyň Hiňlenersiň ýüregimi eredip Biz biri-birimizi görüp bilýärkäk Başgalary görmesegem oňarys Başyňa täç ýasaryn Ezizläp ýygan güllerimden Kebelekler soň perwana bolar. Sen ýekesiň, biz ýeke. Gereksiz ýere Duýgularymyzy sarp etmeris. Ol doňar. Ýylgyrasymyz gelse agtarmarys bahana Ýüzümize bakyşmak barka. Kemçilik gözlejegem bolmarys Biz birek-biregiň üstüni dolýas Bir ugurdan gopmak Derkaram bolmaz. Bolşumyzam birmeňzeş, Görnüşimizem. Ýaşarys öz günümizi Özümiz döredip. Soň sen ýylgyrarsyň çynyň bilen Maňa seredip. III Ellenmedik asman Saňa ellenmedik asman sowgat ederin Ýyldyzlaryny ikimiz ýasarys Güneşi seniň gözleriň bolar Aýy-da alnyňdaky hal Saçlaryň bir giden çar bag Ýylgyran wagtyň ýagyş ýagar gözleriňden Duýgularyň ýyladar Sözleriň älemgoşar deý, öwüşgin saçar Saňa ellenmedik günlerimi bererin Ellenmedik ömrümi Beze ony özüň bilen Her demimi, her kemimi... Ynha, ellenmedik kagyz Gel bile ikimiziň kitabymyzy ýazaly Biz bir ýerden başlamaly ahyry Iň gowusy ýüregiňden başlaly Biz ýazmaly, ýazylsyn Diňe ýaşaly Ellenmedik şol asmanyň astynda. IV Sözleriň ýetmeýän halaty şol ýyl sen bardyň, käte gürleşmän düşünişerdik. sözleriň ýetmeýän halaty bolardy, goşgudakylar kimin. bile ýöremek bardy saralan agaçlaryň astyndan. bakyşlaryň bardy ogryn-ogryn, seniň bilmeýän ýakyşlaryň bardy. elimizde kitapdan doly goşumyz bardy, barşymyzam kitapdy. ylhamyň penjirämi kakyşy bardy, kirpikleriňden damjalar syrygardy. sebäbi şol ýyl sen bardyň ýanymda, käte gürleşmän düşünişerdik. sözleriň ýetmeýän halaty bolardy goşgudakylar kimin. bileje gyşa garaşmagymyz bardy. sary ýagyşlar begendirerdi bizi. ähli galmagalyň arasyndan eşidilýän seniň sesiň bardy. adymy aýdyşyň bardy aýdym kimin, peýkamdan çykan ok kimin ýüregimi tämizleýän aýdylmadyk sözleriňde men bardym. seniň ýylgyrşyň bardy. güýzüň sözleri bardy biziň üçin olaryň ýetmeýän halaty bolardy. goşgudakylar kimin, şol ýyl sen bardyň. bir gyz bardy edep bilen seredýän ýüregiň buzuny eredýän göz bardy saralan ýatlamalaryň üstünden barýan biz bardyk. ýoluň soňy gyş bolsa-da, kalbymyzda ýaz bardy. ýatlama ýazýardyk. dünýäniň gussasyn bir ýana goýup, soň ýatlap süýji gussa batmak üçin, datmak üçin dünýäniň durmuşyny, goşgudakylar kimin şol ýyl sen bardyň ýanymda. sözleriň gerekmeýän halaty bolardy. adama näme ýetmeýär, ýoldaşdan başga, dertden başga. diýen etmeýär ýürek. howanyň duýga bürenen pursatlarynda gürsüldeşýän göwünler bardy hemem şol ýylyň soňky sahypalarynda sen bardyň goşgudakylar kimin sözleriň ýetmeýän halaty bolardy köplenç. şonuň üçin käte gürleşmän düşünişerdik. şol ýyl sen bardyň... 2015 © Seýran OTUZOW | |
|
Ähli teswirler: 7 | |
| |