16:04 Seýran barada aýdylanlar... | |
Şu gün zehinli şahyr, ussat ýazyjy Seýran Otuzowyñ doglan güni. (ekeni, indi öwrenip, bilip ýörün) SEÝRAN BARADA AÝDYLANLAR: © Aygùl Garayewa: - Seyran gowy şahyr hem yazyjydygynyñ üstesine üytgeşik Adam. © Maksat Bäşimow: Seýran Otuzow diýlende – başga hiç kimiňkä meňzemeýän täsin eserler göz öňüne gelýär. Düýbünden başga formatdaky zatlar. Onsoň «kompýuteriň» şol formaty «okamaýan» bolsa, etjek alajyň ýok. Sebäbi sen edebiýat diýip, öz içiňde belli bir çäk çekip, şol ýerde nahal ekip, galan ýerlerini sementläpsiň, indi ol ýerde başga ekin gögermeýär, «öňki ekenlerim ýeterlik» diýersiňem welin, olaram belli bir ösen ýerjagazyndan kän bir giň ýaýrap gidibermez. Ýöne şo zerarly okyjy nähili täsin zatlardan mahrum bolýanyny özem bilmez. Aslynda, Seýranda bir-ä allýuziýalar, salgylanmalar kän – Kurana, dünýäde bolýan zatlara, daş-töweregimize, edebiýatymyza... birgiden zatlary içinden geçirip, eserlerinde ulanýar. Kä zatlar hemme kişä-de syr bolup galar, kä zatlary biz günde-günaşa synlap ýörüs («Kappuçino», «Kesi», «Odunçy artist»), käsi – elýetmez ýaly görünýän arzuw («Bonjour», «Melewşe», «Konsert»), ýöne barysam – güýçli emosiýalaryň önümi. Şonuň üçin olary gurak rasionallyk bilen düşünjek bolup okamagyň özi eýýäm ýalňyşlyk. Esasan, duýmaga synanyşmaly. Sebäbi onuň özem bütin dünýäň jebrine biparh gezip bilmän, şol duýgularyň içinde ýaşap, şol derdi içinden geçirip ýören adam. Senem duýanyňdan soň, düşünibem başlarsyň, o zatlary başgaça aýdybam bolmaýandygyna göz ýetirersiň. Seýran «şäher» diýip, aslynda özi hakda («Dokmakiýaž» hekaýasy, «Sowukganly bu şäher...» diýip başlaýan goşgusy) gürrüň berip, içini döküp oturanyna düşünersiň. Düşünmeseňem hiç, bu zatlaryň baryny suratlandyrmak üçin ýüzlenilýän abstrakt şahyrana metaforalaryň (seýranizmleriň) özem üýtgeşik bir sýurreal suraty synlap duran ýaly täsir galdyrýar. Uzak ýaşa, dostum! Niýet edýäň hemme işleriňde üstünlik hemraň bolsun! Bizem täze geň-taň eserleriň bilen begendirip ýörmegi unutma. © Mango Seýranyň özi bilen ýüzbe-ýüz görüşip tanyşmasagam eserleri bilen özüni tanatdy. Ol özüniň tapawutly dünýäsinden goşgulary, hekaýalary bilen sesini eşitdirip, diňletdirip bilýär. Ýazyş stili, geň meňzetmeleri, ajy kofesi, sanly familiýasy, owadan ady bilen özüne çekýär. Aradaky duşuşykdan suratlary synlap, ol geýnişi bilenem ünsüňi çekýär diýip bolýar. Türk dilindäki goşgulary bilenem ünsüňi çekýär. Pikirimçe olar ilkibaşda türkçe ýazylandyr. Belkide öz terjimesidir... Umuman, Seýran bilen seýil etmek gyzykly... Jany sag bolsun, eserleri bilen bizi doýuryp dursun. © Agageldi Italmazow: "Içki dünyäsi babatda-da, döredijilik babatda-da özboluşly uniwersitetden şahyra mundan beyläk hem hayyrly yyllary arzuw edyärin! -- Sizi Çuňňur hormatlamak bilen, Agageldi Italmazow" © Mätgurban Mätgurbanow: - Seyran Otuz diyilse, başga hiç kime menzemeyän şahyr göz önüme gelyär. Onun goşgulary adaty köpçülige niyetlenmedik, şonuň üçin olara diňe söze hakyky gadyr goýýan, örän az sanly adamlar düşünyär. Seyran aga doglan gününde şeyle az sanly okyjylarynyň hatarynyň artmagyny arzuw edyän. Siziň goşgularynyza düsünyän artdygyÇa, tutyş jemgyyetimize-de peydaly bolar. © Begenç Annayew: - Şahyr goşgulary bilen ebedi yaşayar. Seyran Otuza şeylekin ebediligi arzuw edyärin! © Baky Amanyazow 30-da yaşayar, yaşy 30-yň iÇinde, 30-dan gowrak gowy eseriň awtory, nomeram 30-lyk bilen baslayar. Ol Seyran 30. Men hem 30 yaşymda yaşyna iki gezek 30 yas gosulmagyny arzuw edyän! Eserleriñize-de ahyr bir gün düşünerin diyip umyt edyän...)) © Ayjahan Annabayewa: ç - Seyran aganyň özboluşly döredijilik dünyäsi bolup, bu ayratynlyk onuň sözlem gurluşynda has-da aydyň duýulyar. Men onun "Gözlerim gürleyär" gosgular toplumyny uly gyzyklanma bilen okadym. Bu ayratynlyk onun hekayalarynda hem mesana bildiryär. "KapuÇina", "Kakam meni gowy göryärmi?" diyen hekayalaryn mazmuny häzirem yadymda. Seyran Otuzowyn döredijiligi Çunlugy, mazmun taydan baylygy bilen tapawutlanyar. Onun sol toplumyndaky gosgulary gaytalap okalmaly gosgularyn hataryndadyr. © Gurbanmyrat Meredow: - Uzak yasa, Seyran aga! Döredijilik ýolunda, durmuşda üstünlik arzuw edyän! © Guwanç Saparow Begendiryän yeri ol hiç kime meñzemeyär.Goşgularynyñ aşagynda goly bolmayanda-da bu Seyran Otuz diydirip bilyän sahyr. Döredijilik adamsy üÇin mundan añyrda söz yok bolsa gerek.Bu onuñ döredijilik ugrunyñ anyk salgysy diyip oylanyaryn. © Nurdan: - Seýranyñ eserleri özboluşly bir dünýä. Beýle diýmegimiñ sebäbi bar: Seýranyñ hekaýalaryny, goşgularyny okamda başga bir dünýa düşýan. Geñ dünýa. Köp zadyna pikirimi ýazmagy dogrusy başaramogam, ýõne Seýranyñ hekaýalarynda, goşgularynda düşündirip bilmesemem, hyýaly ýaly görünse-de, aslynda bolaýmaly bir zatlary görýan. Golaýda "Ganalgasyny" okadym Seýranyñ. Işe baramda äýnegimi aýrýan-da, gaýdamda dakynýan. Öýde ýene aýyrýan. Sebäbi daşary çykamda zyýanlardan goraýan gözümi. Ganalgany okamdan soñ şeýle netijä geldim: "nämüçin işde dakynmaga äýnegim bolmaly däl meñ. Kompyutere, hassalara seredemde äýneksiz seretmek dogry däl. Öýde kompyuterden, tel-dan Edebiyat Kafesine gelýanlere seredemde äýnekde seretsem öñkidenem gowy görerin olañ ýüzüni." Meñem içimde aýtmadyk, ýazmadyk sözlem ganaýar. Ýogsa-da, Seýran niredeka şu wagt hää?! Ýa şekersiz kappuçino owurtlayan gyzyñ seýkin basyp gelişine penjireden seredip otyrmyka? Ýa-da Aýnäzigi Pariže, Rue de l'Inconnu ugrundaky Aucun jaýyna äkitdimika?! Hekaýalary ýatlasam meñem Seýran bolasym gelýär. Ýok, Seýran bolasym gelenok-da, Seýran ýaly ýazasym geliberýär. Onuñ eserlerinde aýdara zat örän köp. ýöne eserlerine okañda düşünmek üçin ilki duýmaly, awtoryñ ýerinde goýmaly özüñi, soñ düşünmeli... Umuman men Seýrana haýran! Kiçijik Edebiýat Kafemiziñ adyndan Doglan günüñiz bilen gutlaýarys, janyñyz sag, ömrüñiz uzak, bagtyýar ýaşañ, SEÝRAN! 28.04.2024 ý çuññur hormatlamak bilen: © EDEBIÝAT KAFESI | |
|
Ähli teswirler: 13 | |
| |