Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

00:45
Şemally öýüm

ŞEMALLY ÖÝÜM

Meň üçin şemal bilen örtüler öýler
Şol bir adamyň adyny agzar
Howlularda agaçlar çawuş çakyşar
Her kim taýyn ertir üçin
Nägile bakýan ýyldyzlara ýylgyrýan
Saňa okajak goşgym kagyzda eplenen
Barybir göni okdurylar ýüregiňe
Köçelerde seni idän didelerim
Gyşyň astynda galan garlardan aşyp
Ýagtylyga dolan öýden tapardy
Eý şahyr, adamlar seň bilen söýerdi
Şemala bürenen daglar hem
Tolkuny ýaşadýan deňizler hem
Goşgymyň duýgularynda sen
Ýüregimiň ösüntgisi we köki
We daragty we söýesi

Bir dünýä sygmarys biziñ ikimiz..

Ukusyz gözleňden akan damjadym
Ýeke tans oýnaýan ýeldim köňlüňde
Ýüpekden örüldi ýaňadan çydam
Batmadym demir deý çuňňur kölüňde

Öýkelek demiňden tapdym ýaşaýyş
Sesiň kenarynda düşlän sowal men.
Seň bilen öwüsýän; ne gar, ne ýagyş
Diňe kalbyňdaky ýeke howaň men.

Uzak bakyşlaňda nemlenýän ötünç
Dideleň ýumulsa kirpikleň sesi.
Ganatsyz höwese täze başlangyç
Düýnümiň ruhunyň täze ertesi.

Gel bile ýazaly aýdymlary biz
Guraksy duýgyny öwürip yşga.
Bir dünýä sygmarys biziň ikimiz
Bir kalba sygýarkak, gerekmez başga.

* * *

Köprüler typýar aýagymyň astynda
Şäheriňe akýan derýadym çasly
Gözbaşymy gözleýän ýörän ýodaňda
Çalygan köňlümiz çygjaryp öwser
Ýapyşýardym gol uzadýan şahadan
Şäher agaçlary tanaýar meni
Ýelkeni ýatladýan kalbym bilen
Şäheriň damar deý köçelerinde
Gan kimin akýardym jan berýän ýaly
Ýakynlaşýan bir ýere, mähirli ýere
Salgy berýär maňa binalar, guşlar
Ýetip barýardym, ynhady, gelipdim
Tolkunlarym ulaşan deý ýürege
Şäheriň kalbyna gowşan deý derýa

"TÖWEREK ASUDA"

Töwerek asuda
Taýyndy zemin
Ot ýanýardy suwda
Agyr terezim
Götererden ejiz ýekäniň çaňyn
Ejir ýeňil, hezillikler agdykdy
Hemlesi ýumşakdy, galkany demir
Duýgymyň töründe ýyldyrym çakdy
Saklan indi gaharymyň özeni
Özgäniň däl, meniň ruhumy gemir

Bedenim ebedi, ruhum ezeli
Ýekelik jan berýär guran göwnüme
Adamlardan gyra süýşen bakyşlam
Köpçülik içinde özün agtarýar
Nähili süýji bu ýekäň tozgasy
Duýgyň pikirlerden juda ozmasy
Töwerek asuda
Ümsümdi zemin
Iň kyny ýüregiň ganap ýazmasy

© Seýran OTUZOW
Bölümler: Goşgular | Görülen: 65 | Mowzugy paýlaşan: Medicall | Teg: Seýran Otuzow | Рейтинг: 5.0/2
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 2
avatar
0
1 Medicall • 00:52, 29.08.2024
Atlaryny bilmedim bu goşgularyñ, diñe birinji goşgy atly eken, ýazylmandyr alan ýerimde başgalaryñky, ýyllaram ýazylmandyr hijisiniñ. Seýran, özüñizde bar bolsa (ýa ýadyñyza düşse) ýazaý teswir ýere
avatar
0
2 Мango • 10:58, 29.08.2024
men-ä düşünemýogeý şü 30-a.
seýredip ýören öz dünýesi bar.
şü soňky goşgusyndaky ýekelik bir hili keýp berjek boldy.

Nähili süýji bu ýekäň tozgasy
Duýgyň pikirlerden juda ozmasy
Töwerek asuda
Ümsümdi zemin
Iň kyny ýüregiň ganap ýazmasy

ýüregi ganadyp ýazylýan ýeri ýadyma düşürdi şuny:

Durmuşyň bagryndan
Gara gan bolup gopan sözler bilen
Dörär şygyr
...
dowamy üçüp bas "ŞYGYRYŇ ÜÇ DÜZGÜNI"
avatar

Старая форма входа
Total users: 203