Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

19:50
Bagtymyñ badalgasy
BAGTYMYŇ BADALGASY

Bir ullakan şäher örän gadymy,
kyrk dört derwezeli galasy bilen
hersinde bir metjit ymam-hadymly
on müň namazhonuň senasy bilen
baş derwezäň ýanyndaky metjitde
kyrk müň dindar dileg-doga edipdir.

Ähli zadyn öwüp bolmaz hetjikläp,
ylymda kän ösüş – sogap edipdir.

Ibn Sinaň, Al-Horezmiň, Gazaly:ň
Kubraň, Zamahşaryň, Najib şanyndan...
ýedi yklymda gollanmadyr ýazany
hersi parlak ýyldyz giň Asmanymda.

Gerçek Göroglynyň ýanbermez ruhy
Aýdyň piriň nazarynda berkedi.
Aram-aram pessaýlaýan howalam,
sen hakynda ýazanymda berkedi,

sorag belgisine dönen hyýalym
boldy minara deý dim dik alamat.
Nalaç babaň, Edhem piriň diýary,
Sen amanmyň – diýmek, menem salamat.

Mertlik nury çaýylypdyr zamana.
Jelaleddin, Ýusup, Ahmet, Bozoglan,
häzir olar erteki deý hamala,
ýogsam, bular taryh içre ýazyglam.
Ýok, ýok,
bu meň diýdigim däl ýalandyr,
ýaýdanýan gürrüňe çyna berimsiz.
Çyn bolandyr.
Ol, elbetde, bolandyr,
heňňamlara seýle çykyp görüň siz.

Şonuň üçin girişeýin gürrüňe
bozguja çalymdaş ýyllar hakynda.
Günleriň içinde diňe bir güne
däl-de, tanap ugran günlem hakynda.
Adamlaryň özem üýtgäp barýa-la,
ösdürmek maksady bilen durmuşy.
Kän wagtam bolupdyr öýdýän barmanma,
döwrebaplaşanmyş jaýlaň gurluşy,

meniň üçin üýtgemändir,
ol takyk.
Hakydamyň letdelerniň süýşmegi
kyn bolsa-da,
arasyndan ýol tapyp,
subut etdi ony maňa düýşlerim.

Altyn sen, ýakut sen, zümerret, dür, genç
bibaham sen.
Men özümi ýazgarýan.

Gadym Gürgenç
soňra Ürgenç – Köneürgenç
baş badalgam huzuryňa az barýan.
Seniň mertebäňi aň subut edýär,
ýatlap durmasam-da her bir pursatda,
ýekeje hakykat kän subut edýär
iň ilkinji şäherdigňi gursakda.

Almazly hazynam, göwherli genjim
ömrümiň hem ykbalymyň keşdesi.
Gürgenjim – Ürgenjim – Köneürgenjim,
Üç ýüz altmyş är öwlüýäň mesgeni.

Gadym Gürgenç,
soňra Ürgenç –Köneürgenç
darajyk köçäňde
kiçjik külbede
doglan ogluň
bu gün özün gözläp ýör
bu ummasyz uç-gyraksyz dünýede.

© Aşyrmät GARLY
Bölümler: Poemalar | Görülen: 61 | Mowzugy paýlaşan: Medicall | Teg: Aşyrmät Garly | Рейтинг: 3.0/2
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 1
avatar
0
1 Мango • 05:39, 22.03.2023
44 derwezeli gala, 10.000 adamlyk metjit, 40.000 adamlyk baş derwezäň ýanyndaky metjit...
şu sanlar hakykymyka ýa ulaltmak üçin aýdylaýýamyka?
---
"baş derwezäň ýanyndaky metjitde kyrk müň dindar dileg-doga edipdir" -diýen setirleri bir zadyň gürrüňiniň başy ýaly kabul etsemem gürrüňiň yzy bolmady.
---
"...girişeýin gürrüňe bozguja çalymdaş ýyllar hakynda" - diýse-de hiç hili gürrüň etmedi awtor aga. belki men düşünen däldirin?
---
"Gadym Gürgenç soňra Ürgenç – Köneürgenç" -tapyndysyny käşkä üç gezek gaýtalamasady.
---
erbedem däl ýaly, ýöne bir zat aýtjak bolup, hiç zat aýtmadyk ýaly...
avatar

Старая форма входа
Total users: 203