01:36 Baharyñ ajaýyp gününde dörän setirler | |
BAHARYŇ AJAÝYP GÜNÜNDE DÖRÄN SETIRLER Gün dogdy, Nur çogdy, Endigne görä, Ýalpyldadyp ak mermerleň ýaňagyn. Tebigata maýyl bolan bu göwnüm Nebisjeň synlaýar daş-töweregi, Olja bilip ondan her bir alanyn, Apalaýar, guçýar, öpýär, hamana Ylahy yşk üçin jiger dagladyp, Aklyny aldyran däli-diwana... Gidip barýan bozman ýeriň gaýmagyn, Bozsam bozuljak deý baharyň keýpi. Üns bermän, Ünsüme çapraz bu pa:na, Barýan çar tarapy öwrüp toýhana. Gülälegiň gollaryndan meý içýän, Şygyr düzýän yşk hakynda ajaýyp, Özümi Mejnunyň Leýlisi saýyp, Hem-de kalba dolýar şeýle setirler: «Sensiz bolup bilmez meniň şatlygym, Seniň ýok ýeriňde gerek däl bagtam». Eý, bahar! Eý, säher! Ajaýyp şäher! Meniň bu bolşumy görmäň siz geň-taň. Islämok duýgyma geýdirmek nikap, Beýtsem, parhym bolmaz gury owazdan. Şoň üçin hasapsyz söýgiň aýdymyn, Şahyrlarça gözleýärin bu ýazdan. © Gurbanjemal ANNAKOWA | |
|
Ähli teswirler: 0 | |