00:35 Perzentlerime | |
PERZENTLERIME Şeýle bir mirasy goýasym gelýär, Ýatlar ýaly galdy diýip ejemden. Bilýäňiz-ä size gezek gelende, Hiç oýlanman ähli zatdan geçen men. Seçdim iň soňkuja teňňäme çenli, Ah, men bu dünýäniň soňun saýmazy. Meger, şoň üçindir ykbalym maňa Diňe şowly pursatlary paýlady. Gudrat bilen goşa ganatly boldum, (Borjum näme?... Ony bilerden ýaşdym). Hajar ene elewrese suw diýip, Men ot gözläp, menzil aşdym, ýol aşdym. Perişde görmegi arzuw edýärkäm, Perişde bolmagy gördüler laýyk. Kä ýedi gat ýere gitdim, kä sekiz Gat Gökde gezdim ganatym ýaýyp. Solarýar: Gaýtadan ömür berilse, Ýene-de alarmyň şahyrlyk paýyň? Esasy zat siz meniňki bolsaňyz, Men islendik adam bolmaga taýyn. Siz meň üçin altyn-kümüşden gymmat, Siz meň üçin şan-şöhratdan ýokarda. Joşarmyz ene Ýer, ýaşarmyz aýdym, Nirede perzende alkyş okalsa. Arzuwlamdan güýçli geldi nesibäm, Günler durmuşyma süýjülik gardy. Şundan uly näme goýup bilerin: Barka heriňizde ýüregmiň ýarsy. © Gurbanjemal ANNAKOWA | |
|
Ähli teswirler: 0 | |