Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

22:29
Gaban!
GABAN!

Gaban!
Belki, sebäp bardyr gabanýan bolsañ,
Gabanmasañ näderdim.
Saña munça yhlas edip,
Halanmasam näderdim.
Gabanmaýan,
Gysganmaýan meñki däldir,
Nä derdim?!

Şonuñ üçin gaban meni,
Ýak meni,
Ot bilen däl, söýgiñ bilen.
Sakla meni gysymyñda,
Señ elleriñ gyssa bolýar.
Aslynda men idemeseñ,
Soramasañ hassa bolyan.

Gaban meni,
Gabanjañlar heder etsin!
Gaban meni!
Menden başga gözleriñe ilmesin.
Gaban meni!
Gysgan meni!
Tä adyñy ýazýançalar
Kitabyna Ginnesiñ!
Sen meni şeýle bir gaban,
Şeýle söý:
Guraly ajaýyp ýadygärligi
Ýaş-ýeleñleñ iñ köp barýan ýerinde,
Durar ýaly asyrlap.
Goý, ol päk söýginiñ nyşany bolsun,
Öñünde juwanlar biri-birine
Hoş söz aýtsyn,
Wada bersin,
Guşlar uçsun pasyrdap.

Sebäp bilen gaban,
Keýpine gaban!
Nähili isleseñ bolsun şo hili.
Ýekelikde gaban,
Köplükde gaban,
Sorasalar aýdaý: "Şonuñ ýesiri.
Troýanyñ şazadasy Paris deý
Bagtly bolmak üçin islendik zada
Islendik söweşe taýynyñ biri!.
Ah, saýylyñ biri".

Gaban!
Gündizlere "gardaşyñ" diýip,
Gaban!
Gijelere "syrdaşyñ" diyip.
Ukymy bir şaýa satýanym üçin.
Galamy gujaklap ýatýanym üçin.
Söýemde serhetden agýanym üçin,
Yşkyñ köçesinde ygýanym üçin.
Gurt arkalysyrap gezjek halyma,
Geýýändigim üçin geýmin gedaýyñ.
Unudýanym üçin mahal-mahallar
Hossar gözläp, hossardygny Hudaýyñ.

Gaban!
"Sözlerini oýnadýar" diýip,
"Ylhama başyny aýladýar" diýip,
Gaban, "Goşgy ýazýar" diyip,
Gaban, "Aýdym aýdýar" diyip,
"Käteler bolsa özüne
Tansçydyr öýdýär" diýip.
Diý: "Juda kän gülýär, eger gülmese,
Kalbynyñ ýarasy bitmejek ýaly.
Ýazyp, bozup, gezip, tozup, şatlanyp,
Ýaşaýar dünýäden gitmejek ýaly".

Gaban!
Sen hakdaky şygyrlarymy
Dünýä diñlesin!
Hatda senden bi:din meniñ yanyma
Ölümem arkaýyn gelip bilmesin.

© Gurbanjemal ANNAKOWA
Bölümler: Goşgular | Görülen: 196 | Mowzugy paýlaşan: Medicall | Teg: Gurbanjemal Annakowa | Рейтинг: 4.2/5
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 3
avatar
1
1 Мango • 01:35, 11.07.2023
gabansaň "gabanýoň" diýolar,
gabanmasaň "gabanmiýoň" diýolar...
kyn öz-a... :-)

interesnyý goşgy.
avatar
1
2 Arzuw_Umydow • 09:33, 11.07.2023
Hojaberdi Baýramowyň şu aýdylan zatlaryň ählisini üç bentde beren beren gysbyja goşgusy bolmaly, ady-da "Gaban meni" bolmalydy.
avatar
0
3 garagar • 23:54, 23.12.2023
gowy goşgy eken.
avatar

Старая форма входа
Total users: 203