23:49 Dogduk mekanda gijeler | |
DOGDUK MEKANDA GIJELER Gijeler juda ýakymly, Gijeler şeýle bir sessiz. Erkinlik ezel hakymdyr, Hiç kim diýmez: «Beset, besdir!». Howludaky elwan gülleň Ysy gelýär penjireden. Pessaý mukam goýup dilden, Kalba siňýär terjimesiz. Ýaprakda çyg – sergin şähdim, Ah, ümsümlik goýmaz gama. Ýatlanymda ýaryň ähdin Aý ýürekdeş bolýar maňa. Entek duş gelmedim munda Dolan Aý deý hoşgylawa. Döredýärin şuglasynda Iň ajaýyp goşgularym. Kalp ylhamdan ganmaýar teý, Arzuwlarmyň ýitdi sany. Asmandaky ýyldyzlar, heý! Dünýäň syry sizde ýaly. Meňzeşsiňiz juda-juda Jahyllygmyň düýşlerine. Ähli wagtyn edip pida, Çykyp bede üýşmegine, Sizi her gün sanan mendim. Sesimi eşden hä bersin. Diýmäň: «Ne beýle eglendiň, Erkin durnasy Gäwersiň?!». ...Daş-töwerek dymýar sessiz, Dünýä üýtgeşik çakymdan. Serde hyýallar serhetsiz, A gije juda ýakymly. © Gurbanjemal ANNAKOWA | |
|
Ähli teswirler: 1 | |
| |