Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

15:01
Ýalbaryş
ÝALBARYŞ

Maňa daglaň depesinden uç diýme,
Daglaryň düýbüniň ownuk daşy bar.
Daglaň owranşyny görkezme maňa!
Daglaň ownaýşyny görkezme maňa!

Ummanlaň üstünden uç diýme maňa,
Ummanlaň düýbüniň merjen daşy bar.
Ummanlaň ýygşyran dürün görkezme!
Ummanlaň ýygşyran dürün görkezme!

Bulutlaň üstünden uç diýme maňa,
Bulutlaň içinde tozan bar, tot bar.
Bulutlaň kesegi ýygşyrşy başga,
Bulutlar — keseki, bulutlar — başga...

Sähranyň üstünden uç diýme maňa,
Elbetde sährada kesek ýok, daş ýok.
Sähranyň merjenem gülleň üstünde,
Sähranyň tozanam gülleň üstünde,
Şonda-da,
Sähranyň üstünden uç diýme maňa,
Sähranyň saralyp-solşun görkezme!
Sähranyň meniň deý bolşun görkezme!

Maňa al-asmanda pel-pelläp dur DIÝ!
Maňa al-asmanda pel-pelläp DUR diý!

28.06.2008ý.
Bölümler: Goşgular | Görülen: 74 | Mowzugy paýlaşan: Bagabat | Teg: Laçyn Pürjäýewa | Рейтинг: 5.0/3
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 0
avatar

Старая форма входа
Total users: 203