09:04 Özi hakda... | |
ÖZI HAKDA... Hemrasyny Saýat hana awladan, Selbi kimin, Selbi kimin nalan men. Nobatgulyň ýaşlygy deý ýaşlygy, Serwi kimin, Serwi kimin talan men. Gülüp baksam, Domrul ýaly han edem, Dymyp baksam, nolluk ýaly san edem, Aklym bilen bir ýigidi aňk edip, Leýli kimin, Leýli kimin baglan men. Sözüň-sesiň ýok ýerinde ýaşaýyp, Şaý-u-sepiň ýok ýerinde ýaşaýyp, Pyragyny gan agladan ýaş ayal — Meňli kimin, Meňli kimin aglan men. Laçynbibi, ýürejigim dilindi, Göreçlemde saklan syrym bilindi, Bagt isteýip, ah, tilimni, tilimni, Seniň kimin, seniň kimin daglan men. 2006ý. | |
|
Ähli teswirler: 1 | |
| |