16:14 Bir ömür... | |
BIR ÖMÜR Bir ömür gerek boldy Müňlerçe ömri yzda goýmaga. Ýeke hoş sözüne sygan ýüregim, Täze salamlara tarap uçmady. Soň bir güne ýetişmese urgular Köne gürsüldiler ýakar köňlüňi, Hem ýykar ruhuňda beýgelen ömri. Şeýle hem begenmek üçin, Görmek üçin düýşüň hakykata öwrülşin, We ýüzüňi ýuwmak üçin, Öz döreden ummanlaryň nuruna Bir ömür gerek boldy... 2019 Düşünme maňa Gijelerde yz goýupdyr gözleri Şeýle gijeleriň birine çümüp, Ýöreýän sebäpsiz Aýa döz gelip Hem söz berip, ol söze-de düşünmän Edil ýazýan goşgulam deý Käte içgin käte ýüzleý Dowam edenimde duýgularyma Düşün-düşün diýip guý gulagyma Hem düşünme maňa käte Düşnüksiz galsyn sözlerim Bugunyň astynda (kofýadyr çaýyň) Bir döwür eräp barýar, Içinde düşünje agyr, Ýüreginde duýgulary güýçli, Pikirleri pyrlanýar töwereginde Dogrusy – her döwür eräp barýar. Onuň üçin möhlet ýok Basan ýerlerinde, Bägüller döräp barýar Her eýýäm üçin. Müşküniň saýasynda Örän arkaýyn, Başyny dik tutup Biri ýöräp barýar. 2019 © Seýran OTUZOW | |
|
Ähli teswirler: 1 | |
| |