Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

02:31
Yşyga garaşmak
Exclusive


YŞYGA GARAŞMAK


Beýhuş reňkli setirlere hem jan hem janan garaşar
Ol kelam ki güýjüne bakyşlar aman garaşar

Çeşmine dahyl kylan mübtela eýleýir kalby
Dag serinden syrylmaga mydama duman garaşar

Hemrahyna öwrülende ýol birle desti mest olmuş
Bir delil getirki dilge dogryňa güman garaşar

Müşki-anbar ahwalyňa eremler olmuş ser-u hoş
Ýar ukudan aýňalmaga hijranly zaman garaşar

Göýä ki gaflatda galyp, zulm içinde gözler görmez
Bir yşyk saç ki kalbyma ol Nura Seýran garaşar.

20:20
19.05.2024

© Seýran OTUZOW
Görülen: 138 | Mowzugy paýlaşan: Medicall | Teg: Seýran Otuzow | Рейтинг: 5.0/7
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 10
avatar
0
1 janjennet • 02:40, 25.05.2024
"Bir delil getirki dilge dogryňa güman garaşar"

"Müşki-anbar ahwalyňa eremler olmuş ser-u hoş"

Şu iki setir has gulaga ýakymly eşdilýä.
avatar
0
2 sussupessimist • 03:00, 25.05.2024
20:20-ä golaýlanda Seýrana bir zatlar-a bolýar...
Klassisizm böwründen dürtüp ýazdyryp, şo wagta sazlaýar öýdýän))
avatar
0
3 janjennet • 03:12, 25.05.2024
menem şony diýdim içimden. nädip beýle sazlaýa. uzak gün üýşürip üýşürüp goýýa öýdýän.
avatar
1
4 Seýrаn • 08:35, 25.05.2024
Şu gazallar ýazylmazdan öň Fuzuly, Baki, Nedim, Nefi, Şeyh Galip ýaly ägirtler gelip, elime şerbet tutduryp, ýaz ýigit diýip gulagyma pyşyrdap, daş-töweregimden zuhur etjek sedaýul-bizary-gohdan, zangul-telefondan, gazabul-beýniden azad eýleýer, göýä ki destimden garbap alyp eçil diýip güfte kylardylar.
avatar
0
5 Seýrаn • 08:35, 25.05.2024
Kofeň gowy gidýäýjek wagty, hemmesinden beter.
avatar
0
6 Mekan2 • 09:42, 25.05.2024
Seýran babaň iki gazalynam okap, şeýle pikir etdim: şo ýaşoklar Seýrany köpräk bimaza edewersinler. şerbeti eline tutduranlaryna* şunýaly bolsa, indiki gezek depesinden guýsunlar.

bet, bet, Seýran baba. 

diwan edebiýatyndan lezzet alýan bolsaň Nyýazy Mysryň "Bihabarynam" maslahat berýän.

* bilmeýänlere: sufizmda düýşüňde ýa huş bilen düşüň arasynda (ýakazada) pirler şerap, şerbet... ýaly içgiler berse, olaň ak pata berendigini bildirýär. gaty seýrek ýagdaýda hasasyny, donuny... hem berip bilýä.
avatar
0
7 Мango • 13:37, 25.05.2024
günümize komandirowka edilen ýaşuly kimkä?
ýöne, gelen-gideniň öňünde kofe baraý...
avatar
0
8 sussupessimist • 14:36, 25.05.2024
Bu ýaşogyň öňündäki-hä buzly kola meňzeýär
avatar
0
9 aygull • 19:42, 27.05.2024
Seýrana bir wagt Ezizowam pata beripdi.
avatar
1
10 aygull • 19:50, 27.05.2024
-Otury ýok, nuktasy ýok, ne gazalmyş wadaryg?!
-Ibn Seýran galam bilen dag gazanmyş, wadaryg!
avatar

Старая форма входа
Total users: 203