15:05 Bir tylla ýüzükdi... | |
*** Bagyňa hazan uranda, Terk edip gider bilbilem. Hiç kim göwnüňi götermez Sypaýy, saýrak dil bilen. Köňül köşgüň köne ýurt deý, Çolarar, kem-kem ýumrular. Göwnüňe teselli berer Päli pes guşlar-gumrular. Kime hak, kime ýalançy Diýdiren dünýe bu, dogan. Ezýetde bir gysym adam, Şatlykda sygmaz gujaga. ALAMAT Gözüme bir ýagşy alamat ildi, Şondandyr könlüme heser ýeteni. Maňa kän zat wada berýän şekilli, Galgap gitdi al şapagyň etegi. Belki, ýene alçy gopar aşygym, Egsilen göwnümem doldurar hyjuw. Egmerin hiç egilmejek başymy, Könelmejek tenha arzuwymdyr bu. Bilýän, ýogsa ykbal sähel salymda, Ilki saňa, soňam özgä näz eder. Şol sebäpli durmuş oýna meňzeýär, Emma ony oýnap bolmaz täzeden. Bu oýna meňzeşden gözüm dokunmaz, Äleme aşyk men, baş egýän güle. Ahmal, ejir çekmen töhmet okundan, Bagtym irde-giçde çökmese küle. Gör, näçe ýyl horluk bary çekildi. Töhmetlerem berdi bizar-peteňi. ...Maňa kan zat wada berýän şekilli, Galgap gitdi, al şapagyň etegi. BIR TYLLA ÝÜZÜKDI... Günler geçdi gitdi nobaty bilen, Kän aýlar aýlandy, Ýyllar dolandy. Golumdan gaçypdyr tylla ýüzügim, Bilmedim nirede näme bolanny. Ýolda-yzda kän gözledim men ony, Özgäň ýüzüginde gözüm eglendi. Adam ýitigini ýatdan çykarmaz, Unutsa-da käte göwne deglenni. Bildirýär adamyň çig süýt emeni, Ol hemişe zynat küýsäp gezegen. Ýöne, bu geň zat däl, dünýäniň özem, Dereginde mätäç eken bezege. Şondan habar berýär, irkilen baglaň Yaz gelse oýanyp, bezenip durşy, Ya-da ýanwar aýy syrgynlar döräp, Agaçlaň başynda topalaň turşy. Emma ýiten zadyň çykmaýar ýatdan, Bilmedim nirede, ne boldy, haçan? Eý, ýagşy adamlar, görmediňizmi, Bir tylla ýüzükdi golumdan gaçan. © Çary ÝEGENMYRADOW | |
|
Ähli teswirler: 2 | |
| |