02:50 Kitaba salynmadyk goşgular | |
KITABA SYGMADYK GOŞGULAR Gamly günde ajy sözden doýursaň, Şat günüň tapdyrmaz dostu-ýaranyň. (sitata) Ökünç we minnetdarlyk Dostumam däl eken dost diýenlerim, Dälem ekenler şygyrlarmyň aşygy. Sowgatmyka öýdüpdirin olaryň, Goltugynda gizläp goýan daşyny. Nireden bardymkam beýle mesgene, Belki arwah ýoluma tor germändir. Gaty aljyradym men şol mahallar Kakamyňam düşek aşyn bermändim. Bigadyr ýerimde oturdum-turdum, Gadyr goýýanlaryň egninden basdym. Näme üçin, näme üçin beýle bolduka Ýa-da öz-özümde boldumy kasdym. Köýnegmiň kirini aýyplap güldi, Ýene käbir zady aýtman güldi, Niçik jandarlarka dost diýenlerim, Bir tabakdan alyp duz iýenlerim. Aýdym Duýgularyňy gozgamasa kaýyl bol, Razy bol ýüregiňe ýetmese. Ýa-da ýyllaň ýatlamasyn ýüpek deý, Gelip bu gün hyýalyň sepmese. Razy bol ýeňil bolsa sözlerim, Garyp köňle azar beren depgimden. Şonda meň geçmişim-geljegim bardyr, Ol aýdyma ýüregimi berdim men. Tümüstan gijeleň ümsümliginde, Aýdan ylham alyp taraşladym men, Ýalňyz bagt hakda düşünje bilen, Ikinji bagta garaşmadym men. Natuwan gözlermi görersiň şonda, Hemem ýaşyp barýan aýyň erňegin. Meniň ähli duýgym illeriňkidir, Ýöne ony özgelere bermegin. Watan Megerem, sen hakda söz diýmedik ýok, Sensiň Watan ykballaryň bezegi. Öz sözünde diýip, özüçe söýüp, Maňa ýetdi, waspyň ýazmak gezegi. Düýş ýaly ýaýlalar, dünýe deý galar, Gamgyn diňler, adam sypat çulbalar. Watandyr şol köňlümiziň Mekgesi, Oňa zar bolanlar, gury sulbadyr. Watan garabagyr ene ýalydyr, Gorap kän belalardan, bagtyň ýatanda. Eger günäň bolsa günäňem geçer, Emma beýdip ýaşalmasyn Watanda. Goý, meniň aýdymym batlansyn barha, Ile ýetmek üçin ganat beklesin. Düýş ýaly ýaýlalar, dünýe deý galar Watan diýen köňlümiziň Mekgesi. Aç günümde ajy sözden doýuran, Doganym-gardaşym, ilen-çalanym. Şolar bar diýibem, geçmedim senden, Watan, sözümde ýokdur ýalanym. Türkmen topragy At toýnagy bilen ýumşadylyp kän, Kemsiz eý alandyr adam ganyndan. Garyp atalaryň ýoly bar munda, Yzlary bar ganym Çingiz hanyň-da. Ýok, indi toprak özgerdi biçak, Görüň hanha, yhlas bilen bejerlen. Çingizleriň yzy ýitip bu çaka, Arzuw ýoly galan eken şejerleň. Göwnüme bolmasa, az ýaly ýene, Bu topragy näçe öwsem magtasam. Näme diýjek arpasyna-bugdaýa, Zerden gymmat bu topragyň pagtasam. Beýle sahy toprak ýokdur ähtimal, Ýer şarynyň başga hiç bir künjünde. Döwlet taparsyňyz, ýaltanmasaňyz, Hasyl alyň kesewini sünjüňde. Neneň gowy, öz ekeniň orulsa, Olam gymmat bolsa altyndan-zerden. Bu topraga hyuzmat edip ýorulsaň, Zerur bolsa ýene janyňam berseň. *** Ýerbent säheri Gaçak malyň eýesine sögünip, Sykylyklap, örä barýar padyman. Söýgi hakda könelmejek aýdymyň, Owazynda öňden tanyş jady bar. Meniňem şo ýana gidesim gelýär, Gideýin, günümi ýolda dograýyn. Ýurt aşyp gitmerin, pata berewer, Gökde pelpelleýän mollatorgaýym. Kalbyma siňipdir öçügsi ýoly, Hem ýol ýakadaky sansyz çukanak. Guşjagazlaň bir gijelik mesgeni... Ýöne, şolam hiç ýadymdan çykanok. Sähra maňa enem ýaly mähremdir, Gaýgy bilen ýüregimi gorjamaz. «Salam!» diýeýin men syrdam sözene, Ýümşak selinlere, ýaşyl borjaga. Adyr soňlanýar-da, sähra başlanýar, Obaň köne metjidiniň deňinde. Şol tarapdan aýdym sesi gelip dur, Öňden tanyş jady duýýan heňinde. * * * Hakydamda çagalygmyň ýollary Uzalyp ýatyr ol ýüregme çenli. Kämahal şol ýoldan üsti adamly, Äpet ýük maşyny geçýär şakyrdap. Onsoň telim günläp, tekerleň yzy, Täsin nagyş bolup, galýar takyrda. Maşyn gözden ýitýär armanly iňläp, Depeden aşýar-da, gumak egremde. Şol ýerde sözenler sülmüräp otyr, Tisginýärler, barmagymy degremde. Hälem eziz maňa sähraň sözeni, Selini, selmesi, ýaşyl borjagy. Ýitirilen zatlaň derdi-azary, Telim-telim ýüregimi gorjady. Şol ýol galdymyka allajanlarym, Ýa-da ony belkem, şemal bozandyr. Bir zat bokurdagma tegek bolup dur – Ol, şol ýoldan göterilen tozandyr. *** Bu ýyllar Meni duşuşyklar tolgundyrmady, Aýralyklar meni goýmady gama. Mende göwün baryn bilmediklerem, Gep bilen göwnüme salmady ýara. Pikirem etmändim, «Ýalňyşlarymyň yzasy bu ýerde duýulmaz» diýip. Indi hergiz, hoşal bolup ýatlaryn, «Hiç waka bolmandy bu ýyllar» diýip. Üýtgemedi diňe her säher-her şam, Bir zada garaşyp gezmek gylygy. Ýöne öňkimdenem bäş beter söýdüm, Ýaşaýyş diýilýän baýramçylygy. Ömrümiň bagyny bezejek güller, Wagtynda açyldy, wagtynda soldy. Töhmetler, wadalar, ynandyrmalar, Umytly garaşmak... ählisi boldy. Mal-garamyz tükel, öýümiz abat, Şapaklar asuda saralýar, solýar. Dünýäň öz erkimde däldigine welin, Birhili, azajyk gynanjak bolýan. Boldy duşuşyklar, ynandyrmalar, Soňsuz garaşmalar,kasam-wadalar. Bolupdy, bolupdy bolupdy emma, Sähelçe zat zerur eken adama. *** Poeziýa Bu gün geldi hesret çekip leşgerin, Golda meni – öz kakabaş zürýadyň. Kyn günümde hoş owazyn eşdenim, Sen ömrüme deňme-deňe durýasyň. Kişiň derdin çekişmäge mertdirin, Ömrümiň manysy şondan ybarat. Saplanaryn yzasyndan dertleriň, Saňa nazar salyp, eýläp zyýarat. Men-men diýen ärleriň baş goýany, Poeziýa – eý, mukaddes öwülýäm. Gel, az salym didaryňdan doýaly, Sen gözel gyz, jandan geçip söýülýän. Gider bolsam ak dünýäni terk edip, Jigerimi Ezraýyla tabşyryn. A, sen gelip, gussaň bilen tirkeşip, Patamyzy alawergin, tagsyrym! *** Fronta hat Ene ýabyň mele suwy gurapdyr, Saralypdyr raýşynda selmesi. Daýylarym urşa diýip ugrapdyr, Soňky günler kesilipdir gelmesi. Her gün saňa geler diýip garaşýan, Niçik, indi, duşman gaýra basýamy? Ak gupbamyň düwmesini taraşlap, Geýdim, şu gün, toýda geýýän tahýamy. Gel, özüňem, hatyň gelýä-le käte, Getirmede wada beren gurjagňy. Onsoňam unutma, unutma däde, Ir säherler ýola garap durjagmy. Hemmeden öň men duýaryn geleňde, Eşdilende ak bedewiň kişňäni. Ejem seçer, göwni galkyp belende, Gyşa diýip saklanylan kişdäni. 20.02.87ý. *** Günler dönüp barýar ýüpek sowsana, Bar oňa teşnelik, garyp köňülde. Her gije serime dolýar howsala, Ýola bakýan penjiräniň öňünde. Düýşde aýan boldy ýürek duýgusy, Gorkymy yzyma düşürip gezýän. Ol meniň hasratym ýuwup bolmajak, Ýalňyzlykda galsam bagrymy ezýän. Indi agraslygym, synama siňen, Köýen arzuwymdyr, maksatdan yrak. Agyr günde aglap, özleri diňen, Heserdeş bagymdyr, yhlasa myrat. Ýüregim gussadan, gümandan doly, Indi bu günlerden gitmerin uzak. Synamdaky guragyry mysaly, Kesel maňa ykjam, gurupdyr duzak. Aý ýaly, hoş hyýalymdan üzülip, Asuda günleriň raýyn ýykman. Ýaşasam, men, höwesim, aýdymym bilen, Aý ýaly gaýtadan dogurmaz ykbal. 02.05.1984ý. 19-njy fewral /Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň doglan güni/ Onuň barlygynda toý edýär bu gün Her şäher, her oba, her köçe, her jaý. Biz bada göterip, arzuw edýäris A, Ol arzuwlary edip ýör berjaý. Bu gün myhman gelýär çäksiz älemde Näçe tarap bolsa, şonça tarapdan. Ýewropadan, Afrikadan, şeýle hem Türkiýeden, Eýrandan hem Arapdan. Bu gün — ulus-iliň şatlanýan wagty Ertiriň gaýgysyn edýär Ol şu gün. Maksady — türkmeniň egsilmez bagty, Baky agzybirlik isleýär göwün. Garaşsyz ülkede ýeke-täk Adam, Ýadasa-da dynçlyk gadagan Oňa — Eger şeýle meýil döräýende-de, Bu isleg hemişe goýulýar soňa. Ol uly işlere töwekgel boldy, Il-gün üçin ätiýajy bermezden. Il üçin könelmez aklyk boldy Ol, Il üçin heýkelem boldy mermerden. *** Mynajat Eger, bir ýaman söz sypsa dilimden, Alla jan, sen mendan etme aýyp-syn. Çünki, bu dünýäde gören-eşdenmi paýyş söz agzaman beýan etmek kyn. Sen — Hudaý isleseň, islemeseňem, Menem, özüň bilýäň, ýazykly bende. Emma mundan beýläk sejde kylmaga jinnek ýalam takat galmandy mende. Sebäbi, bäş ýyl öň, gyşyň bir güni, hak söz üçin tyg urdular bedenme. /Sen Hudaý halyňa utanmadyňmy Meni şol günlere duçar edenňe?/. Kisäm kör-köpüksiz, ýat dilde gepläp, kömek sorap ýada boldum hemşeri. Bir gögele oglan on sekiz ýaşly Huzuryňda durmanmydym kemşerip? Başym ýaşdy, Ýagşy pälimden başga, Ýokdy meniň ýaşamaga serişdäm. Niredediň şonda, Gudraty güýçli, Nirededi on müň sany perişdäň? Men soňra kem-kemden içgä imrindim, Höwes etdim zährimanly bokala. /Elbetde, şol günleň ajysy hakda Ýazyp bordy kitap ýa-da makala/. Emma men ýazmadym, elim degmedi, Ile diýmäge-de barmady dilim. Ýeri, diýdimem-dä, peýdasy näme? iç kimem kireýsiz kakmaýar kilim. Dogry içen wagtym teselli tapýan, Ýöne uzak çydap bilmen beýdibem. Aý, näm bolsam, şol bolaýyn, owarram, It çeýnesin, garga çoksun meýdimem. Barybir, ynamsyz ömür sürenden Ile meňzeş bolup ölenim ýegdir. ...Her niçigem bolsa, unutmaryn men, Nämüçin sen meniň göwnüme degdiň!? Halkym Gaýduwsyz, batyr hem biçak edepli, Emma, käbir zatda geleňsiz halkym. Ýurt baryny çapyp asyrlar boýy Ýurt eýesi bolman gelensiň halkym. Egilmediň, egri gylja daýandyň, Egrilikden nyşan ýokdur zandynda Ýöne, kän horluga duçar bolduň sen, öz köre-kör gazabyňda ýandyňda. Güne ýatanam han, serkerdäňem han, Öňde-soňda bir agyza bakmadyň. /Maňlaýsyz mert hakda söhbet açylsa, Halkym, ilkinji söz özüň hakdadyr!/ Söweş güni Göroglydaň, Keýmirdiň, başga mahal daýhan ýada çopandyň, Ynanjaň, yňdyrma, şeýlekin sada, Şol sebäpli bir-biregem çapansyň. Sen öňem azlykdyň, hasam azaldyň, bölünip kän taýpa, kän tirelere. Soňsuz söweşlerden ürken Ykbalyň, uýan süýräp gitdi gör, nirelere! Halkym6 eý, türkana, yňdyrma halkym! nämeleri ýitirenňi duýsaňdyň. Mümkin bolan zatlaň baryn ýitirdiň, galdy diňe namys-aryň, buýsanjyň. 5-NJI PALATA Göz öňüme ýaşyl duman germelgi Aňyrsynda kim bar, dostmy ýa duşman?! Dogan jan, dogan jan, eşidýärmiň sen, Ýatyryn men ajal bilen oňuşman. Ol zalym başymda pelesaň kakýar, Ýokmuka, heý, gutulmagyň emeli?! Gün welin, ýylgyryp dost kimin bakýar, Heniz ondan nesibäm bar çemeli. Ýüzüme biriniň gözýaşy damýar, Men ony aňýan-da soraýan: «Sen kim?» Ol näme üçindir, bir salym dymýar, Soň diýýär: — Oglanyň gaçypdyr eňki. Birhili, dem alşam kynlaşýan ýaly, Ýogsam başda kislorodam berlendir, Dogan jan, dogan jan, eşidýärmiň sen, Göz öňüme ýaşyl duman germelgi. 1995, oktýabr | |
|
Ähli teswirler: 5 | |
| |