Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

17:50
Mende bir arzuw bar
MENDE BIR ARZUW BAR...

Men size aýdaýyn, ýüregimde baryny,
Kyn görýärin ownuk-uşak gürrüň etmäni.

Meni halys öz erkime goýanok,
Uzak ýaşamak hem ýazmak höwesi.
Çünki bir ajaýyp zyndan gurmakçy,
Bendi eder ýaly päli pisleri.

Geň görme halypa, geňirägem ýöne,
Arzuwlarymyz hakda henek etmäli.
(dünýä öňküdenem owadan bolar,
Bir ýere üýşürsek ähli betpäli.)

Emma bäbekhana meňzese gerek
Bir ýere üýşürsek ähli betpäli.

Ömür boýy şony gurup gezerin,
Hemem wasp ederin ylham gelende.
Ol ähtimal bütin dünýä görüner,
Beýik daglardanam galyp belende.

Aýna-gapy gerek bolmaz elbetde,
Bu dünýäden uzak bolar ol mäkäm.
Kyn işdir bu gözüm ýetýär bigüman
Arzuwyma ýetsem gerek gitmänkäm.

Ilki il batgyna begenmeýänler,
Soň görip bahyllar, içigaralar.
Ol ýerde ýalta-da ýer tapylar hökman
Olaram hiç il derdine ýaramaz.

Siziň diýjegiňiz däl başga zyndan ol,
Gerek bolmaz ukyp, iş-güýç ýa hünär.
Ähli zerur zatlar ediler ýöne
Bilip goýsunlar geçilmez günä.

Ömür gysga arzuwlarmyz ölçegsiz,
Adam käte şolardanam ýadaýar.
Bir zyndan gurmakçy betpäller üçin,
Olar şol ýerde-de bolmaz zada zar.
Bölümler: Goşgular | Görülen: 146 | Mowzugy paýlaşan: Kerim | Teg: Çary Ýegenmyradow | Рейтинг: 2.0/2
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 8
avatar
0
1 Nurdаn • 01:05, 15.05.2024
Awtor kimka?
avatar
0
2 aygull • 08:10, 15.05.2024
Çary Ýegenmyrat ýa Ilmet Gurban.
avatar
0
3 sussupessimist • 08:49, 15.05.2024
aý ýok, olar üçin gowşak. üstünden işlenilmeli garalama meňzeýä
avatar
0
4 Kerim • 09:06, 15.05.2024
Çary Ýegenmyradyň goşgusy, ähli kemçilik meniň emelsizligimden. Saýta goýjak boldum, olam bolmady diýip saýtda çykdym. Ýöne garalamadan goýlanam çyn.
avatar
0
5 Medicall • 10:22, 15.05.2024
@ Kerim, sagboluň, siz goýaňyzsoň Çary Ýegenmyradowdyr diýip pikir etdimem,  ýene, ýalňyşman soraýyn diýdim, sagboluň, ýetirip duruň!
avatar
0
6 Aýgül_Garaýewa • 12:19, 15.05.2024
Ilki başda, Çary agaň goşgusyna öýkünibräk biri goşgy ýazypdyr diýibem pikir etdim. Garalama diýsene.
avatar
0
7 sussupessimist • 14:59, 15.05.2024
Ýöne klassikleriň garalamalarynam paýlaşmaly. Bilinmeli
avatar
0
8 Мango • 17:36, 15.05.2024
halamadym.
Çary Ýegenmyradyňky diýlenini okabam geň galdym.

zyndan bilen mesele çözmek ýaman ýönekeý görünýär.
hemem şahyryň bu arzuwy gorkunç.
avatar

Старая форма входа
Total users: 202