Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

18:40
Mynajat
MYNAJAT

Eger, bir ýaman söz sypsa dilimden,
Alla jan, sen mendan etme aýyp-syn.
Çünki, bu dünýäde gören-eşdenmi
paýyş söz agzaman beýan etmek kyn.

Sen — Hudaý isleseň, islemeseňem,
Menem, özüň bilýäň, ýazykly bende.
Emma mundan beýläk sejde kylmaga
jinnek ýalam takat galmandy mende.

Sebäbi, bäş ýyl öň, gyşyň bir güni,
hak söz üçin tyg urdular bedenme.
/Sen Hudaý halyňa utanmadyňmy
Meni şol günlere duçar edenňe?/.

Kisäm kör-köpüksiz, ýat dilde gepläp,
kömek sorap ýada boldum hemşeri.
Bir gögele oglan on sekiz ýaşly
Huzuryňda durmanmydym kemşerip?

Başym ýaşdy,
Ýagşy pälimden başga,
Ýokdy meniň ýaşamaga serişdäm.
Niredediň şonda, Gudraty güýçli,
Nirededi on müň sany perişdäň?

Men soňra kem-kemden içgä imrindim,
Höwes etdim zährimanly bokala.
/Elbetde, şol günleň ajysy hakda
Ýazyp bordy kitap ýa-da makala/.

Emma men ýazmadym, elim degmedi,
Ile diýmäge-de barmady dilim.
Ýeri, diýdimem-dä, peýdasy näme?
Hiç kimem kireýsiz kakmaýar kilim.

Dogry içen wagtym teselli tapýan,
Ýöne uzak çydap bilmen beýdibem.
Aý, näm bolsam, şol bolaýyn, owarram,
It çeýnesin, garga çoksun meýdimem.

Barybir, ynamsyz ömür sürenden
Ile meňzeş bolup ölenim ýegdir.
...Her niçigem bolsa, unutmaryn men,
Nämüçin sen meniň göwnüme degdiň!?
Bölümler: Goşgular | Görülen: 102 | Mowzugy paýlaşan: Medicall | Teg: Çary Ýegenmyradow | Рейтинг: 5.0/2
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 3
avatar
0
1 Mekan • 19:05, 10.03.2024
Mynajatmy, odolženiýemi düşer dagy eder ýaly däl. Jany ýangynly goşgy
avatar
0
2 garagar • 20:15, 10.03.2024
Ýagdaýyna düşmeseň düşünip bolmazmyka diýýän.
avatar
0
3 Pero • 15:08, 23.05.2024
"Dünýäñ düýbünde deñlik bolmansoñ" adam pahyr Ýaradana hem mynajat ediberýändir-dä. Bu barada goldaw-u-goldaman hiç zat ýazmak islämok,sebäbi ýagdaý diñe awtor bilen Eýesine mälim. Öz başyñdan geçmese bir zat diýmek ýalñyş bolar.
avatar

Старая форма входа
Total users: 202