Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

20:41
Çary Ýegenmyratly günler
ÇARY ÝEGENMYRATLY GÜNLER


Çary aga bir gün obadaşlary bilen baýrak goýup, oýun oýnapdyr. Munda-da Çary aga bularyň barysyny utupdyr. Soňra şahyr öz pulundan galan pullary seçip goýberipdir-de: «Alyň, oglanlar! Men siziň puluňyzy näme edeýin?!» diýipdir.

* * *

Özümden uly agam Bazargeldi bilen her gün okuw wagty bolanda, jaýymyzyň aýnasyndan daşary garap oturardyk. Sebäbi biziň sagadymyz ýokdy. «Aýnada sagat barmy näme?!» diýmänkäňiz aýdaýyn. Gyş günleri şor ýerde batgalyk bolansoň, her gün öýümiziň gapdalyndan geçýän ýoldan Çary Ýegenmyrat motorly beýleki oba geçerdi. Ol geçenden soňra, bizem «Okuw wagt boldy, Çary Ýegenmyrat geçdi» diýşip, okuwa haýdardyk. Şahyr meň üçin «okuw» sözüniň sinonimi ýalydy.

* * *

Wagty doly ýadyma düşenok, bir gün «Esger» gazetiniň redaksiýasyna bardym. Şonda Rejep Pirjan (ýatan ýeri ýagty bolsun!) bilen oturmak nesip etdi. Gumlulygymy bilenden soň gürrüň Çary Ýegenmyrada ýazdy. Rejep aganyň ýatlamalary şeýledi:
– Çary gumly däl ýaly, rus dilini bizden has gowy bilýärdi. Biziň şol wagt okan rus kitaplarymyzy ol okuwçy wagtynda okapdyr. Özem rus dilindäki çap bolanyny. Onuň rus dili mugallymy rus zenany eken. Soňam bir gün Çary bilen eşik dükanyna baryp, eşik almakçy bolduk. Şonda Çarynyň hasam bir täsin häsiýetini gördüm. Ol özüne boljak eşiklerden geýip görüp, menden: «Bolýarmy?» diýip sorady. Menem oňa: «Tüýs saňa dikilen ýaly, gaty gowy» diýip aýtdym. Çary geýen eşigini çykarman, kassanyň ýanyna baryp hasaplaşyk geçirdi. Soňam göni çykalga tarap ýöneldi. Menem: «Çary, ol çykaran eşikleriňi alda!» diýdim. Ol: «Indi ol eşik maňa gerek däl. Barybir, köne. Ony dükanyň işgärleri ýygnar» diýip, çykyp gaýdyberdi. Muňa hezil edip güldük.

* * *

Obada içgysgynç ýagdaýda bolanymda Nowruz Ýegenmyradyň ýanyna oturmaga gidýärin. Olam, tüweleme, edebiýatdan söz açylsa, kem oturanok. Köp okaýany bildirip dur. Bir günem şonuň ýaly Nowruzyň ýanyna gitdim. Şonda kakasynyň golýazmalarynyň bar bolanyny getirdi-de, meniň öňümde goýdy. Menem şahyryň çap bolmadyk goşgularyny gözledim. Bar eken. Ýöne okap bilmedim. Hat ýazyşy düşnüksiz eken. Oňa çenli Çary aganyň aýaly Oguldursun daýza eline aldy-da, arkaýyn okap başlady. Özem Çary aganyň haýsy goşgusynyň adyny aýtsaň, ýatdan okap otyr. Bu ýagdaý bilen ýüzbe-ýüz bolanymda, Çary aganyň:

«Aýalym düşbi, ýogsam ol,
Doly däl orta bilimli.
Diýýär ol: «Janyňy ýakma,
Taşla özüňem çilimňi ».

diýen setiri serime geldi.
«Altyn asyr: Türkmenistan» teleýaýlymynyň «Myhmançylykda» gepleşiginiň alypbaryjysy Aýjeren Rejebowa bir sungat işgäri bilen söhbet edeninde şeýle diýipdi: «Ýazyjy-şahyrlaryň maşgalalary ýokary bilimli bolmasa-da, olar juda sowatly bolýar». Bu, hakykatdanam, şeýle. Aýjeren mamla. Muny Çary Ýegenmyradyň maşgalasy hem subut etdi.

© Çaryberdi REJEPOW

Çeşmesi: 7/24.tm «Türkmenistan Sport» halkara žurnalynyň elektron goşundysy. № 03 (86) / 2022-nji ýylyň 17-nji ýanwary

Çaryberdi REJEPOW - 1991-nji ýylda Ahal welaýatynyň Ruhabat etrabynyň Derweze şäherçesinde doguldy.
2014-nji ýylda Türkmen döwlet medeniýet institutynyň «Sungat» studiýasynda okap, bilim aldy.
2019-njy ýylda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetini tamamlady.
Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň 38-nji orta mekdebiniň türkmen dili we edebiýaty mugallymy bolup işledi.
Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň «Biznes reklama» gazetiniň edebi işgäri.
Öz terjimehalynda belläp geçişi ýaly, «Türkmeniň adamlary özgerdýän şahyrlary» G.Ezizowyň, A.Annaberdiýewiň N.Rejebowyň, A.Atabaýewiň, Ç. Ýegenmyradowyň döredijiligi bilen içgin gyzyklanýar.
Daşary ýurtly ýazyjylaryň türkmen diline geçirilen eserlerini höwes bilen okaýar we terjime bilen gyzyklanýar.
Bölümler: Ýatlamalar | Görülen: 90 | Mowzugy paýlaşan: Мango | Teg: Çary Ýegenmyradow | Рейтинг: 4.5/2
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 7
avatar
0
1 Мango • 20:51, 19.01.2023
beýle bir gymmatly ýatlamalar dälem bolsa, "ýokdan gowy"-da.
avatar
0
2 Анонимно • 22:47, 19.01.2023
Gymmatsyzam däl.
avatar
0
3 Mekan • 22:49, 19.01.2023
Anonimno gidipdir, ötünç
avatar
1
4 Мango • 23:03, 19.01.2023
birinji ýatlamada "baýrak goýup, oýun oýnapdyr" diýilýär.
soňam oýunda utup "öz pulundan galan pullary seçip goýberipdir" diýilýär.
"baýrak goýulýan" oýunlar göreş ýaly oýun bolup bilermikä diýýän, baýragy biri goýup biler, emma bu ýerde ol oýun pul goýup oýnalan ýaly... ýagny, oýunçylar oýna gatnaşmak üçin pul goşan bolmaly....
diýjek bolanym ýatlamany çapa göýbermek üçin, "baýrak goýuldy" diýip "ýumşadyplar" ýaly...
а так нармаННый ýatlama... :-)
göwnüm has, betinden ýatlama isledi-dä...
avatar
1
5 BayramberdiGeldimyradov • 00:22, 20.01.2023
Çaryberdi Rejebowy gaýybana tanaýan. Nesil gazetine köp çykyardy. Ýuz-kesbinin yadymda galany horajyk yuzi suyrirak oglan bolmaly
avatar
0
6 Mekan • 00:24, 20.01.2023
Birinji birhilirägä bolupdyr, dogrudanam. O pullaram seçen däldir, oklandyr. Ýatlamañ iñ ýönekeýjelerem gyzykly bolansoñ aydaydym.
avatar
2
7 Bagabat • 11:04, 20.01.2023
Ýatlamalar gowy. Çary agaň Ruh depderiniň çetjagazyny açyp görkezýän ýatlamalar.
"Ýerbent agşamynyň altyn şapagy,
meni durkum bilen çirkizdi oda..."...
Ýa-da:
"Nämetdim men şu ýaşymda,
Şu ýaşymda nämetmedim men..."...
avatar

Старая форма входа
Total users: 202