Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

15:26
Çary Ýegenmyradowdan ýyldyzly goşgular
ÇARY ÝEGENMYRADOWDAN ÝYLDYZLY GOŞGULAR

Keseki däldigmi bildim aç-açan,
Gözlerňe ýetende gyňajyň çowy.
Maňa her kim gabat geldi her ýerde,
Ýöne hemmesinden diňe sen gowy.

Sen halal süýt emen, naçar maşgala,
Öwýär seni mydam goňşy-golam-da.
(Sen hakda üýtgeşik bir zat ýazaryn,
Menem ile belli şahyr bolamda).

Gitdiň sen birmahal durmuşa çykyp,
Menem galdym göýä harytsyz dükän.
Bolýa, ýöne nesip edenem bolsaň,
Özüm ýaly ýarymgöwün bir ýekä.

Uzak ýaşap, bagta ýetmek höwesi,
Maňa şu güne çen berdi goltgy.
Şoň üçin umytly ýaşadym ýördüm,
Ýogsam ölmäge-de sebäp bolupdy.

Aý, bolýa-da, geçen geçdi diýeli,
Goýdum seni hakydamyň töründe.
Sawçylyga iberjekdim ejemi,
...Goý, olam rahat ýatsyn göründe.

Keseki däldigmi bildim aç-açan,
Gözlerňe ýetende gyňajyň çowy.
Maňa her kim gabat geldi her ýerde,
Ýöne hemmesinden diňe sen gowy.

***

Keç ykbaly aýdym bilen bezedim,
Güller bilen arzuwlarmyň mazaryn.
Ulus-ile ýuwaş sesde aýtdym
Nesibede ýok zatlaryň azaryn.

Söýdüm öz jepakeş, ýuwaş halkymy,
Halkyň söýgüsinem küýsedim örän.
(Bu gowgaly hem mähriban dünýäde,
Biziň hemmämizem söýgüden dörän).

Söýdüm diňe ezýetine gyýylyp,
Boldum, mydam jepasynyň şärigi.
Şeýle yhlas bilen akylly aýal,
Söýýändir öz infarktly ärini.

Düşünmedi garny ýogyn nadanlar,
Uly söýgä ykbalymy gatanma.
Barybir, men öz-özüme aýtdym:
«Özge ýurda çalyşmaryn Watanmy».

* * *

Bulut geçse, kölgesinde üşejek,
Ýagyş ýagsa, ýüpek saçyň ezjek seň.
Göwnüňe degmesin ejeň dagy hem,
Ýogsa mydam gözüň ýaşly gezjek sen.

Ýel öwsende tozan ýokar kirpigňe,
Seniň köwşüň, meniň kalbym kirjiger.
Ömürboýy seni aýap ýörmäge,
Mejbur bolsam, ökünmerin birjigem.

Sen bir göwni ýuka, naçar maşgala,
Belki, ýowuz ykbalyma jorasyň.
Men seni goraryn ýaman gözlerden,
Belalardan seni Alla gorasyn.

* * *

Sen uzakda dünýäň aladasyndan,
Gaýgy-hesretinden, ünjülerinden.
Ýeňilkelle ogluň ýeňlesliginiň
Bagryňa tyg bolup sünjülerinden.

Beýle boljaklygyn bilmezdim öňler,
Şatlyga baý, umman içre balykdym.
Indi ýatlamalar syganok köňle,
Heňlän çörek ýaly üýşüp galypdyr.

Ýakyn maňa, niçik ezýet berse-de,
Duýgularyň köňüldäki pitnesi.
Adamlaryň ýetip soňky serhede
Iň oňat zatlaryn goýup gitmesi.

Söýgüde ädigem zerur

Bilemok, nämüçin ýatdan çykanok,
Ýa başga ýatlama tükenäýdimi?
On bäş ýyl soň ýene düýşüme girdi,
Polýak ussalarnyň tiken ädigi.

Mollamurtuň «Nesihatyn» ýat tutup,
Ekzamene taýynlanýan wagtymyz.
Satylýar — diýdiler — modaly ädik,
Beýle ädik — ýetginjegiň bagtydyr.

«Nesihat», ekzamen huşumdan uçdy,
«Birini alaýyn nädibem bolsa.
Şo gyz meni söýer — diýdim içimden, —
— Geýer ýaly gowy ädigim bolsa.

Bir gowy gyz bardy, biçak owadan,
Klasdaşlar bolup, şony söýdük biz.
Dostum şol ädigi alan dessine,
Bagtym menden ýüz öwrendir öýdüpdim.

Gowy ädik nesibämde ýok eken,
Hatda aýagma-da görmedim deňäp.
Başga oba göçüp gitdi ol gyz hem,
Näme sebäp boldy, bilmedim men-ä.

Henizlerem söýýärin şol gözeli,
Kalbymda dogadyr, mähriban ady.
Durmuşda bu, dostlar, erkiň ýetenok,
Käte ol gysganýar bolgusyz zada.

Ynjalyk berenok, ýatdan çykanok,
Ykbalyňdan bir zat gädilen bolsa.
Göwnüme bolmasa, söýjekdi-le şol
Illeriňki ýaly ädigim bolsa.
Bölümler: Goşgular | Görülen: 88 | Mowzugy paýlaşan: Bagabat | Teg: Çary Ýegenmyradow | Рейтинг: 5.0/2
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 2
avatar
1
1 Pero • 16:24, 30.12.2022
Gowy goşgular. Ädikli goşgy ajyja ýylgyrtdy.
avatar
0
2 Medicall • 23:09, 01.01.2023
Bir kurdaşy bar Çary aganyñ, daýzam meñ. Mugalym zenan. Menden başga şäherde ýaşaýar. Geçen ýyl öýüne bardym, gürrüñiñ arasynda Çary aga, Ilmät Gurbanow, Aşyrmät Garly dagy bilen bir fakultetde okanlaryny, köp gowy ýatlamalary aýdypdy. Ýazyp alybermeli ýatlamalar..

Ruhy şat bolsun, Çary aganyñ, juda duýguly poeziyasy bar..
avatar

Старая форма входа
Total users: 203