Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

15:17
Çary Ýegenmyradow
ÇARY ÝEGENMYRADOW

Çary Ýegenmyradow 1966-njy ýylyň 10-njy martynda häzirki Ahal welaýatynyň Derweze etrabynyň Diňli obasynda dünýä inýär. Orta mekdebi dogduk obasynda tamamlap, 1983-nji ýylda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň türkmen dili we edebiýaty fakultetine okuwa girýär. Uniwersitetde okap ýörkä, goşun gullugyna çagyrylýar. Ol gullukdan gelip, okuwyny dowam etse-de, ony doly tamamlap bilmeýär. Soňra Çary gum içindäki Çürçüri diýen obada mugallymçylyk edýär. Geçen asyryň segseninji ýyllarynyň aýaklaryna, togsanynjy ýyllaryň başlarynda dürli gazet-žurnallaryň redaksiýalarynda işleýär we togsanynjy ýyllaryň ortalaryna ýene öz dogduk obasyna gidip, şol töwerekdäki Gyzyltakyr we Kükürt zawody obalarynda mugallymçylyk edýär. Çary Ýegenmyradow talyp ýyllarynda ilkinji goşgulary metbugatda çap edilip ugrandan adygyp başlaýar. Onuň juda özboluşly, inçe duýguly goşgulary dessine türkmen şygryýetine täze bir şahyryň peýda bolandygyny buş laýar. Çarynyň goşgulary öz deň-duşlarynyň arasynda dilden-dile geç ýär, olara uly ýazyjy şahyrlaram ýokary baha berýärler. Onuň metbugatda çap edilen «Ine, dogan geler», «Ýerbent agşamynyň altyn şapagy», «Men», «Mynajat» ýaly onlarça goşgulary şygyr muşdaklary tarapyndan gyzgyn garşylanýar. Çary öz goşgularynda Watanyny, onuň ümmülmez sähra-ýaýlasyny, şol sähra-ýaýlalar ýaly sada hem göwnaçyk adamlaryny wasp etdi. Ol 2010-njy ýylyň 26-njy ýanwarynda aradan çykdy.

Bahar

Bahar, bahar ýüregimiň aramy,
Ýadadym men, uçursyz kän garaşyp.
Sen geldiň-de kalba kanagt berdiň,
Ýalaňaç baglaram tapdy ýaraşyk.

Ykbalymyz meňzeş ýazylan ýaly,
Meň bijäme düşüpsiň sen kartda.
Meniňem göbegim kesilen eken
Çärýek asyr ozal 10-njy martda.

Men ýagty jahanda ýolagçy kibi,
Döken külüm, ýetmez munda gadaga.
Gül bolup, sen bile solmaga kaýyl,
Sallah başym bolsun saňa sadaga.

Bahar diýen gyza meňzeş baharym,
Bilýädim men senden göwnüm bitjegin.
Sen meniň ummy, mähriban Bahar,
Ýa ölsem yzymda goýup gitjegim?!

Çeşmesi: https//www.ylymly.com/edebiyat-senenamasy/cary-yegenmyradow-doguldy/. 30.12.2022ý.
Bölümler: Ýazyjy-şahyrlaryñ, alymlaryñ terjimehaly | Görülen: 89 | Mowzugy paýlaşan: Bagabat | Teg: Çary Ýegenmyradow | Рейтинг: 4.7/3
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 0
avatar

Старая форма входа
Total users: 203