22:11 Bir ynsanyñ kalbyna... | |
Bir ynsanyñ kalbyna Bir deniz kibi Gynanç sygyp bilermi, Begenç sygyp bilermi, Söýgi sygyp bilermi, Küýseg sygyp bilermi?! Älemde her zadyñ taýy bar. Bir Alla taysyz. Şeýtan näme? Onuñ diñe işi-derdi biz bilen. Ynsan gysga ömründe Gynanjyny gözlerinden akdyryp gutarmaly. Begenjini gözlerinde çyrag edip ýakmaly. Söýgüsine hem küysegi bilen ýetmeli. Hakyñ kalbymyza salan yşgyny, Hakyñ özüne çenli, Beýgeldip barmaly biz. Bolmasa ýanyna baryp bolmaýar. Bu ýolda yeke bolsañam, Ýanyñda ýaryñ bar ýaly, Arkaýyn tut özüñi. "Bu dünýä bizi öldürmän goýbermez". Kineli biriniñ aýdan gepi bi. Goýbermese goýbermesin. Ölüp sypsagam müñ ryza. Emma ynsan bir ömür Daglardan agyr ýalñyzlygy, Derýalar deý ýşgyny, Umman deý armanyny, Bir kämil keşbe getirip, Ýalñyz özi gidip biler, Yalñyz Ýaradanyñ ýanyna. Sylapberdi Muhamow, 14.02.2023. Moskwa. | |
|
Ähli teswirler: 2 | |
| |