Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

10:06
Solumdan ýöre

SOLUMDAN ÝÖRE

Gel, ezizim!
Tut golumdan!
Hem solumdan ýore.
Men saña seredip gitjek.
Sen öñe gara.
Seniñ seretmegiñ ikimize ýeter.
Büdremeris biz.

Gel, dildarym!
Ýöre çep tarapymdan!
Ejiz ýerim,
Eziz tarapym şol.
Sen çepimden ýöreseñ,
Arkaýyn bolaryn eziz ýuregimden.

Gel, arzylym!
Solumdan yöre, solumdan.
Yşkymyñ ýolundan azaşmak ýokdur şonda.
Her günde,
Sagatda, her demde.
Hasaba girmeýän pursatlarda,
Ýanymda bol!
Solumda,
Gollaryñam bolsun meniñ golumda.

Men seni hemişe ýöretjek bolýan
Sol tarapymda.
Hem bolmajak bolýan dert-azar çekip,
Kitaby solundan berilenlerden.
Ýöne şonda-da,
Guşuñ gözündäki nem ýaly,
Ujypsyz umyt bilen,
Men haýyş edýän:
Gel, ezizim,
Gel, dildarym,
Söwdügim!
Çep ýanymdan aýrylma!

© Sylapberdi MUHAMOW
Bölümler: Goşgular | Görülen: 94 | Mowzugy paýlaşan: Мango | Teg: Sylapberdi Muhamow | Рейтинг: 5.0/2
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 6
avatar
0
1 Мango • 10:44, 21.11.2023
çep tarapymdakylar we sag tarapymdakylar barada pikirlerimi ýatladyp gitdi.

sagymdaky sogabym "öwünip-öwünip" çemçeläp ýygnalany çanaklap döküp otyr.
çepimdäki bolsa ýüzüni sallap maňa seretmäge utanýar.
---
sagymy halasamam oňa üns beresim gelenok.
şonda sagymda toplananlarym zaýa bolmaz.
çepimi welin gözden sypdyrasym gelenok.
sebäbi ýalňyşlarymy, günälerimi ýatlap dursam, olary gaýtalamazlygyma sebäp bolýar...

sagyňyza toplanlaryňyzy unudyň kyýamata çenli
çepiňizdäkileri welin unutmaň, ýatlap duruň.

---

goşgy-daky şu setir oýlandyrdy:

Men saña seredip gitjek.
Sen öñe gara.

erkek öňe garajak ýaly-da welin...
häzir liderligi erkek aýala berýän ýalam bolýa...

haladym goşgyny.
ýyzzyl!
avatar
0
2 Medicall • 13:29, 21.11.2023
- Öñünden ýörese yzyna düşüp baryar bolýar, yzyndan ýörese öñüne salyp barýan bolýaraý...
-- şoñüçin iñ gowusy çepimden ýöre...
-- bolya, ýöne bilesim gelýar-da nãme üçin imenno çepden?
--ýöre diyilse ýöräbersene...
--bilesim gelip duda, Zenany Adam Atanyñ çep gapyrgasyndan ýaradany üçin mi ýa-da çepde ýürek bolany üçinmika çepden ýöremek...

--ol haysy bolsa bolsun, emma goşgy gowy bolupdyr..
avatar
0
3 Medicall • 13:35, 21.11.2023
Pikiriñiz oýlanmaga, borçlaryñy ýatlamaga mejbur edyar, ajayyp oýlanma bolupdyr goşga düşündirişe çenli bölegi, biraz giñeldip post etseñizem bolardy, Sagboluñ! şeýle teswir okañda uly bir eser okana barabar bolyar
avatar
0
4 sussupessimist • 14:09, 21.11.2023
Belki, barde yonekeyje zatdan pelsepewi bir netije çykarjak bolup oturan bolaymaly? Belki, onuň çep tarapy has fotogeniçnydyr.
Surata köp düşyän gyzlaryň: "это моя рабочая сторона..." diyşi yaly
avatar
0
5 sussupessimist • 14:13, 21.11.2023
"Men saña seredip gitjek.
Sen öñe gara"
diyyan yerem Sent-Ekzyuperiniň bir jümlesini yada saldy:
"Любить – это не значит смотреть друг на друга. Это значит смотреть в одном направлении"
avatar
0
6 Şygryýetiň_aşygy • 23:24, 21.11.2023
Meniň düşünişimçe, bu goşgudaky
"Men saňa seredip gitjek.
Sen öňe gara"
diýilýän setirler liderlik ýa geljege seretmek barada dälde, çepindäki zenanyň gözelligine guwanyp ýaşasy gelýänini, hemişe ýanynda, durmuşynda bolmagyny isleýänini aňladýan bolmaly.
avatar

Старая форма входа
Total users: 203