Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

15:15
Tuýglar

TUÝGLAR

Diýdiler: sen ýolda, ýoluňa gara,
Käýdiler: hiç sürtme iliňe gara.
Arş-agla arz edip, arzy geçmedik,
Gahar edip gara diýýär ak gara.

***

Menzil aşyp, kän gezildi dag-dere,
Maňlaýymyz hem kän ezildi şor dere.
Pyragynyň gamgyn gazaly deýin,
Gama batýar gözel jülge Aýdere.

***

Dür suwly çeşmäm sen, ýa-da tylla çaý,
Arzuwly teşnäň men, kalba tylla çaý.
Haýýam ýaly meni humar eýleýäň,
Aý astynda içeli bir käse çaý.

***

Sabrym ýetmän garaşýaryn kä güne,
Seni tapman sataşýaryn nä güne?!
Ýene daňa çenli adyň pyşyrdap,
Seniň bilen ýetýän ýaly ak Güne.

***

Adam edip, meni derde ýaradan,
Indem golda her bir ýerde Ýaradan.
Garasam, çar ýanym dostlam gülýärler,
A meň içim doly ganly ýaradan.

***

Düşürýänçäň sözleň melegin ele,
Yhlas bilen sözleň elegin ele.
Bir paýhasly dana aýdan ekeni,
Rysk i:ner agyzdan, ýetmese ele.

***

Ýazlar ýaýlalara ýazylan haly,
Güller ýaňagynyň düzülen haly.
Ýeller gam nemine ezilen ýaly,
Ýar ýene gelmese, bozular haly.

15.12.2023 ý.

© Sylapberdi MUHAMOW

Surat: Aleksandr WOLKOW. Araba. 1924
Bölümler: Goşgular | Görülen: 89 | Mowzugy paýlaşan: Мango | Teg: Sylapberdi Muhamow | Рейтинг: 5.0/3
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 7
avatar
0
1 Мango • 16:26, 19.12.2023
"Diýdiler: sen ýolda, ýoluňa gara...."
şujaşşa ýeri welin jüňk boldy...
ýol, ýoluňa garamak... (ýola düşmegem iş welin şu ýoldan çykmazlyk has iş bir zat... şoň çün ýoluňa gatyja garamaly...)

"Aý astynda içeli bir käse çaý".
emma we lakin, "çaý içeli" ýeri biräz "arzanjakdan, ýuwanrakdan, ýeňilräk" eşdildi.

minnetdar.
hekaýalaryňdanam okatsaňyz.
avatar
0
2 Мango • 16:34, 19.12.2023
şu wolkow aleksandr daýyň "arabasam" gyzykly kenaý.

birhili öňdäki gyzyl halatly (donly) men-ä şoňa türkmen diýjek, şo gyzyl donly agamyz maşgalasyny dolamak üçin özi arabaň bir simine öwrülip duran ýaly. kompozisiýasyna görä ýaşulyň kellesi arabaň tekeriniň merkezinde ýerleşipdir. özem arabaň simi ýaly (aýlanyp duran ýaly) keseligine-de dur (45 gradusa ýakyn). arabaň üstünde-de belki gelni we gyzy otyr. olaram arabaň tekeriniň tegelek formasyna sygdyrylypdyr. arabaň tekeri - durmuş, ýaşaýyş çarhy ýaly. eşegiň üstündäkem belki iner ogly, kömekçisi.
arabaň tekeri arabaň üstündäki maşgala üçin togarlanyp dur. durmuş dowam edýär...
avatar
0
3 Sylapberdi • 18:11, 19.12.2023
Surat goşgudanam enaýy bolagaýan ýaly)
'ya özbek arkadaşlaryñ aýdyşy ýaly "ismi jismine mas geldi.
Sağ boluñ!
Tañryýalkasyn!
avatar
0
4 Küle • 19:05, 19.12.2023
Tokar agaň galamyna menzeşiräk ekeni.
avatar
0
5 aygull • 21:51, 19.12.2023
Týugy (źanry) hiç halamaýan-da. Oýun edip ýazylýan ýaly.
avatar
0
6 Sylapberdi • 11:27, 20.12.2023
Magtymguly hem halamandyr)
avatar
0
7 Sylapberdi • 11:33, 20.12.2023
По крайнем случае, я так понимаю.
avatar

Старая форма входа
Total users: 202