14:26 Sahawat | |
SAHAWAT (Hekaýa) Gadymy Bagdadyň Çarsuw bazary gyş aýy bolsa-da tamdyr ýaly gyzypdy. Metjit-medreseleriň, kerwensaraýlaryň ortarasynda şähristan meýdanynda ýerleşen bazaryň mähellesiniň goh-galmagaly göge göterilýärdi. Hatar-hatar dükanlardan çasly çykýan sesler müşderileri yhlas bilen çagyrýardy. -Ynha, Çyn-Maçyn ýüpegi. -Bäri geliň, Damask poladyndan sünnälenip ýasalan hanjarlar bar, sapy şirmaýydan. -Hindi ummanynyň düýbünden çykarylan dür-merjenlere kim hyrydar? -Kaýseriýeden, Rumystandan getirilen roýmallar. -Ýaňyja Basranyň bendergähinden getirilen azatmahy balyklary. Bazar mähellesiniň göge göterilýän güwwüldisi daşyndan dag şaglawugynyň owazyny ýada salýardy. Bu ýerde söwdagär täjirlerden başlap jerçi dellallara çenli günuzyn mal bahalaşyp, şapbat uruşyp her bir zada baha kesilýärdi. Nagt söwda edilip, ýene nesýe nowgana durulýan, puly kemterleriň sahylardan karz-kowal alýan ýeridi. Şeýlelikde, bazar müňlerçe dirhemiň, dinaryň elden-ele geçip, gapjykdan-gapjyga düşýän ýeridi. *** Juma metjidiniň belent diwarlarynyň gapdalynda gök-bakja önümleri satylýan syrgyn bardy. Kä mahallar bu ýere Bagdadyň halkyna uly geň-taňlyk bolan Horezminiň gyşky gara gülaby, gök bişek ýaly gawunlary düşýärdy. Onsoň bu ýere gawun aljak hem, almajak hem sowulýardy. Ýöne, tire kethudasy Beşer al Baas bu ýere ýörite gaýdypdy. Indi ýarym ýyldan bäri hassa ýatan ýedi ýaşlyja oglunyň: “Kaka öten ýyl aýyt baýramda bazardan getiren gawunyň bar-a, ana, şonuň tagamy henizem agzymdan gidenok-da. Sen şol gawuny Horezmin diýen alys ýurtdan getirýärler diýipdiň. Kaka, şol gawundan ýene bir gezek datsam göwnüme keselimden gutulyp, derrew dikelip gidäýjek ýaly men” diýen sözleri Beşer al Baasyň gulagynda ýaňlanyp durdy. Oguljygynyň ýaryk-ýaryk dodaklary bolsa zol-zol göz öňüne gelýärdi. Hemişe Horezminden, Maru-şahu-jahandan getirilýän bu arzyly bakja önümleri bazara az düşýärdi. Çarsuw bazarynyň beýleki çetinden girip, gawun satylýan syrgyna tarap gönüläp gelýän begzada ýigit Amir Aly hem bu hakda oýlanyp, gerekleýän zadymy tapyp bilermikäm diýip howsala düşüp, biynjalyk bolýardy. Horezminden güýzde çykyp, uç-gyraksyz çölleriň içinden geçip, gyşda ýetip gelýän kerweniň gymmatly harydy bolan bu gawunlar Bagdadyň bazaryndan hatda halypa hezretleriniň köşk-saraýyna çenli gelip ýetýärdi. “Bu jenneti nygmatlaryň hyrydary hemme ýerde ýetik-dä”diýip, içini gepledip gelýän Amir Aly bazara gaýtjak wagty söýgüli gelni Sureýýanyň eglip gulagyna pyşyrdap: “Ezizim, Allajan ikimiziň ýedi ýyllap eden dileg-mynajatymyzy kabul edäýdi öýdýän. Begenjimiz uzakdan bolgaý, meniň bir delje zat iýesim gelýär” diýende bu hoş habardan huşy göçüp, begenjinden gelnini gujaklap ak maňlaýyndan taýly gezek öpüpdi. “Hany-manym, aýym-günüm näme zat iýesiň gelýär? Guşuň süýdüni tapyp getireýinmi?”. Sureýýa gül deý açylyp “Ezizm, meniň Horezmin ülkesinden getirilýän asaldan ýasalan ýaly ady belli türkmen gawunyndan iýesim gelýär.” *** Dünýäniň dört tarapynda şirin tagamyna taý tapylmaýan türkmen gawunynyň gözleginde Çarsuw bazaryna gelen iki arap begzadasynyň ýoly ahyr Begli aganyň dükanynyň üstünden düşdi. Goh-galmagaly özüne ýetik bu gyzan bazarda kireýine alan dükanjygynyň agzynda eli kitaply oturan Begli aganyň hyýaly häzir dogduk diýary Horezmin topragyndady. Arap-pars dillerini suwara bilýän Begli aga daýhançylygynyň daşyndan ökde hatdatdy hem. Ýetişdirýän gawunlarynyň paçagyndaky üýtgeşik keşdelerinden nusga alyp, sünnäläp harp ýazmagy, setirleri owadanlamagy ol ýaşlykdan gowy öwrenipdi. Dünýä görüp, jahankeşdelik etmäge höwesek bolup onuň bilen Bagdada gawun satyşmaga gaýdan ýegeni Ömür bazaryň gaýda-gaýmalaşygyna biperwaý seredip durşuna: -Daýy ýaňy bütin bazary aýlanyp çykdym, ýöne biziň taraplardan getirilen bir gawuna hem duşmadym diýip, gaýyş jiltli galyň kitapdan ünsüni bölüp bilmän oturan daýysyna habar gatdy. –Tüweleme bizem-ä ähli gawunlarymyzy satdyk. Ynha, birje gawunymyz, galypdyr. Bu hem ýekesiräp dur. Okap oturan kitabyndan başyny galdyran Begli aga ýyljyraklap duran ýegenine garap: -Aý, ýegen, ol gawunyň hem ynha hä diýmän nesibelisi tapylar-diýdi. –Sen ýöne indi assa-ýuwaş goş-kötellerimizi ýygnaşdyryber, soň kerwensaraýdan habar tut. Watana ugrajak kerwen barmy? Begli aganyň aýdyp duran sözleriniň arasy bölündi. Dükanyň öňünde duran ýekeje gawunyň ýanynda birden niredendir bir ýerden peýda bolan iki sany geýnüwli kişi öz aralarynda gaty-gaty gürleşip başladylar. Azmly gygyryşýan iki kişini görende Begli aga öz ýanyndan oňaýsyz ýagdaýa düşdi. Ýöne, olar gawunyň eýesine-de, töwerekden üýşüp ugran bazarçylara hem üns bermän harçaňlaşmalaryny dowam etdirýärdiler. Ylaýta-da, Amir Aly ýeň-ýaka bermän ýedi ýyl diýende göwreli bolup, aş saýlan aýalynyň şu gawuny soraýandygyny aýdyp, dawa edýärdi: -Beşer beg, eliňi çek, men şu gawyny on bahasyny tölesemem öýüme alyp gidýän. -Haý, tütjar baý-a gürled-ow, men bolsa şu gawuna eýesi agzyna syganyny aýtsyn, berjek! Gawunyň eýesi nirede? Gelsin, puluny alsyn. Beşer al Baas goşaryna agram berýän gaýyş haltajygy daşyna üýşen märekä güjeňleýän ýaly aýasynda bökdürdi. Begli aga bu iki arap begzadasyna golaýlaşyp olaryň gyssanmaç salamyny aldy-da, bir zat diýmäge hyýallandy. Olar bolsa bir-birine gezek bermän Begli aga bir zatlar düşündirjek bolýardylar, gawunyň eýesine bar-u-ýok pullaryny hödürläp, şol ýeke-täk gawuna eýe çykmaga döwtalapdylar. Ahyr Beşer al Baas: -Şu gawuny almasam bu daryl panyda maňa ýaşaýyş ýok, şu gawun meniň jahan şalygynda ýalňyz begenjim, ýeke dikrarymyň derdine em bolmaly zat-diýip içi altynly gaýyş haltajygy Begli aganyň öňüne atdy. Ine, tylla , ine gyzyl! Men şu gawunyň agramyna barabar altyn bersemem satyn alaýmasam alajym ýok. Daş-töweregi dolduryp duran adamlar başlaryny ýaýkaşyp, haýran galmakdan bir-birlerine bir zatlar diýişýärdiler. Begli aga bolsa: “Bu bolýan zatlara seretsene” diýip, içini gepletdi. “Bir gawuny agramyna barabar altyn pul berselerem aljak bolýarlar. Müsüre gul edilip satylanda hezreti Ýusubyň gözelligine haýran galan Pyragun patyşa hem onuň agramyna barabar altyn berip satyn alypdyr diýip, köne kitaplarda okapdym...” Begli aga jedelleşip jetleşmäge çenli baryp ýeten bu iki kişiniň ortasyna düşdi-de: -Asylzada kişiler sabyr Rahmandan, biraz sabyr ediň-diýip, söze başlady.-Meniň bilşimçe şu ýekeje gawun siziň ikiňize-de amanat jan ýaly zerur eken. Özüňiziň aýdyşyňyz ýaly biriňiziň ýarym ýyldan bäri syrkaw ýekeje ogluňyz Horezminden getirilýän gawundan dadyp görse dikelip gitjekdigine ynanyp ýatyr. Soňra Amir Ala ýüzlenip: -Saňa hem düşünýän byradar –diýdi.-Ýedi ýyldan bäri perzendiň dyrnajygyna zar bolup, ýanýoldaşyň bilen Haka sygynyp, ýagşy dilegde aý-günleri sanap şu günlere gelipsiňiz. Bu gün bolsa gelniňiz bir delje zat iýesiniň gelýändigini duýdurypdyr. Men köp geplemäýin, alsaňyz maslahatym bar. Siziň möhümiňizi bitirip bilsem men gaty uly sogabyň eýesi boljak ekenim. Maňa siziň ýekeje dirhem puluňyz gerek däl, ýöne siz öz araňyzda ylalaşsaňyz men şu gawuny ikä bölüp bereýin. –Begli aga çyny bilen düşündirmäge çalyşdy. –Beşer beg siziň ogluňyz, Amir Aly siziň ýanýoldaşyňyz ikisi-de göwün küýsän nygmatyndan dadarlar. Onsoňam näme berekedini bersin, ynha, gawun äkidiň, iýsinler, noş bolsun! Arap begleriniň gözlerini tegeläp dymyp duruşlaryndan olaryň bu pikiri göwnemeýändigine göz ýetiren Begli aga içinden:”Gawun gawundan reň alar” diýleni-dä diýip pikir öwürse-de, daşyndan hoşamaý ýylgyryp: -Gadyrdan begzadalar, men ine, şu bir ýekeje gawunymy abyrsyz pula satyp hem biljek. Ýöne, maňa siziň birje dirhemiňiz hem gerek däl. Meniň ýeke-täk islegim şu gawunyň ikiňiziň hem derdiňize ýaramagy. Begli aganyň tüýs ýürekden aýdýan sözleri arap begzadalarynyň gurşuna dönen tekepbirligini assa-ýuwaş eredip ugrady. Olar bir zada ýaňy düşünip başlan ýaly, Begli aganyň bir sözüni hem sypdyrman diňlemäge çalyşýardylar. -Beşer beg indi meni diňle-diýip, Begli aga sözüni dowam etdi. –Men şu birje gawuny saňa berip goýbereýin weli, sen muny öýüňe elten wagtyň syrkaw ýatan oguljygyň begener. Haçan-da bu gawuny kesip, dilimläp otyrkaňyz otagyň içine gül suwy sepilen ýaly, göýä jennet müşki bark uran ýaly bolan çagy Amir Aly gelnini alyp size myhmançylyga barar. Elbetde, bu şirin nygmatdan gelen myhmanlara hem dadyrarsyňyz-a? Begli aganyň sözlerini diňläp duran Beşer al Baasyň hem Amir Alynyň hem ýüzüni alabaharyň hoştap şemaly sypan ýaly bolup razylyk bilen ýylgyryşdylar. Şol wagt Beşer al Baas: -Eý, öz sahawatly köňli bilen bize mähriban bolan çet illi ynsan, şu pursat sizden bir towakgam bar-diýdi. –Büçe bolanyna görä, bu gün garyp külbäme mübärek gadamyňyzy goýup, biziň myhmanymyz boluň. Ynha Amir Aly hem maşgalasy bilen myhmançylyga barsa, bizde kiçeňräk toý tutulan dek bolar. Bu müşgül meseleler ap-aňsatja çözülenden soň, arap begzadalary üçin Bagdadyň Çarsuw bazary gülzara öwrülen ýaly boldy. Olar hoşallyk bilen ýylgyryp, türkmen babadaýhany Begli aganyň sahawatyndan soň türkmen gawunynyň gadyr-gymmaty hakda ýolboýy oýlanyp gitdiler. © Sylapberdi MUHAMOW | |
|
Ähli teswirler: 3 | |
| |