15:00 Kubra | |
KUBRA Kubra Umyt bereweri ýadan ýüregme, Medet bereweri aran ruhuma. Eden günälerme toba deregne, Gadam goýdum seniň aramgähiňe. Gapdalymda hemra bolup mes hatyn, Zyýarata geldik, biz bir günäli. Men özümi hemme zatdan pes saýdym, Ýazygym depämde gyzan Gün ýaly. Kubra Küfre ýol goýma Alla hakyna, Oda düşen otparazlar mysaly. Dertlerim bar mertebäme kakylan Ruhullanyň myhlary deý yzaly. Kubra Kalba sygman pisat pikirler, Synam garyp jindesi deý persala. Ýalňyzlykda, küýüm haka kökerlen, Il içinde dinden çykan tersa men. Pelek demirçiniň körügi deýin, Asyl tutuş älem tutaşan kömre, Ataşa meňzeýär. Näme edeýin. Ýol görkez Kubra. © Sylapberdi MUHAMOW | |
|
Ähli teswirler: 4 | |
| |