Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

17:00
Nobatdaky duşuşyk
NOBATDAKY DUŞUŞYK

Ine-de Men!
Gör, ýeňildi aýralyk!
Obam meniň, barym meniň, baýlygym,
Sensiň meniň janymdanam gymmadym!
Dymmaryn men, seň gujagyň - münberim.
Mährabym sen, kyblagähim iň golaý,
Käbegähim, obam meniň, sen bol-eý!
Seň guşuň men, geldim ýene aýlanyp,
Sen hoşum sen, heýjanym sen,
aýňalyp
bilmän gitsem, seniň beren meýiňden.
Ýarym sekund undularmyň, heý-em sen?!
Bikarar ýüregmiň aramy obam,
Heý, senem bir söýmez ýalymy, obam?!
...Ýaradany gözläp ýören guşlaram,
Iň soňunda seň goýnuňda düşleýär...
Mähribanym, bas sen, meni bagryňa,
Hem goýberme, gitjek bolsam salgyma.

18.08.2008ý.
Bölümler: Goşgular | Görülen: 84 | Mowzugy paýlaşan: Bagabat | Teg: Laçyn Pürjäýewa | Рейтинг: 5.0/3
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 7
avatar
1
1 Мango • 21:07, 24.03.2023
"...sen bol-eý!"
– şu "eý"-li ýeri bolmyýer-eý. "eý" diýilse оскорбительный eşdilýär...
– emma, "eý, hudaý" diýilýär.
– hawa. dogrudanam, ol-a şeýleý. onda, bolýançy bolýada?
– belki.

"Ýarym sekund undularmyň, heý-em sen?!"
– şütäýde-de azajyk öteräk öwäýýämi?
– :-)
avatar
1
2 Мango • 21:18, 24.03.2023
derrew jogabam geldi:
– "diýjeg-eý.... oba meňki, islän zadymy diýerin..."

15 minut soňra:
– goýjak bolsaňyz, doly goýuň, pikiri jontuk goýmaň
– :-)
– eeeeý, Mango! Mango diýdim-eeeeý! Eý, saňa doly goý diýild-eý! gaharymy getirm-eý indi sen-eý...
– bolýa, bolýar-eý, häzir ine doly goýaýyn

"diýjeg-eý.... oba meňki, islän zadymy diýerin
onsoňam ,,sen bol-eý" diýeniňizde Atageldi Garýagdy bolup diýmeli ol ikimiz obadaş
SEEEEEN BOOOLLLEEEEEEEÝ!"
avatar
1
3 Мango • 00:23, 25.03.2023
surat barada:
1) şeýle geýinýän gelnejeler näçinji ýyllarda dinozawra öwrüldilerkä?
2) tapçanyň aşagyna keçe ýazylýanymam gördük, şükür.
3) aýagyň agyrsa keçe ýazyp oň üstünde-de taburetkada oturmaly, çepdäki iki genje ýaly. ýöne oturan taburetkalary biraz yzyrakda duran ýalymy?
4) suratyň iň gowy ýeri - öňlerinde saçak ýok, hemem läle kakýanlar ýok.
avatar
1
4 Medicall • 06:24, 25.03.2023
Goşgy gowy, teswirlere gelemde bir özüm däli ýaly ýyrşaryp, kikirdäp oturan bolaýdym,))
avatar
0
5 Bagabat • 10:21, 25.03.2023
Çekilinji çamalak

Çymmyllyk suwrat çekdi.
Suwradynam ussa gördi.
Gördi-de aýtdy:
-Sen nakgaş dä:!
-Onno kim?-diýip Çymmyllyk, çalaşşa hüwwet etjek boldy. Sebäp diýseň, oňkam düşnükli – suwrat çekseň nakgaş borsuň-da, gampazytyr bolmajagyň bell-ä.
-Pohgaş!-diýip aýdanyna düşünmediksiräp, mönsürelýänine gatyrganan ussa, kesgin suňşurdy.
-Nämjü-ý-ün?-diýende Çymmyllygyň geňirgenme gradusy simap tokurtgajygynyň çürbaşyny deşdi:-Reňki bamy? Ba:! Kagyžžyga çekilenmi? Çekilen! Şekili ýerbe-ýermi? At duşi! Onsoň saňa nämgereg-ou, wusso kaga?! Süýümimi?!
-Süýüme ýetm-eý, eşşek!
-Nämmolýar-ou, usso dadu?! Men-hou seň çotgaňa: “çotgo” diýemmog-a-hou! Diňeje, öwel-ä ýaman erwet suwrat çekesim tutup, boluşşygyna görä çalaşşa suwratjyk çekdim, onnoňom: “süýüm” diýdim.
-Diýibemmir gö:! Nädeň ýöne, mazgiňden ýenewir bäbenek açyp äpberä:sem?! Böýlö gepe düşmezek dentek bolsaň, onno men saňa nämjüýn seň nakgaş däl-de pokgaşdygyňy aýdaýyn! Sende “inçe estetika” diýilýän duýgy wapje ýok. Sen suwungatyň nepisden pynhany ýaradylyşyna düýp-teýkaryndan düşünmän ýaty:ň! Iň esasy ýerem bizkiler ýaly Masgywaň hut užas dwennoý akad ýemiýasyny başbütüýn tükedip gaýtmansyň. Şoň üçribem buw uwurdan hiş žat “pulem ýokdan” otyrkaňam, sygmajak ýeriňe sokulyp suwrat jeken bolýaň! Ferşteýnmi, eý keýfe haluke?!
Beýdip “pirini kädä gabalyp” durulsa Çymmyllyk görgüli nätsin?
-Ýes aý duw, parle mu franse!-diýäýmek galýa, diňe o çalasowat pahyrjyga :-).
avatar
0
6 Bagabat • 10:53, 25.03.2023
Şü: "SEEEEEN BOOOLLLEEEEEEEÝ!"-iň yzyna bir zat ýetmeýän ýaly boldy durdy. Onsoň: "näme ýetmiýäkä?" diýip iňkise gitdimem welin, ahyry tapylaýdy. Bolmalysy ine şuň ýaly eken:

SEEEEEN BOOOLLLEEEEEEEÝ!
EÝÝÝÝÝ WA-EEEEEÝÝÝÝ!
WAÝÝÝÝÝ WAÝ-EEEEÝÝÝ!
GIRDIM OBAMYŇ ÇETINDEN!!!
-HAÝ, GIRDIM-OW OBAŇ ÇETINDEN!
BARDYM-OW TAMYŇ...

Umuman yzyna-da düşünensiňiz-le :-).

Pst.: Yzy ýadyňyza düşmese-de, şu salgydaky: https://edebiyat.clan.su/news/heneklije_hekayatlar/2023-02-20-617 "heneklije hekaýatlary" okaýyňsana.
avatar
0
7 Bagabat • 11:05, 25.03.2023
Surat hakda goşgy:

Gelnejeleňňä dynozawyr ýaly,
Keçeleň kelpeň, teläriň taburetga,
dalbaryň dalbaý...b,
gazanlaňňam bar ýaly,
bir görseňem ýok,
ýüzleriň hemmejigi ekiztaý ýumurtga,
žempir deregine çabyt,
yşlýapa derek
börük...
nirde ýoklary nirden tapyp,
getirdiň bärik?
Çek-ä ýemşik-ýümşük,
bir gözi dyzynda,
beýlekisi yzynda
gyzlary!
Goý ýaňlansyn diňe
awangard, kubizm sazlary.
SEEEEEN BOOOLLLEEEEEEEÝ!
EÝÝÝÝÝ WA-EEEEEÝÝÝÝ!
WAÝÝÝÝÝ WAÝ-EEEEÝÝÝ!
GIRDIM OBAMYŇ ÇETINDEN!!!
-HAÝ, GIRDIM-OW OBAŇ ÇETINDEN!
BARDYM-OW TAMYŇ...

Äý.
Yzyna-da ýaltanjym tutup ýatyr :-).
avatar

Старая форма входа
Total users: 203