11:56 Haýkyrýan gözler | |
«ELEGANT ESER» BAÝRAGYNA HÖDÜRLENÝÄR HAÝKYRÝAN GÖZLER Eşitgir bolupdyryn, gitdikçe-de eşitgirleşýän. Dünýäň nirinde bolsa-da, gülüşýän-u-gürleşýän, Men eşidýän! I:ň: ýaman dert — eşitgirlik we iň uly bagt — kerruhlyk. Ýogsa ýedi ýeňňem gelip, Gulagyma, damagyma Gurşun eredip guýdular... ...Men şonda-da eşidýärin. Daaaaaat! Bibat! Gapdyraýyň, şoň sesini, Ýapaýyň-da, ýataýaýyn! Indi ençe ýyldyr, en-çe Ýen-je, ýen-je, ýen-je, ýen-je: TV-ni döwmek — arzuwym! Dymmasaňyz dymmaň, emma... Kitap ýaly ümsüm boluň! Sümsünjiräň, ymsynjyraň Kemsinjiräň, ham-sygyn-jyraa:ň!!! Misginsokar, kümsük boluň, Ýöne jyňkyňyz çykmasyn! Zarynlamaň, taryplamaň,... Tiňňildetmäň, şo dutaram! Ýagşu-ýaman hiç bir sesi Eşdesim gelmän urunýan... Öz ýüregmiň sesine-de Ýyllardyr uklabilemok. Ýyl-lar-dyr dünýäniň sesinden gaçýan, Adamyndan gaçýan, guşundan gaçýan, Ýapragyndan gaçýan, ýagşyndan gaçýan, Gaçýan... Neçün sesler kowlaýar meni?! Gygyryp-gygyryp aýdym aýdýaryn, Paýyş-paýyş sögýän, keýpi bar, keýpi! Haýyş, hiç zat aýtmaň, men şeýle-de gözlem bilen eşidýärin. Haýyş, hiç zat görkezmäň, men şeýle-de kalbym bilen görýärin. Haýyş, ýalňyz goýmaň, Ýalňyzlykda hasam sürünýär dünýä. Müň bir reňkli, müň bir heňli öwülýän dünýäň Unduldy indi müň derdi. Müň bir owazly dünýämi, Ine, şu gözler düňderdi! ...... Laçyn PÜRJÄÝEWA | |
|
Ähli teswirler: 27 | |
| |