Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

15:14
Penjire

PENJIRE

Eremek gerekmi köremek barka,
Ýüregiň şatyrdap ýakyp barýarka,
We her bir perişdäň dirände arka,
Bir şemiň nurunda eseriň döret
Bize garaşýarlar penjirä seret.

Öňünde durmadym akýan derýanyň,
Çarbaga öwrüler diýip her ýanyň
Hol arkaýyn hasratyna barýanyň
Bar sagdyn duýgusyn bir-bir däliret
Bize garaşýarlar, penjirä seret

2015


BIZ BILE AGLALY

Salkyn jeňňelleriň goýnunda ýöräp,
Ýyldyzlar ýagyş deý seçilsin eräp,
Biziň eserimiz başlanda döräp,
Ähli süýji sözler jemlener gözde,
Biz bile aglaly bilmesin özge!

Gar örtende gizlener bar ýaralar,
Ak reňke öwrüler bütin garalar
Kalbyň daragynda ruhuň daralar,
Utanma, ýüzüme seredip sözle!
Biz bile aglaly bilmesin özge!

2018

© Seýran OTUZOW
Bölümler: Goşgular | Görülen: 166 | Mowzugy paýlaşan: Medicall | Teg: Seýran Otuzow | Рейтинг: 5.0/4
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 13
avatar
0
1 Medicall • 15:17, 03.07.2024
Bir ýerjikden goşgy tapdym)
avatar
0
2 sussupessimist • 17:13, 03.07.2024
Ak reňke öwrüler bütin garalar...

Şu yerde sürüjiler nayynjar gözlerini maşynlarynyň tekerine dikdiler...

Yone klişe setir bolupdyr şunyň, dost. Ak reňke gowulyk, garalyga – yamanlyk diyen düşünje gaty yöntemlay. Goy, yaşasyn reňkleriň deňligi! Reňbe-reňlige, reňkanalyga şöhrat!!! Dünyäniň ähli reňleri – birleşiň!... diysemem, bir yerden Mango çykar imdi. "Sen şol Huday saklasyn nemelerdenmi?" diyu.
avatar
0
3 Мango • 18:14, 03.07.2024
2-ä
bötmäňdä Maksat daýy...
Aýnaň diýenini maňa ýöňkömäňdä...
avatar
0
4 Aýgül_Baýadowa • 12:15, 05.07.2024
Nurdan, suratdaky oglan Seýrana meňzänok düýpgöter. Isleseň, öz suratyny tapaly?))
avatar
0
5 Medicall • 13:42, 05.07.2024
Aýgül, hiç-lay meñzemese, goşgylaram halka hödürlanden soñ Seýranyñky bolanog-a, suratam şeyle diyen bolayyn-la:)
birinji suratdaky oglan kafede kofe tapmandur, ikinji kofe tapypdyr, aglamaga bahana tapmandyr ýöne, gyzykly ýeri şol suratlañ))
avatar
0
6 Medicall • 13:46, 05.07.2024
Goşgy barada meñ pikirim-a ýazylan wagty bir bolmasa-da birhilijesine ikisini biri birine duygy taýdan ýakyn gördüm . Tapdymdajyk ikisini bile goyaydym şoñüçirip.
avatar
0
7 Aýgül_Baýadowa • 13:58, 05.07.2024
Ikisem barypýatan romantik goşgy. Bulary ýazan wagtlary Seýran gülgüne äýnek dakynýardy.
avatar
0
8 Medicall • 14:09, 05.07.2024
Onno ikinji goşguda gülgüne äynegini tapman aglajak bolup oturan suraty bolmaly:))
avatar
0
9 aygull • 18:34, 05.07.2024
Yok,ikinji goşgysynda-da äŷnegini ŷitirenok.(Nämesini ŷitirse-de, äýnegini ýitirmez ol). Häki bir, bile aglanlarynda gözýaş damyp, öl bolaýmasyn diýendir-de,aýryp goýandyr.
avatar
0
10 Medicall • 23:47, 05.07.2024
Aýgül, name diýseñem poeziýanam gowy ýazýardaý şü awtor, Seýranmy Saýranmy tanar ýaly däl, yazma diymay poeziýanam=))
avatar
0
11 Aýgül_Baýadowa • 00:22, 06.07.2024
Ýok, Nurdan. Besdir,sesimi çykarmadym, ol bolsa şol ýazyp otyr goşgyny. 
Derhal proza geçse gowy bolar Seýran. Habarlaşsaň aýt.
avatar
0
12 Medicall • 00:26, 06.07.2024
Aýgül, habarlaşardan alysda ahyrym men, sen menden öñ habarlaşyp bilmegiñ ahmal, siz golay-da nämede bolsa, ýazmagyn islemeseñ gowsy özüñ aýdaysana "Besdirr!" - diyde, :)) :)))
avatar
0
13 Pegas • 03:08, 09.07.2024
Seýran aga goýmasyn goşgyny. Men gowy görýän poeziýasyny.
avatar

Старая форма входа
Total users: 203