Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

01:50
Bonjour! / hekaýa

BONJOUR!

Şu gezegem onuň saçlary goňurdy. Elini galdyranda bilegindäki dürli reňkli owadan daşly bilezigiň gözelligi içiňi gysdyrmaýar. Belki şaňňyrdysam bardyr, ýöne, öwrenşilen sesden ýadalansoň, ony agzamagy başga bir güne goýdum. Gözüniň, gaşynyň reňkini, olaryň sazlaşygyny hekaýaň ortalarynda suratlandyrmagym ahmal. Pöwrize reňkli ulag ol gyssanmaç eli görenden howlukmaç sägindi. Aýnäzik örän rahat:
– Pariže, Rue de l'Inconnu ugrundaky Aucun jaýyna barmaly. Soň ýene-de aýlanmaly ýerlerim bar.
– Özüňiz tapýaňyzdämi?
– Bize ýoly salgy bererler! Her gitjek ýerimiz üçinem tölegiň üstüni ýetirerin.
Sürüji begendi:
– Mün!
Şol wagt gyzyl yşyk ýandy, sägindiler. Aýnäzik ugrukdyrdy:
– Göni gidiberiň!
Bu giňräk çatrykdan göni geçdiler. Ýoluň gyrasynda sakgaly agaran gür gara saçly nurana ýaşuly dur. Elinde bolsa: «saga» diýen ýazgyly çelgi bar. Sürüji saga sowuldy. Biraz ugranlarynda başy mawy ýaglykly bir daýza ýylgyryp, eli çelgili çykdy: «on üç metrden çepe, soň saga!»
Sürüji öwrüldi. Ýagyş çisňäp başlandan Pariže gelendikleri bildirdi. Ine, meşhur Eýfel, Arc de Triomphe. Bir köçäniň başynda «Rue de l'Inconnu» diýen ýazgy bar. Ulag çala ezilse-de, hapalanmady. Romantik şäheriň poetik köçeleriniň içinde azaşasyň gelse-de, häzir «Aucun» öýüni tapmaly. Sürüji bir saga bir çepe bakyp ýetişýänçä göni seredip oturan Aýnäzik:
– Geldik, isleseň, ýör senem! – diýdi.
– Elbetde, Pariže ilkinji gezek gelşim meň!
Gyz bir jaýyň howlusynyň demir gapysyny jygyldadyp açmady. Mylaýymlyk bilen açanynda, ses ýitirim bolan ýalydy. Howludan görünmeýän öýe girdiler. Göýä, öňem gelip görene meňzeýär Aýnäzik, öwrendekli. Sürüji oglanyň gözleri bolsa töwereginde. Iki gatsyz jaýyň birinjisinde bir goja:
Bonjour! Hoş geldiňiz, çaýyňyzy sowamanka içiň, Aýnäzik, seňkini hemişeki ýaly lawanda ýapraklary bilen ýandagyň güllerini garyp demledim. Daýanjyň bulguryna süýtli gara çaý guýdum.
Bilşiňiz ýaly Daýanç geňlemedi. Onuň diňe gyrada oturyp, bulara tomaşa edesi geldi. Şol goja – men.
– Gerekli bukjany taýynladym. Ynha, elinjek şu gutujykda dur. Isleseň şu wagt açyp gör, isleseň doly taýýar bolýança garaş.
– Men soňuna garaşaýaýyn!
– Bolýa, ol iň gowusy! Ilki bilen jadyly sözi aýtmagy unudaýma onda! – diýip ýylgyrdym. Yzyndanam ýuwaşjadan ýerimden turup, perdäni syrdym. Bul diňe gepiň gerdişi bilen edilen hereketiň dowamy. Jadyly sözüň nämedigini bilesiňiz gelýändir. Ony Näzigiň gulagyna pyşyrdadym-da, Daýanç ikisini ugratmak üçin gapa ýöneldim. Yzyndanam hiç zat diýmän, ýylgyrdym-da, çaýym bilen boldum.
Öýden çykanlarynda ulagyň reňki açyk ýaşyldy. Ikinji salga gitmeli. Yzky oturgyçda elindäki şirmaýy gutujygyny gursagyna gysyp oturan Aýnäzigiň gözleri gülende nur saçýar. Köçäniň soňunda bir gara gözli, gyzylymtyl saçly zenanyň elindäki çelgide: «saga» diýen ýazgy bar. Ýöne saga ýol ýok. Daýanç şonda-da öwrüldi. Ol ýerde oglan-uşaklar gygyrşyp oýun oýnap ýördiler. Arasyndan biri bulary görüp, barmagyny çommaldyp ylgap geldi-de, sürüjiň eline bir bölek kagyz tutdurdy. Kagyzy bilelikde okadylar: «97 metrden çepe».
Rimde garaňky düşüpdir. Kollizeýiň yşyklary aýnasyz penjirelerden saçylyp dur. Daýanç yzyna öwrülip, gara gaşly Aýnäzige ýüzlendi:
– Haýsy köçä?
Vicolo della Speranza.
– Bolýa, ýetip barýas... ana, ýetdik.
Casa del cuore ýazgyny görseň saklan.
Ýeke gatly kaşaň jaý. Howlusyz. Gapysyny ýene Aýnäzik açdy. Muzeý ýaly öý. Olary mawy köýnekli zenan garşy aldy.
Benvenuto!
– Hoş gördük! Ine-de gutujyk.
Ol zenan – men. Ikisine mürehet etdim:
– Siz kofeňizi içýänçäňiz menem gutujyga göz aýlaýyn!
Ol ikisi geçip oturdylar. Menem oňa çenli guta bir zatlar goýuşdyrdym. Bukjany açdym-da, siziň soragly nazarlaryňyzyň astynda bir zatlar çyrşadym. Näzigiň kellesini dyrmalaýan bir soragyna jogap berdim:
– Şonda içýän çaýyňam, okaýan kitabyňam, eşikleriň reňkem, adamlaryň psihologiýasam seni ýadatmaz. Ýüregiň uly, pikirleriň giň bolsun! Galanynyň alajy tapylar.
– Islän wagtym geläýinmi öýňüze?
– Elbetde, men hemişe şu ýerde. Gezelenç etmäge gitsemem, geljek wagtyň hemişe öýde tapylaryn! – diýip, gutujygy eline tutduryp, yzlaryndan elimi galgadym.
Näzik kellesini yza öwürdi, menem barmagym bilen bir şekiljik çyzdym. Olam düşündi, menem. Bu şekil täzelän jadyly sözümdi. Ýa-da üýtgedenim diýmän, üstüni ýetirenim diýäýin.
Daýanjyň toprak reňkli ulagyna geçdiler. Aýnäzigiň elinde başdaky gutydan başga ýene-de bir kiçijik gutujyk bardy. Ol diňe seretmek bilen oňdy. Azajyk ýöränlerinde öňlerinden kafe çykdy. Her stolda ikiden üçden adam otyr. Ýedi-sekiz stol dagy bar. Ulagy gören batlaryna hemmesi elini çepe tarap uzatdy. Daýanç çepe öwürdi. Öňde köprüjik göründi, ady Leabhar. Depesinde-de ýazgy dur: «Dublinde hoş gördük! Köprüden geçenlerinde ýaş jübüt ellerindäki çelgileri güjeňleşip çykdy: «Dogry gelýäňiz!» «Ýetdiňiz!»
Howa bolsa ikindiniň salkyny.
– Menem giräýjek!
– Giriber, elbetde! Ýaňy beýlekilere arkaýyn girdiň ahyry!
Ýene özboluşly bir öý. Melewşe geýnen Aýnäzik bilen ýaşytdaşa meňzeýän iki gyz. Ekiz-ä däl. Sebäbi bular – men!
Fáilte roimh chách! Size täze öwrenen kokteýlimizden taýynlap goýduk – diýdim.
– Ynha, bu gutujygam size! – Näzik gutyny uzatdy.
– Göreli, bukjany nämä öwürdilerkä!
– Şu gezek meňem ünsümi çekdi – diýdi Daýanç.
– Geň, ýolboýy-ha sesiňi çykarman geldiň – diýişdim. Olam çala utandy. Ýerimizden turdum. Eýleki otaga geçdim-de, etmeli işimizi edip, bukjany ýapdym. Daýanç bilen Näzik bolsa daşaryk seredip oturan ekenler.
– Beýle gaharjaň bolmasana, Näzik, sen diňe ýöre, dogry ýöre! Ýoluň özi elter! – diýdim. Şeýdibem bu ikisini ýola saldym.
Daýanç mämişi reňkli ulagyny otlanda Näzige jadyly sözi ýatladyp, elimiz bilen bäşlik ýasadym. Ýylgyrdy. Bulara seretseň, hezil edip ýörler. Ýöne, ine, Stambulyň agşamy hiç neneň däl eken. Ý.D.Degil mähellesindäki «Haýyr» diýen öýde Daýanç bilen Aýnäzige garaşyp, ullakan maşgala stoluň başynda şamlyklaryny ellemän oturan ekenler. Iki oturgyjy boş goýupdyrlar. Maşgala agzalarynyň sany iki eliň barmaklaryny geçibem baranok. Olar – men.
– Hoş geldiniz! Hany, nahary sowatmaly, soň çaý başynda gürrüň ederis! – diýdim.
– Işdäňiz açyk bolsun!
– Sag bol, Näzik, sag bol Daýanç! Myhman başlar!
Çaý başynda gutujyga ser saldym. Üýşüp bir zady aýyrdym, bir zady goşdum. Kiçijik gutujyga-da nazarymyzy aýladym. Asmanda ilkinji ýyldyzlar görnüp başladam welin, myhmanlary eglendirmän daşaryk çykdym. Howluda bir aýdyma hiňlendim. Şol wagt deňiz ysly ýakymly şemal öwsüp, Näzigiň saçyny sypap, bir zatlar pyşyrdan ýaly boldy. Dogry bildiňiz – jadyly sözi.
– Nireden başlamalydygyny bilýäňmi, Näzik?! – diýip soradym.
– Başyndan!
– Başynyň nirededigini tapmasaň – başlajak ýeriň şol bolar!
Daýanç krem reňkli ulagyny düýdüldedip sürdi. Menem yzlaryndan gülümsiräp seretdim.
Bir ugra ýola düşdüler. Çelgi görkezýän ýok. Garaňky düşdi. Daýanjyň ýüreginiň gürsüldisine alada goşuldy. Aýnäzik bolsa ulagdan kellesini çykaryp, Ýeriň ähli şatlygyny bir ýerde jemlän ýaly gygyrýar. Yzyndanam näzik gutujygy sypady-da, gözlerini gyrpyp, ýylgyrdy. Henize çenli eşidilmedik ýakymly owaz we bark urýan üýtgeşik ys bilen kümüş gutujyk açyldy. Ony daşaryk oklap goýberdi. Içindäki ýyldyz ýagyşlar daş-töwerege paýrady. Daýanç aňk bolup bu görnüşe tomaşa edip oturşyna ulagyny sürmegi unutdy. Aýnäzik gapyny begençli açdy-da, asman giňişligine özüni oklap, ýyldyzlary gar kimin seçeläp başlady. Ulag howada tans edýän ýaly o ýan bu ýan aýlanyp dur.
Aýnäzik elini ýyldyzlardan doldurdy-da göge sepip goýberdi. Asmanda ýazgy döredi: «Hoş geldiňiz!»
Ýere düşdüler. Aradan kän wagt geçmedigem bolsa, kän gezek gaýta-gaýta dadyp göresiň gelýän süýji wakalar geçdi.
– Meni ulaga mündüren ýeriňde düşüräý, Daýanç!
– Elbetde!
Doýgun gök reňkli ulag saklandy. Aýnäzik elindäki beýleki kiçi gutujygy oňa uzatdy-da, ulagdan düşdi.
– Bu seniň gutujygyň!
– A jadyly söz muňa-da gerekmi?
– Islendik sözi diý-de, açyber!
Gutujyga äň edip durşuna Aýnäzigiň eýýämhaçan gidip ýetişenini görmedi. Yzyna seretdi, hamala ol bolmadyk ýaly. Ulagy göni öýüne sürdi. Gapyny derrew açyp, kürsäp öz otagyna girdi. Gutujygy söz diýip açdy. Içinden dürli hili bolup Daýanjyň ýol haky çykdy.
Uly myhman otagdan kiçeňräk galmagal eşidildi. Entäk muňa haýran galyp ýetişmedik Daýanç dessine şo jaýa ylgady. Aňyrda tanyş adamlar dur: bir goja, zenan, gyzlar, soňam ullakan maşgala, ýagny, men! Hemmämiz jemlenip:
– Hoş geldiň, Daýanç! – diýdim.

19.03.2018

© Seýran OTUZOW
Bölümler: Hekaýalar | Görülen: 136 | Mowzugy paýlaşan: Medicall | Teg: Seýran Otuzow | Рейтинг: 5.0/3
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 7
avatar
0
1 derwushhana • 06:04, 31.03.2024
Dogrusy, hekaýany 2 gezek okadym. Ýöne düşünmedim. Gowy zatdygyna ynanýan ýöne eger bir akym boýunça ýazylan bolsa akymyny aýtsaňyz bizem şol akymy öwtenip, simwolikany öwrenip soň okasak
avatar
0
2 derwushhana • 06:06, 31.03.2024
Indi hakaýa okamagam kynlaşyp barýarow, adamlar ýaly çylşyrymlaşýa. Gowulyga bolsun-da hernä
avatar
0
3 aygull • 12:37, 31.03.2024
Çylşyrymlylyk bilen düşnüksizlik birmikä, derwushhana? Sadalyk, çylşyrymlylyk usul bolaýmasyn, eser babatda.
Eser nädip ýazylan bolsa-da, ahyry düşnükli bolmaly.
avatar
1
4 derwushhana • 12:46, 31.03.2024
Umuman dogry aýdýaňyz. Bilmedim, men-ä şundan baş alyp çykyp bilmedim. Aman Şyhnepesiň bir ylmy makalasyny okamak üçin 10 sany ylmy kitapdan habarly bolmaly bolşy ýaly bu hekaýany okamak üçinem şonçarak ylym gerek öýdýän. Eger düşünen bar bolsa az mazmunyny düşündirse-de kem görmezdim.
avatar
0
5 Aýgül_Baýadowa • 13:09, 31.03.2024
Bu hekaýa öň ýazylan. Seýranizmiň tüýs gülläp ösen, Seýranyňam başardygyndan düşnüksiz ýazmaga çalyşýan wagtlary.  Şol döwürler žurnalist gelnejeleriň biri ýanyma gelende iş stolumyň üstünde duran kitaby ("Gözlerim gürleýär")"Men bolnitsa barýan-da, bir hepde dagy ýatmaly boljak, şonda okar ýaly beräý" diýip, diläp alyp gitdi. Soň kitaby idämde, goşgulara düşünibilmän gaty heläk bolandygyny, okasaňam, edil bolnitsada okamaly kitap däl ekendigini aýtdy. Seýranyň kitabydy şol. Özüne-de aýdypdym. Gaty begenipdi...)))
Men pahyram eger-eger çuňluga, çylşyrymlylyga garşy däl. Adamlaryň beýnisini trenirowka etdirip bilseň, oňa ýetesi zat barmy.  Ýöne düşnüksiz eser beýnini düşnükli esere düşünmäge-de ýaramz ýaly edip taşlaýar. Bu welin, gowy däl.
Edil şu hekaýan-a Seýranyň özem düşündirip bilmez, ýalňyşmasam. Ses, seslen.
avatar
0
6 derwushhana • 15:41, 31.03.2024
Aý, bolýa. Düşnüksiz zatlaň bary beýikdir diýip goýaýmaly bolýar-da. Nobatgulam halamanmyşmy düşnükli zatlary.
Näme diýýärdi: Ömrümi düşnüksiz ýaşadym, gynanýan goşgulam juda düşnükli. Şuňa golaý setiri bolmalydy öýdýän.
avatar
0
7 Mekan2 • 11:20, 01.04.2024
2018, Seýranyň öňki heňi :-)
avatar

Старая форма входа
Total users: 203