Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

10:22
Gizlenpeçek
Exclusive


GIZLENPEÇEK

Gaýgylar ýylgyryşda bukulýar
Ýazlar – gyşda, ömür – ýaşda
Gorkak – söweşde...
Gorkular sandyrap,
Has titrewük eşikde.
Seni yşkda bukdum
Yşgymy – özümde

Alla her ýerde bukulýar
Tapylmak üçin
Köňülde, ýürekde, ruhda
Bir agyr dilegde – äşgär
Gizlin şükürde – jomart
Iň soňky damjaňda – sabyr...

Köne sözler sözlükde bukulýar
Berlen sözler – howada
Dözümliler – alawda.
Dogrularyň bukusy wyždan
Meniňki – küldan
hatda içim...

Ýöne sen bukulma
Eý, pikire dönen düşünjäm,
Ýagýan harplaryň öwrülişiginde
Ýumruga ýygnansa penjäm,
Döwülme, pikirim,
Gömülme köňlüm.

© Seýran OTUZOW
Bölümler: Goşgular | Görülen: 261 | Mowzugy paýlaşan: Medicall | Teg: Seýran Otuzow | Рейтинг: 4.7/9
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 47
avatar
2
1 sussupessimist • 10:22, 27.03.2024
Seýran dostumdan täze, ajaýyp goşdy!
avatar
0
2 Mekan2 • 10:32, 27.03.2024
gorka-gorka okap başladym. "ýene düşünmän dikdüşdi görnerin"diýip.
haýran galyp ýetişemok, Seýrandan düp-düşnükli, hem ap-ajaýyp goşgy.
bet-bet.
avatar
0
3 Mekan2 • 10:34, 27.03.2024
ilkinji bäş ýyldyzy men basýan
avatar
0
4 aygull • 10:52, 27.03.2024
"Alla her ŷerde bukulŷar" diŷŷàñ welin, birhili bolup gidýàn, nàmùçin, onam bilemok...
Tapylmak ùçinmi, gòzletmek ùçinmi?!..

Bir zatlar edip garjaşdyrmasañ bolaýmajakmy diý.
avatar
1
5 Ak-sary • 11:00, 27.03.2024
Gowy gowy
avatar
0
6 Mekan2 • 11:03, 27.03.2024
Gaýtalap-gaýtalap okadym. bu golaý munýaly goşgy okamandym.
goşguda iki sany "sen" bar. biri pikire dönen düşünjesi, beýleki X.

X=gyzykly, kimkä ýa nämekä?

meň-ä öýdäkim gözöňüme gelid (gowy görýänäý şony:-)), göni inniki setir Alla bolup başlaýa (Oň ýanna öýdäki kim). bilemokdä men-läý. ýöne, ähtimallyk teoriýasy bilen hasaplasaň, x=ýerdäkiň %-i agdyklyk edýä.
avatar
1
7 Medicall • 11:09, 27.03.2024
Gowy gördüm Seyrannädemiñ goşgusyn (hekaýalaryny has gowwõrýan goşgusynnan)
avatar
0
8 Mekan2 • 11:10, 27.03.2024
aýdypdyr-a, Aýgül genje,

Tapylmak üçin, (ýörite eden däldir, ýöne türkçede "tapylmagyň" "çokunylmak" manysy bar, gowy gabat gelme)

"gizlenýän" ýerine sered-ä

Köňül, ýürek, ruh (ruhy nemerägem bolsa, ýürek ... söz tapamok (bukulypdyr) ajaýyp diýäýmesem. (lamekana Sygmadyk, gulunyň kalbyna sygdy" diýen ýaly klassykada bar öýdýän)
Bir agyr dilegde – äşgär (haýran galaýmaly)
Gizlin şükürde – jomart (ondanam beter haýran galaýmaly)
Iň soňky damjaňda – sabyr... (muňa gaty haýran däl)
avatar
0
9 Medicall • 11:11, 27.03.2024
@ myhman, öýdäkim diýdiñiz wöli daşardakyda biriñiz barmy))
avatar
1
10 aygull • 11:17, 27.03.2024
Wah, @myhman, tapmagam gowy welin, gözletmegiň, gözlemegiň süýjüsi bir başga-da.
Seýranizm nämäni nazarlaýar ýöne, ony ne men, ne sen anyk aýdyp bileris.
avatar
0
11 Mekan2 • 11:20, 27.03.2024
9-a. Nurdan hanym, onam ähtimallyk teoriýasy bilen işlemeli. daşardaky bir däl-de, birnäçe bolmagam ahmal. 0 bolmagam ahmal. ýa-da, howa maglumatyndaky ýaly, "...üýtgäp durýan..."
avatar
0
12 Mekan2 • 11:23, 27.03.2024
10. ony Seýranyň özem anyk aýdyp bilmäýmese. bilmäni üçinem şeýdip aýdýan bolmaly :-)

ýo, ýo, degişýän. bu gezek anyk aýtma kemini goýmandyr, zaluwat.
avatar
0
13 Medicall • 11:25, 27.03.2024
11.e. hehee, onno siziñ daşyñyzdan daşardakylar üçin: "barma howplydyr" belgisini goýmaly bolaymasa:)
avatar
1
14 Мango • 11:28, 27.03.2024
haladym, hezil edip haladym...
esasam "Allahyň  her ýerde bukulmagyny (gizlenmegini), tapylmak üçin..." Hawa, Allah bukulýar, özem 99 gezek bukulýar...
gözlänede tapylýar...

"gözlän - tanar, tanan - söýer, söýen - islär, islän - gowuşar..." -diýen ýalyrak bir zat okanym ýadyma düşdi.

gowy, 30 daýy.
gaty gowy. sag bol özüňe-de.
avatar
0
15 Mekan2 • 11:31, 27.03.2024
13-e. indi giç, eýýäm biri geldi :-)

hä daşardakylar hakdamy ýa?! özüm aýdýan-laý "men howuplydyryn, golaýlaşmaň" diýip. radioaktiwligi bildirýän sary fonuň ýüzünde üç perwana şekilli lybaslar geýýän.
avatar
1
16 Мango • 11:39, 27.03.2024
myhmana:
"...meň-ä öýdäkim gözöňüme geldi (gowy görýänäý şony:-))..."

myhman kaka, öý diýeniňi howly diýip göz öňüne getirseň, howluda – sygyr bär, göle bar, alabaý bar, towuk-gaz bar.... edil öý bolanda-da pişik bardyr... :-)
öýdäki diýýäniň - golaýjygyň bolaýmasyn? :-)
avatar
0
17 Mekan2 • 11:53, 27.03.2024
gitdigiçe utandyryp barýaňyzaý men görgülini :-) ÖÝDÄKI diýseň, hemmä düşnükl-ä gürrüňiň domaşnyý telfon hakdadygy (dilimiziň baýlygyny görýäňizmi?!). meňem dilim bar-a, Ýokardakyň* özi gorasyn, dek duranok-da. dilim bilen bela galyp ýörün.

*Ýokardaky diýsem, guş-puş däldir.
avatar
1
18 Мango • 12:04, 27.03.2024
17-ä.
ýene anyklaly.
öýdäki öý telefonyňy gowwörýäňmi ýa-da golaýjygyňdaky el telefonyňy?
avatar
0
19 Küle • 12:12, 27.03.2024
Seýran Otuzdan iň halan goşgym. Şu güne çenli. Häzirlikçe...
avatar
0
20 Medicall • 12:14, 27.03.2024
17-ä. Ýoo, biz utandyrjak bolamzok, ýöne düşnjek bolýas:

Indem ÖÝDÄKI boldymy ol. hany "m" sy?!

Öýdäki bolsa şeýle bolup bbiler: daşardaky, ýoldaky, maşyndaky, işdäki, kompyuterdäki, telefondaky, tokaýdaky, "daky,
däkileri" näçe köpeltseñ bolar durar.

Ýöne "däki" - den başga ady bardyra şo zadyñ, iñ bolman janlymy jansyzmy şony bir aýtmalydahouu:))
avatar
-3
21 Lacrymosa • 12:33, 27.03.2024
Ur-raaaaaaaaaaaaaaaaaaaaaaaaaaaaaaaaaaa, gizlen-meşeeeeeeek! Kim eşekçi? Kim-kim? Mango daýym eşekçi!!!! Saaaaaaaana, ýaşok!
avatar
0
22 Mekan2 • 12:47, 27.03.2024
owf, Seýrana düşünýäňiz, maňa düşüneňizok, şeýlemi? :-)
bolýa aýdaýyn. soňam sesimi çykarman oturjak.
"öýdäkim" diýýänim - aýalym, çagalamyň ejesi, ejemiň gelni, ejem oň gaýnenesi, kakam oň gaýnatasy, agam gaýnagasy, aýal doganym gaýnekejesi...
aýtma utanjam bolsa, mangoň sorany üçin gaýtalaýyn: şony gowwarýan.

saýta girenok, girse, bu zatlary okap begenerdi. bolmasa, şu gün dilim bilen aýdaýaryndaraý.
avatar
1
23 Мango • 13:01, 27.03.2024
21-e.
gel, gowusy Magtymgulyny diňleýik, Magtymgulynyň "gizlenpeçegini".
(çeşme: Jahan senden bihabar - Pyragynyň şygyrlary (nejatdin.de))

Jahan senden bihabar

Sen sen araýyşy-jan, bu jan senden bihabar,
Sen jahana doly sen, jahan senden bihabar.

Endişe derýasynda syrym sefmesini
Ýüz taparga ýüzdürdüm, seýran* senden bihabar.

Ger diýseler küfr olar, eşýa senden halydyr,
Menzil senden mustagrak, mekan senden bihabar.

Zemin, asman, garb-u şark pertöwüňde gerdandyr,
Zamanyna sen gerdan, zaman senden bihabar.

Istär seni deňizler, ýaýkanyşyp şowkuňdan,
Sen olar içre maglum, umman senden bihabar.

Zemin tilär asmanda, asman tilär zeminde,
Bir-birine gümanda, güman senden bihabar.

Magtymguly, gör indi, eşýalar ne işdedir,
Ýok imiş bu eşýada, heman senden bihabar.

---
* ...seýran senden bihabar.
Magtymguly Seýran Otuzy agzapdyr. Seýran däde nähili bagtly kişi.
avatar
0
24 Medicall • 13:08, 27.03.2024
22. Seýran düşünikli aýtdy, hatda nirede näme gizlänninem aýtdy)

Ýöne sen "öydäkim" diydiñ-da, menem öýde öýdäki ulanýan zatlamyzyñ baryny gözöñme getirip gördüm

Şeydip düşündirip aýdaymaly-da häliden.

Wii ýogsada daşardaky näme zat, olama "ähtimallyk teoriyasynda" ken, inni onam düşündirda:)
avatar
0
25 Mekan2 • 13:08, 27.03.2024
onda menem bagtly, mango :-)
avatar
1
26 aygull • 13:21, 27.03.2024
Haý, Mekan diýsänim.
avatar
1
27 Мango • 13:31, 27.03.2024
25-e.
howwaý.... senem bagtly...
bihabarlary habarly edeli @myhmanyň ady Mekan.

Ger diýseler küfr olar, eşýa senden halydyr,
Menzil senden mustagrak, mekan senden bihabar.
avatar
2
28 sussupessimist • 17:08, 27.03.2024
Menzil senden mustagrak, mekan senden bihabar...

Magtymguly Romanguly Mustakowam agzajak bolan ýaly...
avatar
1
29 Lacrymosa • 17:17, 27.03.2024
28-e
Alla şaýat, entek bylar ýaly gülüp göremog-ow
Comedy clubam şyn ýaly güldüren däldir
Sagja bol, Sus!

P.S. Magtymguly ýaly maýyşgak şahyr ýokdur diýdirdiňiz-ow
avatar
0
30 Lacrymosa • 17:34, 27.03.2024
Döwülme, pikirim,
Gömülme köňlüm.
diýende ,,köňlümiň'' öňünden otur gerek ýaly hemem ,,pikirim, köňlüm ''diýip, olary sana salyp, gürleşip duranyň üçin jyns atlykdan çykyp, has atlaşyp, baş harp bilen ýazmaly bolup ýatan ýaly bop du.
goşgy weli harika. 10 numara 5 ýyldyz
şun ýalysyndan ýene goýsana
avatar
0
31 Mekan2 • 17:40, 27.03.2024
Sen sen araýyşy-jan, bu jan senden bihabar,

şuňam sinonimi şeýle bolýa:

Sen sen maksudy-jan, bu jan senden bihabar,
avatar
0
32 Mekan2 • 17:43, 27.03.2024
şu ýerigem kese çyzyk gerek, eýe bilen habaryň ikisem baş düşümde bolany üçrip.

Dogrularyň bukusy – wyždan
avatar
-2
33 Lacrymosa • 17:43, 27.03.2024
hiiih, by Magtymgyuly Maksadyňam adyny tutupdyr
bir Mango daýym ikimiziň adymyzy agzamandyr
mbäh, adam aralapdyr-eý
avatar
0
34 Belki • 11:49, 28.03.2024
Seýrana otuz gezek berekella!
Çuñluk şu, poeziýa şu!
Magtymguly atamyz "Seýran senden bihabar " diýse-de Seýran habardar ýaly.
Tema bilen dahylsyz :
Biz obada Mekan atly, öýdäkisini gowwörýän kim barkan-aý? )
avatar
0
35 Mekan2 • 12:20, 28.03.2024
men-dä şo siz obada mekan atly, öýdäkisini gowwörýän :-)
avatar
0
36 Belki • 12:32, 28.03.2024
Ýo, oña düşündim, kimlerden bolar siz, nirräkde MEKAN tutar siz şoña düşünmedim. (Seýran ýaly "kodly" geplemänem oñaramog-aý, gönüläýýän :))
avatar
0
37 Mekan2 • 12:54, 28.03.2024
obaň orruk ortarasynda, gurruk guýyň gaýrasynda mekan tutan mekan men. ýerden ýeke çykan.

obada mekanlaň känligem bir gowy zat :-)
obadaşlaň meni tanamaýanam iki gowy zat :-)
heziläý, men-ä hemmä belet, olaram meni tananok.
avatar
0
38 aygull • 13:21, 28.03.2024
"Nirde mekan tutduň, agam Abdyllany" aýdyň. Çydap bilmän adresini ugradar
avatar
0
39 Mekan • 19:27, 28.03.2024
39-a. Awataryñdaky suratdanam belli. Geliber how, çekinme.
avatar
0
40 Seýrаn • 23:18, 28.03.2024
Sussupessimist
avatar
1
41 sussupessimist • 00:46, 29.03.2024
Şunda bar (filosofiýa), Laçynyň araky fotograflar hakdaky goşgusynda bar (sosial tema) hemem "Haýkyrýan gözlerinde" bar (psihologik). Soňky okanlamdan aýtsam
avatar
4
42 Medicall • 15:28, 29.03.2024
Beee, Magtymgulyny maýyşgak hasaplap, ýaňsa alyp başlan bolsak diýmek biz ýamman özümize göwnümiz ýetip durandan bolýan bolaýmasak diýdirdiňiz sizem.

oýnuňam, çynyňam çeni bardyrla.

Hormatly awtorlar, okyjylar agzalar. soňky günler saýty çagalar bagyna dönderip barýanyňyzy özüňiz duýýaňyzmy, ýa-da hökman biri aýdyp ýokuş görünmelimi?!

Gaýrat edip saýtda edebi çägi saklalyň, saýlanan esrleri paýlaşalyň. bu ýer edebiýat meýdany,  birlerini ýaňsa alynýan, birlerine gep kakdyrylýan ýer däl. Edebiýat Kafesi bir ýyldan gowy wagty tertip düzgün bilen hereket etdi.  soňky bir aýyň içinde birhili hil peselip, suwjyklyk köpelip barýar. geliň hakyky edebiýatyň hatyrasyna ýöredeliň saýty. elbetde oýunuňam çynyňam öz ýeri bar.
avatar
3
43 sussupessimist • 15:41, 29.03.2024
Dogrudanam, birazajyk agrasrak bolalyň, çynlakaý edebiýatyň gürrüňini edeliň. Hökman her kim teswir ýerine akademik makala ýazsyn diýildigi däl, ýöne edebiýat kafesi diýýän ýeriňem larýoga öwrülip dursa gowy däl.
avatar
1
44 Mekan2 • 15:59, 29.03.2024
menden boldy öýdýän. ötünç soraýan. "öýdýän" diýip ýuwmarlan bolýan, bilýän, bar belaň körügi - men. düzelmek üçin elimden gelenini ederin.
avatar
1
45 Merdan • 16:06, 29.03.2024
Ýo Myhman aga, menden boldy, şu gun geldm welin düşinip düşinmezden teswir ýazdym.
Ýöne nesip bolsa talaba laýyk bolarys indikilerde!
avatar
1
46 aygull • 00:48, 30.03.2024
Şu baýrak berlen parfýumda bolaýmasyn ßu warsakylaň sebäbi. "Sen dym, parfýumyň gürlesin" diýdirip:))
avatar
0
47 Medicall • 20:55, 30.03.2024
Hawa, şoñ ysy beýhuş edendir, diñe parfýumlary gürläp dur-a:)
avatar

Старая форма входа
Total users: 203