13:19 Çaga we kagyz | |
ÇAGA WE AK KAGYZ Ýaşalmadyk ömür, degmedik syýa, Çaga çalarmadyk asman mysaly. Iň kämil, iň tämiz, iň sap kapiýa Düýrlärsiň göýä ol kagyzmy haly. Çaga – akja kagyz, suwdanam dury, Sen häzir dymsaňda aňarlar derdiň. Hawa, sen, begdenem, handanam uly Saňa düşünmezler ulalyberseň. Ak kagyzdan ýelken açdyň durmuşa, Gark etmez ummanyň hiç bir gomlary. Çaga ädimleriň çalymdaş guşa Aslynda hemmäniň birdir gamlary. Gel gaşyma, seret hany gözüme, Hem ýylgyr arassa duýgulaň bilen. Aram tapjak argynlykdan bir salym Görmersiň başga gün gaýgydan gülen. Takat bersin köňle, çaga kuwwatyň, Ýatladyp dünýäniň iň zor merdini. Ýagtylt ýürekdäki ajy zulmatym, Çaga bilen eredip bor her kimi. Bagyşla, akja kagyz, ýalňyş ýazaýsak, Galam alyp, haýdaberýäs bir bada. Çaga aklyň bilen düşünýäň häzir Düşünmersiň ulalansoň köp zada. © Seýran OTUZOW | |
|
Ähli teswirler: 1 | |
| |