Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

21:03
Bokurdagy galan ýigit
BOKURDAGY GALAN ÝIGIT

Plassmasja gapjagaza gaplanan,
Doňdurmajyk doňdurdy oň bogazyn.
Bokurdagy gögerýärmi nädýärmi?!
Bilenok nä bolanyn.

Bilmezçe-de däl-ä ýöne,
Öňňin arakesme wagty,
Okuwdan bir sypagada,
Iýdi gaplanan doňdurma.
Iýdi özem, baý-baý iý-dä,
Ilki gezek iýýän ýaly,
Biri iýme diýýän ýaly,
Haýdap-haýdap,
Haşlap-haşlap...

Öýe gelen dessine-de,
Bir gyzdyrdy, bir üşütdi.
Bokurdagy «aşyk» bolup,
Käýinç sözem eşitdi.

Telefonda janygsa-da,
Ejesi kän janygsa-da.
Saklanyp bolaýýarmy nä?!
Işdäň gyssasa.

Şeýdip bokurdagy galan,
Ýigit sesinden galdy,
Bir söz diýjek-diýjek bolup,
Ge-ge-,
«se»-sinden galdy.

Ökünýär ol,
Näler, näler.
Öýkünýär ol,
Näler, näler,
Öňküje sagat bolşuna,
Öňküje Myrat bolşuna.

Bokurdagy ýumşap kem-kem,
Çişjagazy aýrylaýsa,
Gyzgynjak süýt, derman-däri,
Çişjagazy aýyraýsa,
Bokurdagy galan ýigit,
Ýalňyşyndan aýňalaýsa,
Aýňalaýsa, aýňalaýsa,
Çişjagazy aýrylaýsa...

© Gurbanmyrat SARYÝEW
Bölümler: Goşgular | Görülen: 117 | Mowzugy paýlaşan: Saryýew | Teg: Gurbanmyrat Saryýew | Рейтинг: 5.0/1
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 3
avatar
0
1 Mergenowna • 13:46, 03.05.2023
Iýdi özem baý-baý iýdä
avatar
0
2 Saryýew • 20:49, 03.05.2023
Näme diýjek bolanyňyza düşünmedim-ä...
avatar
0
3 Medicall • 11:53, 10.05.2023
LOR wraçda, bokurdagy galan ýigide bejergi ýazjak bolan bolaýmasa :))
avatar

Старая форма входа
Total users: 202