12:25 Pursatlyk pikir | |
PURSATLYK PIKIR Sen-ä Güne meňzeş, men bolsa Aýa, Çünki Gün özünden saçýar şöhlesin. Aý bolsa Günüň şol ýagtylygyny serpikdirip, ondan yşygyn alýar hem açýar gijäniň gözel söhbetin... Sen beýik dag bolsaň,men seniň da:şyň. Eger çykmak isleseler üstüňe, Zyňlyp aýaklarna ýaralaryn men Hem çykaryn ýaman päliň kastyna! Bilýäňmi, sen Zemine meňzeş, A men bolsa, mawy Asman. Eý, ýok beýle bolsa... Bir-birege duşup bilmän, Ömürboýy aglap geçmegim ahmal! Onsoň gözýaşymdan gark bolup Zemin, Geler gül ömrüňe soňlaýjy ahwal. ...Yşkymyň dagynda mumyýa deň bol, Menzilme hemdem! Ýok, gel iň gowusy sen-ä sen bol! Men bolsa men! 01.06.2023 | |
|
Ähli teswirler: 0 | |