20:53 Ogurlanan duýgulam | |
OGURLANAN DUÝGULAM Meñ häzir şeýlebir tukat ýagdaýym, Göwünlik gerek däl, ,,gyýylma" diýme!. Ahy-tupan, görgüsi kän durmuşyñ, Añsadyn añtaýan, kynyny zyñyp, ,,Söýgi ýüregiñi giñedýär" diýme, Howasy dymyk. Ummanlañ içinden çykmadyk bagtym, Elin sallamasyn asmandan aşak, Men şonsuzam düşüniksiz ýaşaýan, Ýerde başaşak. Men şagyzy gözlemedim ozalam, Ýazlan bolsun diýdim sada kenizek, Emma welin şol kiçijek arzuwym, Gowuşanok henizem. Armanlarym ardy bilen depip dur, Han-ha ýyldyzlaram juda uzakda, Güýz geldi, gyş geler, ýazlaram öter, Ömür uzak däl. Sen bolsa henizem gizlenip ýörsüñ, Iñ bolmanda bir gezegem duşmadyñ, Ah-ow her görenme şol sensiñ öýdüp, Ýakynlarma buşladym. Kalbymda yzlary yza bolup dur, Saña meñzedenlem sen däl ekeniñ, ,,Ýitirseñ gazanjyñ köp bolýar" diýme, Deñ däl ekeni. Sen duýýanam dälsiñ, belki habarsyz, Garaşýanym, küýseýänim, köýýänim, Men häzir şeýlebir tukat ýagdaýym, Gelseñem aýtmaryn seni söýýänim, Göwünlik gerek däl ,, gyýylma" diýme... © Baýram BEJIDOW | |
|
Ähli teswirler: 5 | |
| |