TÜRKMEN EDEBIÝATY


03:39
Sendiñ-ä
SENDIŇ-Ä

Bagtyñ gözlerine siñe,
Bakyp gözlänim senmi ýa?!,
Çeşmeden öwrülip sile,
Akyp gözlänim senmi ýa?!.

Dilimde dişläp adyñy,
Zeýrenje öwrüp dadymy,
Köñül törümde oduñy,
Ýakyp gözlänim senmi ýa?!.

Dolduryp köñül boşlugmy,
Görýärmiñ?, niçik hoşlugmy!,
Ömürden gizläp ýaşlygmy,
Bukup gözlänim senmi ýa?!.

Senmidiñ şol gijelerne,
Daşym gurşanda ýekelik,
Baş bermeýän sarç göwnüm,
Göwnüñ dyzyna çökeren.

Çagşan duýgularmy düzmän,
Umytdan umydym üzmän,
Ýakyny uzakdan gözlän,
Asyl günäkär menmi ýa?,
Ah ýöne gijiräk duşdyñ,
Ýogsa gözlänim sendiñ-ä...

© Baýram BEJIDOW
Bölümler: Goşgular | Görülen: 53 | Mowzugy paýlaşan: @Baýram_Bejidow | Teg: Baýram Bejidow | Рейтинг: 5.0/2
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 1
avatar
0
1 Okayjy_ • 01:36, 10.08.2023
Öýlenen soñ dušdymy :)
avatar

Старая форма входа
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Özüm özümi synlap, haýran galdym. Ýyl, ömür diýlеn zat adamy nä hala salýar ekеn?!
© HYDYR AMANGELDI
EDEBIÝAT KAFESINDE
Men adamlary diňlemegi gowy görýän
© UMYT KÜLE
EDEBIÝAT KAFESINDE
Baglar, Ynanmañ, Gara gyşyñ Gününe!!
© MEŇLI AŞYROWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
Bäh, aýna-da garraýan eken..
©LAÇYN PÜRJÄÝEWA
EDEBIÝAT KAFESINDE