02:42 Keýpine ýylgyr!. | |
KEÝPINE ÝYLGYR!. Ýylgyrsana, gülsene, Bir zatlar diý bälçiräp, Niçün geplemän dursyñ?, Öñler dymma däldi-ñä!. Zyýanlyk zat aýdamok, Ýapyp durma gulagñy, Ýa seniñem keýpiñe, Sogan dogradylarmy?. Ýör onda asmana uçup, Güneşi gizlän bulutdan, Ýekän-ýekän ar alaly, Ýa daşmyka aralary?, Aý bolýa-la üns berme, Mendirindä... Ýogsa-da sen, ,,bolsa-da dem-, -Ruh gidip bilýär..." diýdiñ, ,,Jany ýok, gany ýok welin, Umytlaram ölýär" diýdiñ. A men bolsa üns bermän, Bolýar diýdim. Bagt barmagny çommaldyp, Ikimizi görkezenok, Bilýäñ ahyr, durmuş ýandak, Ýakar ýaly çerkezi ýok, Gülkiñ töweregi kän-de, Çyn gülkiniñ merkezi ýok. Aga-gara düşünmän, Gülýär ahyr çagajyk, Ýylgyrsana, gülsene, Ömrüñ özi azajyk. Geçip gider deñiñden, Geçmejek ýaly kynlar, Güman etme, görýäñ-ä Geçip durka ýakynlar, Ýakyndan. Birazajyk ýylgyraý, Ýuka göwün synmasyn, Gussa gutarmazmyşyn, Sanalgyjañ dynmasa, Karzyna gül bolmasa, Öwezini dolaýyn, Wahahaýlap gülsene, Için ýakyp täleýiñ, Geñirgensin şum ykbal, Menem haýran galaýyn. Bagt barmagny çommaldyp, Aga-gara düşünmän, Geçip gider deñiñden, ,,Bolýar" diý ýylgyr... Awtory: Baýram Bejidow | |
|
Ähli teswirler: 2 | |
| |