02:27 SENI TAPDYM MEN ÖZÜMI ÝITIRIP... | |
SENI TAPDYM MEN ÖZÜMI ÝITIRIP... Uklasym gelenok, ,,Ýat" diýme maña, Sähelçejik wagty edinip olja, Sen hakynda hyýal gurjak ýadaman, Düýbini päk niýet, ynamdan gurjak. Dünýe bilen dostlygymam uzak däl, Uzawersin saña bolan dostlugym, Wagt gymmat, onam saña sarp edip, Subut etjek çyn söýgüniñ rastdygyn. Mañlaýmyza gijä galan ol bagtam, Täleýmizden porruk köwüp ýörmesin, Gelsin, görsün, mynasypmy ýa dälmi, Duşmagmyzyñ çäresini gözlesin. Sözleñ bilen iññe ýaly dürtgeläp, Ýüregimi deşim-deşim etme sen, Gelmen öýtme, men ýene-de gelerin, Söýgüm üçin galan ömrüm ýetmese. Derýa bolsañ gark boljak mähriñe, Sen dag bolsañ göwen bolup biterin, Çyra tutup seniñ köñül şähriñe, Seni tapdym men özümi ýitirip... Awtory: Baýram Bejidow | |
|
Ähli teswirler: 0 | |