TÜRKMEN EDEBIÝATY


20:24
Ýagsana kalbymyñ üstüne!.
ÝAGSANA KALBYMYŇ ÜSTÜNE

Ýagsana, kalbymyñ üstüne,
Duýgularmy buýdursana,
Göwnüm añzakda ýaly,
Gar bolup ýag,
Ýagmyryña zar bolupdyr,
Seni küýsän hyýallarym,
Zyýanlylañ zyýanlaryn,
Bu beýnimiñ dumanlaryn,
Ynamymyñ gümanlaryn,
Bagrymda öýen ganlary,
Ýuwar ýaly ýag,
Ýagsana.

Dul şatlygy sallah gussa,
Durmuşa çykar, ýa öýer,
Guran arzuwlarmy suwla,
Uklan umydymy oýar,
Men özüme geler ýaly,
Damja bol, ýüzüme dam sen,
Ýag sen.

Saralyp ygaly küýsän,
Göwnüme nem bol,
Em bol başarsañ,
Yzgaryñdan özge bir zat,
Çyglyk,
Gelmesin daşardan,
Içime siñ, öýkenimde,
Dem bolup gal, ruhyma siñ,
Artygym bol her kemimde,
Ýüküm ýeñlet gerdenimden,
Şu gün ýa-da ertelemde,
Günler ömri kerteninde,
Bulut bolup garalda gel,
Guýdyr ýaz deý çagbalary,
Men ajy ýugdan balary,
Çykyp ýalñyzlyk kastyna
Ýagsana,
Ýagsana,
Kalbymyñ üstüne...

©Baýram BEJIDOW
Bölümler: Goşgular | Görülen: 37 | Mowzugy paýlaşan: @Baýram_Bejidow | Teg: Baýram Bejidow | Рейтинг: 5.0/1
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 0
avatar

Старая форма входа
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Özüm özümi synlap, haýran galdym. Ýyl, ömür diýlеn zat adamy nä hala salýar ekеn?!
© HYDYR AMANGELDI
EDEBIÝAT KAFESINDE
Men adamlary diňlemegi gowy görýän
© UMYT KÜLE
EDEBIÝAT KAFESINDE
Baglar, Ynanmañ, Gara gyşyñ Gününe!!
© MEŇLI AŞYROWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
Bäh, aýna-da garraýan eken..
©LAÇYN PÜRJÄÝEWA
EDEBIÝAT KAFESINDE