Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

11:12
Ol...

«Biz hakyky ýazyjy-şahyrlarda hatda ylmyň hem düşündirip bilmeýän ýokary ahlak derejesini duýýarys. Bu olar üçin ähli zatdan hakykaty aňşyrmaga, ony görmäge kömek edýän ikinji bir görmek ukyby, has dogrusy, olary bolmak isleýän we hökman bolaýmaly ýerlerine äkidip bilýän täsin güýçdir.»

Onore de Balzak

OL...

Ol daşyndan seretseň çaga ýaly görünse-de, onda çaganyňkydan has uly, hatda ulularyňkydanam tapawutly ýürek bar. Şol ýürek, oňa öz-özi bilen galanda başga bir owadan, syrly dünýäde ganat ýaýyp uçmaga kömek etse, deň-duşlarynyň ýanynda ýekesiremäge mejbur edýär. Onsoň ol ylgap diýen ýaly özüni dünýä içre dünýäsine − kitaplaryň, arzuwlaryň älemine oklaýar. Baý, hezildigini! Bu ýerde ony çagasyradyp, yza itekläp, dükanda nobatyny alýan ulularam, ýa bolmasa, matematika mugallymy ýaly sapagy oňly düşündirmändigi sebäpli hasapdan gowşak baş çykarýan okuwçysyna (aslyna seretseň-ä özüne) pes baha bilen temmi berýänem, öz pikirini aýtmak isläp söze başlanda, onuň sözüni kesip ýa-da gözüni alardyp goýberýän agasam ýok. Bu täsin älemdäkileriň bary ony gowy görýärler, tanaýarlar, ondan özleri bilen gürleşmegi ýylgyryp haýyş edýärler. Ol, olaryň arasynda şeýle bir erkin, şeýle bir şadyýan welin, aýdyp-diýer ýaly däl. Özem bu ajaýyp duýgulary başdan geçirmek üçin oňa diňe gözlerini ýummak ýeterlik. Ol şeýle hem edýär. Ýakyn-ýatlaryndan doly daşky dünýäden halys surnugan wagty, öz otagyna gelip, kitaplaryny daşyna üýşürip, gözjagazlaryny ýumýar...
Ol hemmeleriň okan kitaplaryndaky gahrymanlar ýaly bolmaklaryny isleýär. Dogry, olaryňam hemmesi başda beýle gowy adam däldiler. Ýöne olar günleriň bir güni öz ýalňyşlaryna düşünip, bir-birekden ötünç soraýarlar, söýgi sözlerini aýdýarlar, ýüreklerini dökýärler. Onsoň şol aýdylan esasy sözden soň ählije zat dabara beslenýär. Aglanlar gülüp, hassalar sagalýar. Aýra düşenler bir-birine gowşup, garyplar baýaýar. Onuň özi-de şeýle dabaralara gatnaşyp, lezzet baryny alýar. Özi ýaly çagajyklar bilen baý, kowalaşyp oýnanaýar-a. Ajyksalaram, dürli-dümen naz-nygmatly jadyly saçagyň başyna gonýarlar. Hiç kimem olara «Nädip ýörsüňiz, bezzatlar?» diýip gygyrmaýar. Gaýta, olaryň oýnaýan oýnuna ulularam goşulyp, bolýar bir hezillik!..
Bu hezillikleriň, täsin dabaranyň aňyrsynda öz wagtynda aýdylan sözüň güýji bardy. Sözüň güýji!
...Ol kitabyň özüne ýaraýan şeýle ýerlerini gaýta-gaýta okaýar. Şol sahypalar, beýleki sahypalardan ap-aýratyn. Şol sahypalar oňa ganat bolýarlar. Daşky dünýäden indiki surnugyp geljek wagtyna çenli oňa kuwwat berýärler.
Onuň ýaşaýyş,tebigat baradaky pikirleri-de zol-zol täzelenýär. Ol düýnki eden arzuwyny, bu gün hemmelere täsir edip biljek derejede timarlap, has giňeldýär. Sebäbi, şeýtmese, onuň ýüregi (ýürejigi däl!) çep gursagyna sygman barha ulalýan ýaly ony daljykdyrýar, nämedir bir zatlara howlukdyrýar.
Ol ahyry bir gün özüniň ýyl-ýyldan däl-de, gün-günden ulalýandygyny duýdy. Ahyry duýdy! Şol güni öz ömrüniň iň şanly güni hökmünde belläp goýsa-da boljakdy. Bellemese-de, barybir ýadyndan çykmaz. Ol şol günüň haýsy aýyň näçesidigini anyk ýatlap bilmese-de, onuň bahar paslynyň bir ajaýyp günüdigini hiç haçan unutmaz.
Indi onuň durmuşy düýpgöter üýtgese gerek. Sebäbi, ol öz içki dünýäsi bilen daşky dünýäsiniň beýik sazlaşygynyň alysda hem bolsa özüne gol bulaýandygyny, özüni çagyrýandygyny gördi. Oňa indi şol aralygy päsgelçiliksiz − kalbyny berbat etmän, ýüregini haraplaman geçmek üçin örän ygtybarly köpri gerekdi. Görersiňiz, bir gün onuň aňyna şol köpriniň galamdygy hakyndaky pikir hem geler. Hökman geler. Çünki ol özgeleriňkä meňzemeýän ykbalyny öz eserleriniň üsti bilen ýazmaly ahyry...

© Aýgül GARAÝEWA
Bölümler: Oýlanmalar | Görülen: 122 | Mowzugy paýlaşan: Aýgül_Baýadowa | Teg: Aýgül Garaýewa | Рейтинг: 5.0/2
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 3
avatar
0
1 Pero • 13:43, 31.03.2024
Biz hakyky ýazyjy-şahyrlarda hatda ylmyň hem düşündirip bilmeýän ýokary ahlak derejesini duýýarys. Bu olar üçin ähli zatdan hakykaty aňşyrmaga, ony görmäge kömek edýän ikinji bir görmek ukyby, has dogrusy, olary bolmak isleýän we hökman bolaýmaly ýerlerine äkidip bilýän täsin güýçdir.»

Onore de Balzak

Aýgül,muny okap:"Hawa,hawa,dogry! Menem goşulýan. Wah,ýüregim bol-a Balzak daýy"diýip gygyraýasym geldi,ynanaý!
Yzyny entäk okamok. Okamsoñ pikirimi ýazjakdyryn. Epigrafdan çen tutsañ-a gowy tema ýüzlenilen bolmaly. Häzirlikçe!!!
avatar
0
2 Pero • 10:09, 01.04.2024
Oýlanmañy juda ýakyn kabul etdim. Başymyzdan geçen duýgular,ahwalatlar sebäbi.

Gyzyklandyrýan zat şü: ähli döredijilik adamlary hem özüni bu dünýäde gelmişek,(başga planetaly) ýaly duýýamykalar???
avatar
0
3 aygull • 10:16, 01.04.2024
Öň şeýlemikä diýýädim. Indi diýemok.
avatar

Старая форма входа
Total users: 203