Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

09:14
Daglar güler
DAGLAR GÜLER

Daglar, maňa goýnuňyzdan ýer beriň!
Sygamok men, uç-gyraksyz giň sähra...
Ýazdyraýyn, ýagyrnymda gülberim,
Gujak açyň, enem ýaly giň, mährem.

Daglar, maňa goýnuňyzdan ýer beriň!
Dag şemaly sypalasyn saçlarym!
Goý, gözläpler öňki ýerden tapmasyn,
Meni taşlap giden garlawaçlarym...

Daglar, maňa goýnuňyzdan ýer beriň!
Derdinşeris, senem derdiň aýdarsyň.
Baý, meňzeşlik köpdür ykballarmyzda,
Öňler bir men dertlidirin öýderdim.

Daglar, maňa goýnuňyzdan ýer beriň!
Paý-pyýada ýodalarňy sökeýin.
Goý, bir saňa aýan bolsun seçeläp,
Saçlarym deý gözýaşymy dökenim.

Daglar, maňa goýnuňyzdan ýer beriň!
Dyrmyşaýyn gerişlerňe, zawlarňa.
Uzak garaşmarys ýuka ýürekli,
Gol uzadan perişdäniň aglarna.

Kömeginden ýüz dönderip perişdäň,
Şatlanaýyn, daşlar degen hamyna.
Garlawaçlarym deý taşlap gitmejek,
Güýçden gaçan şol perişdäň halyna...
...Ana, şonda....
...Ana, şonda
meni mäkäm gujaklap,
Daglar güler, daglar güler jak-jaklap...

10.01.2002ý.
Bölümler: Goşgular | Görülen: 67 | Mowzugy paýlaşan: Bagabat | Teg: Laçyn Pürjäýewa | Рейтинг: 5.0/2
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 4
avatar
0
1 Bagabat • 09:45, 03.12.2022
"Meni taşlap giden garlawaçlarym..." diýen setirlerde lirizm güýçli.
"Saçlarym deý gözýaşlarym dökenim" täsirli meňzetme.
avatar
0
2 Bagabat • 09:47, 03.12.2022
Dag üstüne gar ýagar,
Ýagan gara Gün dogar.
Aglaý-aglaý akja gar,
Erär Kuýaş nuruna.
Erän garlar meňzeýär,
Dagyň sessiz zaryna...
 
Neçün dökmüş gözýaşy –
– Ýeriň merdem myhlary?!
Ýa ynjydýarmy daşy,
Künüň otly syhlary?!
Ýa, Dag görse Kuýaşy,
Möwjeýärmi ahlary?!...
avatar
1
3 Medicall • 10:19, 03.12.2022
Baý, meňzeşlik köpdür ykballarmyzda,
Öňler bir men dertlidirin öýderdim.

Hawa, dert diñe özünde bar ýaly käte şeýle bir ejizleýär adam, emma daglaram ýöne ýere dymanokmyşyn..

Gowy goşgy!
avatar
1
4 Мango • 16:04, 03.12.2022
Perişde "aglady".
Gahryman "şatlandy".
Daglar "güldi jak-jaklap".
avatar

Старая форма входа
Total users: 203