Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

11:19
Dogrusy...
DOGRUSY...

Hiç kim özün men deý söýdürip bilmez,
Hiç kim özün men deý eý görýän däldir.
Özüni söýdürip ýalňyşdy Laçyn,
Ýöne seni söýüp ýalňyşan däldir.

Goý, gözeller seniň aýlasyn başyň,
Bu gyzlardan ýaňa sen maňa ýetme.
«Ýok, söýgimi basyp, yhlasym basyp,
gitmez».

Özüme özümden ýakyn tapmamsoň,
Men diňe özüme ynanýan özüm,
Hatda, Günden, ýelden, suwdan goraglap,
Saçlarma-da güller goşupjyk ördüm.

Özüme hiç haçan salamok agram,
Sen hakd-a asylam edemok pikir.
Meniň bar sözüme ynanyp ýörme,
Men hatda özümem edemok pikir.

Ýadadym, kömege mätäç men, ýöne,
Şol kömegi degjek, bagyşla, sen däl.
Ýogsa-da bolgusyz näz nämä gerek?!
Dogrusy, ýanymda sen bolsaň kem däl.

07.07.2001ý.
Bölümler: Goşgular | Görülen: 99 | Mowzugy paýlaşan: Bagabat | Teg: Laçyn Pürjäýewa | Рейтинг: 5.0/3
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 2
avatar
0
1 Medicall • 09:18, 26.03.2023
Baş aýlaýançy goşgy eken, hem aýtjak bolupdyr hem aýtmajak bolupdyr, özüni gowy görýämi, ýa "ony" düşünjek bolup okap bolynçam müň pikir geldi bu sere:))
avatar
0
2 Medicall • 09:22, 26.03.2023
suratam gelşipdir, bir gözi bilen özüne, bir gözi bilen "oña" seredip, bir gözi bilen "ony", bir gözi bilen özüni gowy görýänçidigini aýdyşyp durýançy surat ekeni))
avatar

Старая форма входа
Total users: 203