08:19 Türkmenistanym... | |
TÜRKMENISTANYM... Eý, Dostum, wahy bermeseň, ahy diňläni neteý?! Hümmeti sahy bermeseň, bary müňläni neteý?! Ahyrda hasyl bermeseň, bagy-gülläni neteý?! Ustadyň dagyn bermeseň, sözde sünnäni neteý?! Türkmenistanym bolmasa, ah, pany dünýäni neteý?! Aýdaly, Zemin — ýüregiň, töründe men barmyşam-da, Bar, on sekiz müň perişdäň, kyrk çiltenleň ýarmyşam-da, Älemiň älemi goşan älemgoşar ýazmyşam-da, Bu görýän ýüz-müň gudratmyz, heniz bu-da azmyşam-da, Türkmenistanym bolmasa, ah, pany dünýäni neteý?! Şükür, üşk, akyl-huş, ýat, arzuw-umyt, hyýal berdiň, Şükür, guşuňkydan zyýat, saýrar ýaly zyban berdiň, Şükür, enem-atam ýaly il-günüm mähriban berdiň, Şükür, ilimiň özünden özüne baş — Serdar berdiň, Türkmenistanym bolmasa, ah, pany dünýäni neteý?! Ýaşyl Baýdagym mysaly buýsanjyndan parlar bolup, Ýer ýüzünde meň Watanym dursun mydama bar bolup, Dostum, hemişekiň ýaly, gora sen, Biribar bolup, Garaşsyz, baky Bitarap hem baky Berkarar bolup. Türkmenistanym bolmasa, ah, pany dünýäni neteý?! Ýurduň bu gün gül açmasy, ýalkaw-keremmi sendäki?! Derýa-deňiz, sil deý tereň, ylhamu-nuruň mendäki, Bu ile gurbana taýyn, mübärek demiň tendäki, Dünýe — gözel, Durmuş — datly, Jan diýen şirin, emmaki... Türkmenistanym bolmasa, ah, pany dünýäni neteý?! Arzuwym hasyl bolmasa, Dostum, haçan ölemde nä?! Aşygym alçy gopmasa, Dostum, haçan sülemde nä?! Günümde many bolmasa, aglamda nä, gülemde na?! Il-günüm algyr bolmasa, özüm Laçyn bolamda nä?! Türkmenistanym bolmasa, ah, pany dünýäni neteý?! 25.01. — 09.02.2008ý. | |
|
Ähli teswirler: 1 | |
| |