19:18 Goşgular | |
Goşgular Magtymguly Pyragynyň heýkeline garap Beýikler öz ömrün ýaşamaýarlar, Ony bagş edýändir il-gün derdine. Olar hak sözüni orta atýarlar, Beýle mertlik başartmaýar herkime. Olaryň ýüregi naçara mäherm, Penasyza saýa, mätäje arka. Olaryň gollary yşgyň dänesin, Harpykdan saýlaýan elek deý halka. Olaň gözlerinde perde bolmaýar, Hatda görýär ynsanlaryň kalbyny. Olar adalaty terezä goýup, Ölçeýärler dünýäň çun-u-galbyny. Olar diňe hak ýoluny tutýarlar, Özlerem ýol bolup ornar zemine. Jebr-u-sütem asla erkini almaz, Boýun bolar diňe adyl emine. Olar her ynsanyň derdine ýanyp, Berilen ömürden juda ýaş ötýär. Oňa derek uşbu beýiklermizi, Il-gün kalba salyp baky ýaşadýar. Garaşýanym bar Dünýäm iki, ýaşaýyşym bir meniň, Daş kalbymda ezizlänim dür meniň, Derdin çeksem-de men söýgi sürgüniň, Çyn bagty ykbala saraşýanym bar. Ýarym güllükda diýp garaşýanym bar. Ukuly gözlemde duýgulam dyňzar, Sagdyn bedenimde ýüregim sanjar, Habar tutaňok diýip jaň etsem ynjap, Bir sözi diýmänkäm ýaraşýanym bar. Bir jaňa uzak wagt garaşýanym bar. Aşyga synag bu köne panydan, Iki ýyllap her bir günün sanadan, Gözleň ýaşlap aşyrmagyn hanadan, Bolsa-da bir mensiz ne gyş ýazyň bar, Bir men däl, seniňem garaşýanyň bar. Sensiz günler pyçak sanjýar kalbyma, Daş ýüregim ýan berip dur öwrüme, Ýöne ýylgyr, gam getirme göwnüňe, Seň üçin bagt üçin göreşýäniň bar. Ýarym gullukda diýp garaşýanyň bar. Gorag Perzendine ýamanlyk dilemez ene, Perzendine ýamanlyk dilemez ata. Eger-eger çagasyndan geçmezler, Geçiler müň günä şonçarak hata. Başdan soňa çenli her hili ýaşda. Eginlerne otly köýnek geýipler. Golda baryn edip arman-ýadaman, Perzendin goraýar uşbu beýikler. Emma gyzyňyza gezek gelende, Goralan gözlere çöp gaçar etmäň. Abraýyn, namysyn, erkini goraň, Ýöne goramagyň çäginden ötmäň. Sözüňizden çykmaz şuňa bar diýseň, Emma, kalbyn döwüp soramaň ony. Bilýän, ene-ata çagasyn gorar, Ýöne öz bagtyndan goramaň ony. Yşk soragy Günuzyn ýadaman sekunt deý ýöräp, Otuz, kyrk gradus yssyda eräp. Elýaglygyň bilen ýýüzüňi ýelpäp, Bir eýlä bir beýýlä şemal deý selpäp. Ýa-da durup gazyk kimin kakylyp, Bir gürlände iki gezek sakynyp. Açlygyn duýman ýowuz ýyllaryň, Didaryna garap mährem dilberiň Doýup gördüňizmi?! Kejirligin söýüp, näzini söýüp, Raýyny ýykman pikirine uýup. Gadryna ýetipler bar wagty sylap, Azapda synaman saçlaryn sypap. Ýaňagynda görüp gyzgylt şapagy, Berkemesin duýup söýgi sapagyň. Bagty bile alyp tämiz howadan, Sen juda görmegeý, juda owadan Diýip gördüňizmii?! Mähriňi aýaman mährine ýetip, Tämiz dünýýäsine muhabbet çitip. Sözlerinde duýup dünýýäň gandyny, Gözlerinde görüp yşgyň andyny. Ysyndan hoş bolup behişt günleriň, Yzasyn duýman agyr günleriň. Seni juda joşduranda yşk ýoly, Edil toga çatylan yşyk ýaly Köýüp gördüňizmi?! Söýgi sözler düzüliban ýürekden, Ýary goýman ömürbaky gerekden. Gollaryndan tutup, alnyndan ogşap, Diňe barlyggyna guwanyp ýaşap. Ol-a sen diýýärkä senem ol diýip, Yş senasyn aýdyp bagtym bol diýip. Ol ýürekde hem-de ýadyňyzdaka, Heniz ol gitmänkä ýanyňyzdaka Söýüp gördüňizmi?! Seniň isleýşiň ýaly Ýylgyr gara gözlim, buýra saçly ýar, Bu gün seň isleýşiň ýaly bu älem. Sen bu güne niçe wagtlap garaşdyň, A meni bu güne ýetirdi näler. Tutuş gije gürleşmägge seň bilen, Hemde näzleriňi çekmäge taýyn. Ýüregiň gysyp ýa göresiň gelse, Gije aýaz çille barmaga kaýyl. Teklibiňi diňläp, haýyşyň bitrip, Bir seni diýmäge ömürlik razy. Düşünşmezlik bolsa öňki ýaly däl, Men günäli borun sen adyl kazy. Garaz, köp oýlandym aýdanlaň hakda, Seniň isleeýänleň kän däl ýa kyn. Seniň soranlarryň maňzyna baksam, Hemmesinde bir zat bolmaly ýakyn. Seniň islänleriň bu gün meň meýlim, Bildim, sendden özge sazyma heň ýok. Men seninähili söýýýänligime Indi düşünýärin. A ýöne sen ýok... Ahmet Arazow | |
|
Ähli teswirler: 0 | |